“Gahryman Arkadagymyzyň parlament diplomatiýasy – hoşniýetlilik, deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgeleriniň belent nusgasy” atly maslahat

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi we ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Gahryman Arkadagymyzyň parlament diplomatiýasy – hoşniýetlilik, deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgeleriniň belent nusgasy” atly maslahat geçirildi.

Maslahat Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasyna ýakynda amala aşyran resmi saparyna bagyşlandy. Hormatly Arkadagly Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda oňyn netijeleri gazanýan ýurda öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň içeri hem daşary syýasatynyň esasy maksady türkmen halky üçin parahatçylykly ösüşi, asuda durmuşy üpjün etmek bolup durýar. Bu maksat hemişelik Bitarap Türkmenistanyň tutýan ýoly hökmünde halkara bileleşiginde giňden ykrar edilýär.

Soňky wagtda türkmen-rus parlamentara gatnaşyklary sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşup, parlament diplomatiýasynyň dürli meseleleri çözmekdäki ähmiýetiniň has-da ýokarlanýandygyny tassyklaýar. Milli Liderimiziň sebitde parlamentara hyzmatdaşlygyny häzirki zamanyň döwletara gatnaşyklarynda täze, has täsirli we netijeli ugur hökmünde kemala getirmekde alyp barýan işleri döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary, ählumumy ösüşiň, abadançylygyň bähbidine sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde uly goldawa eýe bolýar.

Maslahatda çykyş edenler bu taryhy saparyň iki döwletiň parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, ynsanperwer, jemgyýetçilik, medeni ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berjekdigini bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde maksatnamalaýyn çykyş etmegi, Federasiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze mümkinçilikleri döretjekdigine maslahatda çykyş edenler nygtap bellediler. Saparyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gahryman Arkadagymyzy Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy – IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglamagy Milli Liderimiziň iki döwletiň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandynyň ykrarnamasy boldy diýip çykyş edenler uly buýsanç bilen bellediler. Bu sapar iki döwletiň arasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn özara bähbitli dostlukly gatnaşyklaryň örän ýokary derejesiniň nobatdaky subutnamasy boldy.

Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!