2023-nji – “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly atly dabaraly maslahat

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde “2023-nji – “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly” atly dabaraly maslahat geçirildi.

Berkarar döwletli, bagtyýar, galkynyşly döwürli agzybir halkymyz Milli Liderimiziň parasatly ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Serdar Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda belent geljegine tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, jemgyýetimizi, halkyň durmuşyny hil taýdan has ýokary derejelere ýetirýän ösüş ugurlarynyň her biriniň taryhy ähmiýeti bu günki gün dünýä bileleşiginde giňden ykrar edilýär. Durmuş ugurly, her bir raýatyň bähbitlerine gönükdirilen syýasaty netijesinde ýetilen belent sepgitler diňe bir milli çäkde däl, eýsem halkara derejesinde hem ösüş ýolunyň oňyn tejribesi hasaplanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her güni baý mazmunly taryhy wakalara utgaşýar. Çykyş edenleriň belläp geçişleri ýaly Türkmenistan häzirki döwürde adamzat ýaşaýşy üçin iň oňaýly ýollary, ýokary ideýalary döwletiň hem jemgyýetçilik ösüşiniň iş ýüzündäki hakyky daýanjyna öwürmek ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirilýän we bu ugurda milli derejede öňegidişlik gazanan ýurt hökmünde tanalýar.

Ýurdumyzda her ýyla döwrüň ruhundan, belent joşgunyndan gelip çykýan ähmiýetli şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu däp milli agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyryp, halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň ýürek-arzuwlaryny beýan edip, ýetip gelýän, Täze – 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kabul eden Karary halkymyzda uly buýsanç döretdi.

Maslahatda çykyş edenler tamamlanyp barýan “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ýatda galyjy ýyl bolandygyny aýdyp, bu ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilmegini, şol saýlawlarda hormatly Arkadagly Serdarymyzyň döwlet Baştutanlygyna saýlanmagyny halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, Garaşsyzlyk ýyllarynda geçilen ýollaryň ygtybarlydygyny görkezdi diýip bellediler. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda hormatly Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny döwrüň talaplaryna görä ösdürmekde birnäçe maksatnamalaýyn wezipeleri öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyzyň öňe süren bu möhüm wezipeleriniň netijeli ýerine ýetirilmegine goşant goşmak, bu hakda yzygiderli iş alyp barmak Ýaşlar guramasy bilen bilelikde tutuş jemgyýetiň öňünde durýan belent maksatdyr. Çünki, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaşlar geljegi gurujylardyr. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi – Arkadag şäheri gurlup, onuň birinji tapgyrynyň açylyşyna taýýarlyk görülýär. Golaýda bolsa, Aşgabat şäheriniň günbatarynda döwrebap ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda-da ýaşlarymyzyň ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýoluny dowam etdiriji, kämil, giň dünýägaraýyşly, ata Watanyna wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler dörediler, ýaş maşgalalar üçin uly mümkinçilikler açylar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän maksatnamalaýyn işleri Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir diýip maslahatda çykyş edenler belläp geçdiler.

Geljek ýylyň şygary döwlet Baştutanymyzyň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, şu günki we geljekki nesilleriň rowaç hem-de abadan geljegini üpjün etmek boýunça alyp barýan işlerine ýaşlaryň doly derejede gatnaşyklary, öz mynasyp goşantlaryny goşandyklary üçin örän ähmiýetli borçdugyny maslahatda çykyş edenler belläp geçdiler.

Maslahatyň dowamynda guralan ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyryp, baýramçylyk joşgunyny emele getirdi.

Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadagly Serdar Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!