“ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR: HALKYŇ BUÝSANJY – WATANYŇ YNAMY” ATLY MASLAHAT

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramaklarynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: halkyň buýsanjy – Watanyň ynamy» atly maslahat geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň dürli ulgamlarda zähmet çekýän işjeň agzalary, bilim we döredijilik işgärleri hem-de bagtyýar ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary esasynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlara bildirilen uly ynamdygy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmagy, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmegi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitländigi, bu ugurda ýerine ýetirilmeli anyk işler bolsa 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda tassyklanan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde öz beýanyny tapandygy bellenilip geçildi.

Ähli ugurdaky oňyn özgertmeler, durmuşa geçirilýän maksatnamalar, giň möçberli taslamalar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň häzirki bagtyýar durmuşynyň we röwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan tutumly işleriniň netijesidir. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlemäge, raýat jemgyýetini döretmäge mümkinçilik berýär, ýaşlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny hemmetaraplaýyn goramak üçin zerur şertleri kepillendirýär. Şunda ýaşlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek we bu ugurda degişli ýeňillikleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda: «Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy, nurana ertirlere ynamymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, biz ýetip gelen 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip at berdik. Bu bolsa Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdyr. Biz halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň watansöýüjiligine, zehinine we yhlasyna daýanyp, täze ýylda-da eziz Watanymyzy rowaçlyklaryň ýurduna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris.» diýip belledi. Arkadagly Serdarymyzyň bu ynamly hem ganatly sözleri ýaşlarda geljegiň täze menzillerine, ösüşiň ýokary basgançaklaryna badalga berdi.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ýaşlaryň jemgyýetde özlerini ykrar etdirmekleri ugrunda möhüm döwlet kepillikleriniň döredilmegine, ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine hem-de olary goldamaga gönükdirilýär. Şoňa görä-de, bu günki günde döwür bilen aýakdaş gadam urýan bagtyýar ýaşlar Watanymyzyň gülläp ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwletimiz, halkymyz olara uly ynam bildirýär. Sebäbi bu gün bagtyýar ýaşlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm başlangyçlary öňe sürýärler, ylym-bilim, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garap, olara uly ynam bildirýär, hormatly Prezidentimiziň bu belent ynamyny ödemek her bir ýaş türkmenistanlynyň mukaddes borjudyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyzyň şol ynamdan gözbaş alýan beýik işlere abraý bilen hötde geljekdiklerine şek-şübhe ýokdur diýip uly buýsanç bilen nygtap geçdiler.

Maslahatyň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary tarapyndan Watanymyzy, döwrzmizi we ýylymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar joşgynly ýerine ýetirildi.

Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadagly Serdar Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!