October 2019

SPORTA HÖWESEK ÝAŞLAR

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sporty ösdürmäge uly üns berýär.Ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Diňe bir paýtagtymyzda däl, ýurdumyzyň beýleki şäherdir obalarynda gurulýan sport desgalarynyň sany barha artýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan şol sport desgalarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik işleri ýokary derejede alnyp barylýar.

Turkmen

HALLALYKDA HIKMET BARDYR (durmuş pursatlary)

Ýaşy togsana golaýlap ýören eneme obamyzyň adamlary köplenç Hazynamama diýip ýüzlenerdiler. Ýogsa, onuň hakyky ady Meretbikedi. Eneme Hazyna mama diýip ýüzlenilmeginiň sebäbi bolsa onuň daş-töweregindäkilere berýän ýagşy öwüt-ündewleriniň, maslahatlarynyň, edep-terbiýä, halallyga ýugrulan gyzykly gürrüňleriniň köplügi üçindi. Şonuň üçinem, onuň töweregi hemişe köp adamlydy.

Turkmen

Golaýda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 4-nji sport mekdebinde agyr atletika boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi.

GYZGALAŇLY DOWAM EDÝÄR

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň işgärleri we işjeň partiýa agzalary hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatyndan ugur alyp daýhanlarymyzyň arasynda aýdym-sazly dabaralary, oba hojalygynda halal zähmet çekýän raýatlarymyz bilen wagyz-nesihat çäreleri ýygy-ýygydan geçirip durýarlar.

Turkmen

TÄSIRLI DUŞUŞYK

Mälim bolşy ýaly, Mary welaýat häkimligi tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işleriň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek, gelýän teklipleri öwrenmek we umumylaşdyrmak boýunça topar döredildi.

Turkmen

GURAMAÇYLYKLY IŞLER

Serdar etrabynyň Janahyr oba medeniýet öýünde etrabyň ýaşaýjylary üçin «Maşgalam baş galam» atly şygar astynda wagyz-nesihat, düşündiriş çäresi geçirildi. 

Turkmen

IŞJEŇLER IL ARASYNDA

TDP-niň Kaka etrap komitetiniň guramagynda etrabyň «Serdar» pamyk egriji fabriginde, Duşak şäherçe hem-de Mäne, Çäçe, Şükür bagşy oba geňeşliklerinde we etrabyň Medeniýet öýünde geçirilen işjeň maslahatlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň gülläp ösüşleri baradaky taryhy çykyşyndan ruhlanyp, buýsançly gürrüňler edildi. 

Turkmen

MAKSATLARYMYZ HASYL BOLDY

Şu ýyl Görogly etrabynyň edermen daýhanlary döwlete pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ilkinjileriň hatarynda berjaý etdiler.

Turkmen

Düýn ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde gurama gynda «Arkadag Prezidentimiziň parahatçylyk we ynanyşmak başlangyçlary üstünliklere beslenýär» atly maslahat geçirildi. 

“Arkadag Prezidentimiziň parahatçylyk we ynanyşmak başlangyçlary üstünliklere beslenýär” atly maslahat

Turkmen

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy has-da artýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Turkmen

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda gepleşikler geçirildi. Belent mertebeli myhman düýn ýurdumyza resmi sapar bilen geldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII Sammitine gatnaşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde geçirilýän Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

“Türkmen-ýapon gatnaşyklary täze ösüşlere badalga” atly maslahat

Turkmen

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Döwlet adam üçindir!”diýen esasy ýörelgesine berk eýerilip alyp barýan dünýä nusgalyk ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat, durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary tamamlandy

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 21 — 23-nji oktýabrda Ýaponiýa bolan iş sapary iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda netijeli ädim boldy, muňa saparyň baý mazmunly, öz içine möhüm duşuşyklary alýan maksatnamasy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

DABARALY MASLAHATLAR

Häzirki günlerde Babadaýhan etrabyndaky orta mekdeplerde hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. 

Turkmen

GARAŞSYZ DÖWLETDE, ERKANA ÝURTDA

Ajaýyp zamanaň eşretin görýäs,

Garaşsyz döwletde, erkana ýurtda.

Bir-birinden belent binalar gurýas,

Garaşsyz döwletde, erkana ýurtda.

