GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ «TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» ATLY KITABYNYŇ XIV TOMUNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIV tomunyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň diňe bir milli saglygy goraýyş ulgamynyň binýatlaýyn esaslaryny dünýä derejesine ýetirmek, bu ulgamyň maddy-tehniki üpjünçiligini ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem özüniň binýatlaýyn eserleri bilen lukmançylyk ylmyna ägirt uly goşant goşadygyny, Milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik eseriniň bolsa dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýandygyny buýsançly bellediler.

Dabarada çykyş edenler bu ajaýyp eseriň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň bellenilýän gününde okyjylar köpçüligine gowuşmagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleri we tutuş halkymyz üçin baýramçylyk sowgady bolandygyny belläp geçdiler. Bu neşiriň her bir tomy diňe bir ösümlikler hakda maglumat berýän eser bolman, eýsem ajaýyp türkmen topragynyň gözellikleriniň waspydygyny belläp geçmek gerek. Tebigy baýlyklarymyzyň owadan reňkli fotosuratlary bilen göwnejaý bezelen täze kitap Köpetdagyň, Köýtendagyň dermanlyk ösümliklerine örän baý bolan, çeşme-çaýly jülgelerini, dereleri bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik açylýar.

Gahryman Arkadagymyz milli gymmatlyklarymyzy öwrenmeklige, olaryň şöhratyny dünýä ýaýmaga, şeýle-de baý tebigy mirasymyzyň, türkmenleriň gadymy halk lukmançylygynyň däpleriniň dünýäde ykrar edilmegine örän uly ähmiýet berýär hem-de bu ugurda nusgalyk işleri durmuşa geçirip, möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Munuň şeýledigini Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini göz öňünde tutup, men olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge hut mynasyp diýip hasap edýärin” diýen sözleriniň örän ýerlikli başlangyçlaryny maslahatda edilen çykyşlarda nygtap bellenildi.

Maslahatda çykyş edenler “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň giň gerimlidigine aýdyň göz ýetirmekde Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu düýpli ylmy iş diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine däl, eýsem, dünýä fitoterapiýasynyň kämilleşmeginde hem möhüm ähmiýete eýedigini buýsanç bilen bellediler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň ajaýyp netijelerini, şol sanda saglygy goraýyş pudagyndaky gazanylan üstünlikleri, jemgyýetde sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek, ýaş nesillerimizi sagdyn ruhly, beden taýdan kämil adamlar bolup ýetişmekleri üçin işleri alyp barmakda, hormatly Arkadagly Serdar Prezidentimiziň berýän tabşyryklaryny, öňümizde goýýan wezipeleri durmuş geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan dörän ajaýyp eserleri tutuş halkymyz üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolup durýar. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda neşir edilen täze kitaplaryň häzirki we geljekki nesiller üçin Watanymyzyň şanly taryhyny açyp görkezýän gymmatly miras boljakdygyny çykyş edenler bellediler.

Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!