“Halkyň Arkadagly zamanasy” – ylham berýär ýüreklere” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli yglan edilen “Halkyň Arkadagly zamanasy” – ylham berýär ýüreklere” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady, durmuş-medeni ösüşi babatynda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady , medeni-bilim özgertmeler bilen bir hatarda, halk häkimiýetini berkarar etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň netijeli işlemegini, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulmagyna, adamlaryň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamaklaryna gönükdirilen adyl syýasatynyň düýp many-mazmuny wagyz-nesihat etmekde, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda sözlän taryhy sözünden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň öňünde durýan wezipeler barada giňişleýin durup geçdiler. Maslahatda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatyny ilat arasynda wagyz-nesihat etmek boýunça ýurdumyzyň baýry syýasy guramasy bolan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň geljekde alyp barmaly işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, milli bitewiligimizi pugtalandyrmakda, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, türkmen jemgyýetinde täze demokratik we hukuk dünýägaraýşyny kemala getirmekde, agzybirligi, jebisligi, ylalaşygy berkitmekde, watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine galkyndyrmakda köpçülikleýin jemgyýetçilik birleşikleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem mynasyp paýy bardyr.

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň hem-de “Watan” gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden “Halkyň Arkadagly zamanasy” – ylham berýär ýüreklere” atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolanlary Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň Hormat haty we sowgatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.   

Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadagly Serdar Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!