Turkmen

BEHIŞDI BEDEWLERIMIZIŇ WASPY

Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň bedew ata söýgi döretmekde ähmiýeti diýseň uludyr. Hormatly Prezidentimiziň bu eserinde türkmen halkynyň watançylygynyň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde ahalteke bedewleriniň uly orny açylyp görkezilýär. 

Turkmen

EZIZ DIÝAR, ENE TOPRAK – GUWANJYM HEM BUÝSANJYM

Bu gün hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly özgertmeler syýasatynyň dabaralanmagy, öňde goýýan giň gerimli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzyň ähli künjegi döwrebap ruhda sazlaşykly ösýär. 

Turkmen

RUHUBELENTLIGE BESLENDI

Ýakynda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň Medeniýet öýünde dabaraly çäre geçirildi. Wekilbazar etrap häkimliginiň, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda geçirilen dabara lukmanlar, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Turkmen

BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Golaýda «Şahyry şat eýleýän şygyrlar» at bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Turkmen

ÖWÜT-ÜNDEW EDILDI

Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirligi, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň polisiýa bölümi, TDP-niň etrap komiteti tarapyndan geçirilen wagyz -nesihat maslahaty işjeň häsiýete eýe boldy.

Turkmen

BUÝSANDYRYJY WAKA

Geçen hepdede Gumdag şäherindäki  5-nji orta mekdepde şäheriň edara kärhanalarynyň we guramalarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda dabaraly maslahat geçirildi.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň şu güni dürli möhüm wakalara baý boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň käbir meselelerine garaldy.

MILLI GYMMATLYGYMYZA SARPA

Taryhy gymmatlyklarymyz, Watanymyzyň gülläp ösüşi, şöhratly taryhymyz baradaky çykyşlarynda, türkmen halysy, ahalteke bedewi, ýaly halkymyzy dünýä tanadýan gymmatlyklarymyz barada aýratyn durup geçýän Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň gadymy Ýüpek ýolunda tutan orny, taryhda ýetmişden gowrak döwlet döredendigi, beýleki halklar bilen gatnaşygy we kitaplarynda nygtalyşy ýaly, Diýarymyzyň dünýädäki syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar, ylmy-tehnologik we maglumatlar ulgamyna işjeň gatnaşýandygyny belläp, halkymyzyň gadymy hem müdimi medeniýetini dünýä ýaýmagy özüne baş ýörelge edinýär.

Turkmen

PAGTAÇYLARYŇ ARMASY ÝETIRILDI

Ýakynda Garagum etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginde TDP-niň Garagum etrap komitetiniň etrap häkimligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.

Turkmen

IŞJEŇLERIŇ DUŞUŞYGY

Sarahs etrabynyň «Alam» geňeşliginde TDP-niň etrap komiteti ýerli ilkinji partiýa guramalary bilen bilelikde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak maksady bilen duşuşyk geçirdi. 

Turkmen

WAGYZ EDILÝÄR

TDP-niň Etrek etrap komiteti ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinden gelip çykýan wezipeleri hem-de Gahryman Arkadagymyzyň kabul eden çözgütleriniň ähmiýetini halka düşündirmekde, il arasynda wagyz-nesihat etmekde maksatnamalaýyn işleri alyp barýar.

Turkmen

BAGT BAGYNYŇ MIWESI

Ýurdumyz saýlap alan döredijilik, ynsanperwerlik we giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ägirt uly özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylýan ýeri bolan gadymy türkmen topragy gözümiziň alnynda täze keşbe girýär. Ata Watanymyzda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ähli ulgamlaryny öz içine alýan maksatnamalaýyn özgertmeler barha giň gerime eýe bolýar. Taryh üçin gysga döwrüň içinde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asyrlara barabar işler bitirildi.

Turkmen

Geçen hepdäniň esasy wakalarynyň biri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky gezek geçirilen mejlisi boldy. Mejlisiň barşynda GDA agza döwletler bilen dowam edýän hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykarmak bilen baglanyşykly meselelere garalyp, degişli resminamalar kabul edildi.

