“Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlyk başlangyçlary: parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk ýoly bilen” atly maslahat

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ýurdumyzyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlyk başlangyçlary: parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk ýoly bilen” atly maslahat geçirildi.

Maslahat Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň IX sammitine gatnaşmagyna we parahatçylygy, ynanyşmagy, dost-doganlygy pugtalandyrmaga gönükdirip öňe süren halkara hyzmatdaşlyk başlangyçlarynyň ähmiýetine bagyşlandy.

Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň gün tertibinde garalan meseleler ähli ugurlar boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Guramany mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, sebit we halkara gün tertibi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Häzirki döwürde bu gurama gatnaşýan döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy döwrüň talabyndan gelip çykýan möhüm ädim bolup durýar.  Türkmenistan bu gurama 2021-nji ýylda synçy ýurt derejesinde goşuldy. Bitarap Türkmenistan özüniň halkara hukuk derejesini pugta berjaý etmek bilen, sebitleýin we halkara guramalaryna synçy ýurt hökmünde gatnaşsa-da, hemişe öz ornunda halklaryň, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýar. Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň IX sammitinde eden çykyşynda halkara terrorçylyga, ekstremizme, kiber-biologik jenaýatçylyga garşy netijeli göreşmegi, owgan meselesinde bilelikde iş alyp barmagy, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy we diwersifikasiýa etmegi, senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik, tehnologik kuwwatyny birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.

Şu günki maslahatda çykyş edenler Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň IX sammitinde çykyş etmek bilen Gahryman Arkadagymyz sebit meselelerini çözmekde barha täsirli güýje öwrülýän Türki döwletleriň guramasynyň mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny giňişleýin beýan etdi diýip belläp geçdiler.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň TÜRKSOÝ-yň çäklerinde 2024-nji ýyly türki dünýäde «Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly» hem-de Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky öňe süren teklibiniň türki Döwletleriň Guramasynyň ähli agza döwletleri tarapyndan goldanylmagynyň tutuş halkymyz üçin örän ýakymly waka öwrülendigi bellenilip geçildi.

Bu möhüm halkara çäresiniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türki dünýäniň ýokary ordeni” bilen sylaglanmagy Milli Liderimiziň türki döwletleriň ýakynlaşmagy we gülläp ösmegi ugrunda goşan ägirt uly goşantlaryna berlen ýokary baha bolandygyny maslahatda çykyş edenler bellediler. Türki döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Bu gün gadymy däp-dessurlar täze many-mazmuna eýe bolup, halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!