“Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň daşary gatnaşyklar strategiýasy: dost-doganlyk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ýoly bilen” atly maslahat

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň daşary gatnaşyklar strategiýasy: dost-doganlyk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ýoly bilen” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibiniň esasy meselesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyz ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, bütin dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň, parlament diplomatiýasynyň ýurdumyzy galkyndyrýan döwrebap özgertmeleriniň, uzak geljegi nazarlanýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň, üstünlikleriniň ähmiýetine, many-mazmunyna bagyşlandy.

Maslahatda çykyş edenler “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalar halkymyzyň şu gününi, şeýle-de geljegini nurlandyrýandygyny buýsanç bilen bellediler. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä döwletleri bilen açyklyga we özara bähbitli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli alyp barýar.

Birleşen Milletler Guramasy hemde onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda halkara gatnaşyklaryň taryhynda nusgalyk tejribe toplanandygyny çykyş edenler aýratyn belläp geçdiler. Türkmenistan halkara gatnaşyklarda ynanyşmak ýörelgesine esaslanýan, ählumumy bähbidi bolan başlangyçlary öňe sürýär. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylykly ösüşini, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny esasy ugur edinýän daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmegini şertlendirýär.

Maslahatda çykyş edenler ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça amala aşyrylan saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Moskwada ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirip, gepleşikleriň dowamynda türkmen-rus parlamentara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylandygyny, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly itergi bolandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.