“Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi – döwlet Garaşsyzlygynyň, agzybirliginiň, jebisligiň, döwletliligiň, halk demokratiýasynyň dabaralanmagy” atly maslahat

Şu gün paýtagtymyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi – döwlet Garaşsyzlygynyň, agzybirliginiň, jebisligiň, döwletliligiň, halk demokratiýasynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen şöhratly pederlerimiziň döreden milli däpleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändigini buýsanç bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny – Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, milli parlamenti bir palataly ulgama öwürmek baradaky taryhy başlangyjy halkymyzyň giň goldawyna eýe boldy. Bu başlangyjyň hukuk binýadyny emele getirýän “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” we “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýändigi nygtalyp geçildi.

Şeýle hem çykyş edenler halkymyzyň, hormatly ýaşulularyň Gahryman Arkadagymyzy türkmen halkynyň Milli Lideri diýip kanun esasynda ykrar etmek barada eden teklipleriniň giň goldawa eýe bolandygyny aýratyn nygtadylar. Döwletimiziň demokratik, hukuk esaslarynyň berkidilmegine, adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrmagyna gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan hoşallyklarynyň çägi ýok.   

Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly durmuş ýolunyň, onuň kabul edýän her bir çözgüdiniň, ata Watana, halka belent söýgüsiniň, ýaşuly nesillere bolan çäksiz hormatynyň, halkymyzyň röwşen geljegi hakyndaky bimöçber tagallalarynyň, watansöýüjiliginiň, belent adamkärçiliginiň ýaş nesiller üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň halkymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň daşyna barha berk jebisleşýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu gün agzybir türkmen halky berkarar döwletde, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwlet berkararlygyny, il agzybirligini barha berkidýän, asuda, abadan ýaşaýşymyzy dowamata atarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.