«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ösüşiň röwşen ýoly» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelikde yglan eden «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ösüşiň röwşen ýoly» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, guramaçylyk toparynyň wekilleri hem-de bäsleşikde ýeňiji bolan döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelikde yglan eden bäsleşigi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly, beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirildi.

Bäsleşigiň maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýetilen şanly sepgitleri şöhlelendirmekden, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda, şol sanda medeniýetde, ylymda, sportda, azyk, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa babatda esasy pudaklary sanly ulgama geçirmek, öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, häzirki zaman kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri, beýik ösüşlere mynasyp goşant goşýan döwürdeşlerimiziň iş-tejribe ýoluny makalalardyr oçerklerde, söhbetdeşliklerde giňişleýin we täsirli beýan etmekden ybarat boldy.

Şeýlelikde, bäsleşik yglan edilen gününden başlap, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna makalalaryň, oçerkleriň, söhbetdeşlikleriň köp sanlysy gelip gowuşdy. Olardan iň gowulary saýlanyp alyndy we bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan taýýarlanan Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň eminler topary tarapyndan ýeňijiler diýlip, şu döredijilik işgärleri yglan edildi:

Baş baýrak:

1Nurýagdy Suwhanow,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory;

2. Gurbanmämmet Ýegenmyradow,

«Biznes reklama» gazetiniň habarçysy.

1-nji orun:

1. Amanbibi Muhammedowa, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti;

2. Hangeldi Gurbangeldiýew,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy;

3. Maýagözel Babaýewa,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

2-nji orun:

1. Agamyrat Baltaýew,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy;

2. Meretguly Tangiýew,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri;

3. Nurnabat Gurbangulyýewa,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.

3-nji orun:

1. Guwanç Mämiýew,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy;

2. Maksatmyrat Çaryýew,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby;

3. Aýlar Atajykowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.