«Halal zähmet – baky döwlet» atly wagyz-nesihat duşuşygy

Turkmen

Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ugurlar boýunça batly gadamlar bilen ösýän abadan hem kuwwatly ýurdumyzda Milli maksatnamalarymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär, agzybir hem jebis  halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň  ýokarlanmagy yzygiderli  üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçe ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

“Türkmenistan - GDA: netijeli hyzmatdaşlygyň täze ugurlary” atly maslahat

Turkmen

Hormatly Prezidentimiziň  öňdengörüjilikli parasatly baştutanlygynda bu gün ata Watanymyz tutuş dünýäde ylalaşdyryjy döwlet, parahatçylygyň we asudalygyň, agzybirligiň we jebisligiň höküm sürýän ýurdy – çalt depginde özgerýän hem-de ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde giňden tanalýar. Gahman Arkadygymyzyň beýik başlangyçlary bilen Ýer ýüzüniň ähli ynsanlarynyň ykbalyna dahylly köpugurly işler, uly taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär we halkymyzyň abadançylyk, dostluk, parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri giňden dabaralanýar.

Türkmenistan döwletimiziň dünýä bileleşiginiň öňünde, tutuş adamzadyň öňünde ýüze çykýan meseleler boýunça sebit derejesinde hem, yklym derejesinde hem, dünýä derejesinde hem parahatçylygy ündeýän ýurt hökmünde ýer ýüzünde giňden tanalýar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama

Turkmen

Biz, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (mundan beýläk — GDA, Arkalaşyk) gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary Arkalaşygyň we GDA gatnaşyjy döwletleriň her biriniň ykdysady bähbitleriniň durmuşa geçirilmegine,

GDA-nyň çäklerinde hem-de beýleki döwletler we halkara guramalar bilen yklym we yklymara derejelerde ykdysady aragatnaşyklaryň ösüşini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň netijeli gurluşlaryny döretmäge uly ähmiýet berip,

Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Turkmen

Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi. 

HALK BÄHBITLI ÇÖZGÜTLER

Ýakynda Ýolöten etrabyndaky Medeniýet öýünde TDP-niň Ýolöten etrap komiteti etrabyň jemgyýetçilik guramalary we etrap häkimligi bilen bilelikde dabaraly maslahat geçirdi.

Turkmen

TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Golaýda Lebap welaýat häkimliginde welaýat häkimliginiň, TDP-niň welaýat komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze çapdan çykan «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Turkmen

ÖŇDE TÄZE WEZIPELER

TDP-niň Tejen şäher komitetiniň şäheriň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçiren ýygnagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan täze wezipelerini berjaý etmegiň meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Turkmen

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE

Golaýda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet merkezinde «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyna bagyşlanyp aýdym-sazly çäre geçirildi. 

Turkmen

WEPALYLYGYŇ NUSGASY

TDP-niň Esenguly etrap komitetiniň geçen hepdede geçiren maslahaty okyjylary hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby bilen tanyşdyrmaga bagyşlandy.

Turkmen

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda halk häkimiýetini ýaýbaňlandyrmak, halkyň döwleti dolandyrmagyna gatnaşmagyny üpjün etmek üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň baý tejribelerini peýdalanmak, ýaşuly neslimize sala salmak, halk bilen maslahat etmek ýaly däplere eýerýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy jemlerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça maslahatlar, duşuşyklar giňden ýaýbaňlandyrylýar. 

KONSTITUSION TOPARYŇ MEJLISI: aýdyň çelgiler, wajyp wezipeler

Taryhdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ähli döwürlerde-de il-ýurt bähbitli, döwletli işleriň başyny başlanda ýaşululara sala salyp geňeş edipdir. 

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden we Konstitusion toparyň birinji mejlisinden

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemleri, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi, täze ýyla çenli galan döwürde öňde duran wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe pudaklary ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hem-de senagat we kommunikasiýa ministri T.Dürhanowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Öňňin Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi we Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri: anyk wezipeler, aýdyň maksatlar» atly maslahat geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň käbir agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

WEZIPELER — ANYK, MAKSATLAR — AÝDYŇ

Düýn ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri: anyk wezipeler, aýdyň maksatlar» atly maslahat geçirildi.

Turkmen

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli “Hormatly ýaşulularymyz ýaşlar üçin görelde mekdebidir” atly baýramçylyk duşuşygy

Turkmen

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli “Hormatly ýaşulularymyz ýaşlar üçin görelde mekdebidir” atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem döwletiň içeri syýasatynyň wajyp wezipeleri bilen baglanyşykly hem-de birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça tabşyryklar berdi

Turkmen

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde Aşgabadyň merkezi boýunça pyýada gezelenç edip, onuň abadançylygyna hem-de bagy-bossanlyga öwrülmegine üns berdi.