“Halal zähmet – berekediň gözbaşy” atly dabaraly maslahat

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde guramaklarynda Hasyl toýy mynasybetli “Halal zähmet – berekediň gözbaşy” atly dabaraly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda barha rowaçlanýan, bedew batly ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiziň her bir güni ýatdan çykmajak wakalara baý bolup, altyn harplar bilen taryhyň sahypalaryna ýazylýar diýip çykyşlarda bellenildi. Milli we ruhy gymmatlyklarymyz täze öwüşginlere eýe bolup, türkmeniň gadymy däp-dessurlary bilen bilelikde, halkymyzyň ekerançylyk ýörelgesiniň baý milli tejribesi gaýtadan dikeldilýär maslahatda çykyş edenler belläp geçidiler.         

Edermen gallaçy we pagtaçy daýhanlarymyz döwlet tarapyndan berilýän hemaýat-goldawlardan netijeli peýdalanyp, sahawatly türkmen topragyndan bol hasyl öndürmekde yhlaslaryny gaýgyrman, halal zähmeti bilen täze üstünliklere eýe bolýarlar diýip çykyşlarda beýan etdiler.

Ählihalk tarapyndan, döwlet derejesinde bellenilýän Hasyl toýy agzybir, tutanýerli, zähmetsöýer, işbaşarjaň, işine ussat halkymyzyň baýramy. Hasyl toýunyň aslynda edermen daýhanlarymyzyň, oba hojalyk işgärleriniň alyn derini siňdirip, ýadawsyzlyk bilen arman, ýadaman çeken zähmetiniň netijesi göz öňüňe gelýär diýip uly ruhubelentlik bilen beýan etdiler.

         “Halal zähmet – berekediň gözbaşy” atly dabaraly maslahatyň dowamynda sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirildi. Maslahatyň ahyrynda öňdebaryjy oba hojalykçylara gurnaýjylar tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Giňden bellenilip geçilýän Hasyl toýy obasenagat toplumynyň üstünlikleriniň, azyk bolçulygynyň, asuda, parahat ýaşaýşymyzyň toýlarynyň biri. Hasyl toýy halkymyzda bereket baýramy hökmünde buýsançly duýgy döredýär, kalplarymyza şatlyk paýlaýar. Bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň beýany bolan Hasyl toýunda toý saçaklary giňden ýazylýar, hödür-kerem edilýär. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda toýlaryň toýlara ulaşmagy arzuw edilýär. Oba hojalygynyň öňdebaryjylaryna Şa serpaýlary ýapylýar.