«Arkadagly Gahryman Serdarymyz we täze taryhy eýýam: kuwwatly döwlet, demokratik jemgyýet, ählumumy parahatçylyk we depginli ösüş ýolunyň dowamaty» atly maslahat

2026-njy ýylyň 19-njy martynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyz we täze taryhy eýýam: kuwwatly döwlet, demokratik jemgyýet, ählumumy parahatçylyk we depginli ösüş ýolunyň dowamaty» atly maslahat geçirildi. Ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda açyklyk, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmeginiň 4 ýyllygyna hem-de şu döwürde gazanylan ösüşlere, olaryň ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlandy.

Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň giň eýwanynda ajaýyp senä bagyşlanyp ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergide hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoluny, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri beýan edýän gymmatlyklar, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary çäräni has-da dabaralandyrdy.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyz tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmeginiň dört ýyllygy, Oraza baýramy, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlaglaryny, arzuwlaryny beýan etdiler.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 19-njy martynda bolan wezipä girişmek dabarasynda hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyzyň bildiren uly ynamynyň halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin has-da yhlasly zähmet çekmäge borçly edýändigini belledi. Gysga döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçiren işleriniň netijelerine, ýetilen belent sepgitlere ýurdumyzyň her bir raýaty öz gündelik durmuşynda aýdyň göz ýetirýär. Milli ykdysadyýetimiz durnukly ösýär, durmuş ulgamy kämilleşýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, Watanymyzyň halkara abraýy belende göterilýär. Ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler halkymyzyň giň goldawyna eýe bolýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda: «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir» diýmek bilen, täze döwre gadam basan ýurdumyzda giň gerimli özgertmelere badalga berdi we adamzat ähmiýetli maksatnamalaýyn beýik işleri kesgitledi. Täze döwrüň bedew batly gadamlary Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly dowam etdirilýändigini görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesi hökmünde yglan etdi. Bu ynsanperwer ýörelge Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly ýörelgesiniň dowamy bolup, halkymyzyň kalbyna ornady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň sebitlerinde, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň miweleri çykyşlarda buýsanç bilen nygtaldy. Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap şäherler, şäherçeler, obalar döreýär, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, saglygy goraýyş merkezleri, iri senagat kärhanalary gurulýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz, yhlasly we tutanýerli iş alyp barmakda görkezýän nusgalyk göreldesinden ruhlanýan watandaşlarymyz agzybirlikde, jebislikde döredijilikli zähmet çekýärler, amala aşyrylýan düýpli özgertmelere gönüden-göni dahyllydyklaryny duýup, ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Umuman, çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň: «Biz Türkmenistan atly beýik döwletde, parahat we arassa asmanyň astynda, uzak hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamalydyrys, abadan we gül ýaly durmuşymyza buýsanmalydyrys», «Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!» diýen sözleriniň many-mazmuny buýsançly beýan edildi. Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, mertebeleriniň belent bolmagyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi, şan-şöhratynyň arşa göterilmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwletli tutumlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

Maslahat ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Joşgunly çykyşlarda halkymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ynamly öňe barýandygy, ýurdumyzyň barha gülläp ösýändigi, halk bilen hormatly Prezidentimiziň jebisligi wasp edildi.