December 2019

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde hormatly Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2020-nji ýylyň “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň hem-de dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz ak behişdi Ak ýol bedewinde mähriban halkymyza Täze ýylda ak ýollara rowanalygy arzuw etdi

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün säher bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň türgenleşik işleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyldaky iň soňky, Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.

BAÝRAMÇYLYK JOŞGUNY

Ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Täze ýyl baý ramçylygy mynasybetli TDP-niň Kerki etrap komitetiniň etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda «Arzuw» toý mekanynda geçirilen çäräniň şatlyk-şowhuny alyslara ýaň saldy. «Täze ýylym rysgal döwlet getirsin, ýeňişlere, toý baýrama ýetirsin!» atly baýramçylyk çäresinde ýaňlanan aýdym sazlar ýygnananlaryň ruhuny göterip, baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.

Turkmen

ÝÜREGE ÝAKYN ESERLER

Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň Syýasy jemgyýetçilik edebiýatlar bölüminde kitaphana işgärleri hem-de kitaphana bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýan okyjylar köpçüliginiň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplary esasynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi.

Turkmen

ŞOWHUNLY DABARA

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde şowhunly baý ramçylyk dabaralary guralyp, Täze ýyl baýramy ýatdan çykmajak waka hökmünde ýokary ruhubelentlikde garşylanýar. Şeýle çäreleriň biri golaýda TDP-niň Serdar şäher komiteti tarapyndan şäheriň «Aýsenem» toý mekanynda geçirildi we oňa ýerli edara-kärhanalaryň işgärleri, ýaşulular we işjeň partiýa agzalary gatnaşdylar.

Turkmen

BAGTYÝAR KÖRPELERIŇ BUÝSANJY

TDP-niň Ak bugdaý etrap komiteti beýleki ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Änew şäheriniň Magtymguly seýilgähinde ýerleşen etrabymyzyň baş arçasynyň ýanynda körpe nesiller üçin aýdym sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Täze ýyl çäresine Aýazbabanyň we Garpamygyň gatnaşmagy, çagalara toý sowgatlarynyň gowşurylmagy körpeleriň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. 

Turkmen

MASLAHAT GEÇIRILDI

TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň guramagynda etrapdaky 37-nji orta mekdepde geçirilen maslahatda milli kanunçylygymyzyň ösüşi, berkarar döwletimizde halkymyzyň eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýandygy, ata Watanymyzyň belent sepgitleri eýeläp, bedew bady bilen öňe barýandygy buýsanç bilen bellenilip geçildi.

Turkmen

MYNASYP ZÄHMET ÇEKERIS

Döwletli döwranly zamanyň goýnunda, bu gadymy hem mukaddes Watanda bagty boýlap, ak ertirimize ynamly barýarys. Her günümiz toý baýrama beslenip, şan şöhratly sepgitlere ýetýäris. Bu ajaýyplyklaryň gözbaşynda bolsa il halkyny söýýän ýurduny ösdürmek üçin gije-gündiz tagalla edýän hak Howandarymyz — hormatly Prezidentimiz dur. Eziz Arkadagymyzyň pähim parasada eýlenen syýasaty nesilleriň röwşen geljeginiň, il günüň şu günki bagtyýar durmuşynyň aladasyna ýugrulyp, bize ak ýol görkezýär.

Turkmen

KONSTITUSION ÖZGERTMELER — DÖWRÜŇ TALABY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň her bir pudagy uly ösüşlere eýe bolýar. Şeýle ösüşleriň, özgertmeleriň netijesinde ata Watanymyzyň at-owazasy belende göterilýär. Güýz paslynyň ilkinji günlerinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ýurdumyzyň taryhyna şan berýän wakalaryň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.

Turkmen

DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HUKUK KEPILI

rkmenistan demokratik, hukuk, dünýewi döwlet bolmak bilen, öz ösüşiniň ähli tapgyrlaryny kanunçylyk taýdan berkitmegi jemgyýeti kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde öňe sürýär. Depginli hem-de giň gerimli ösüşleri, düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda döwletimiziň wekilçilikli edaralarynyň hem orny uludyr. Çünki halk köpçüligi bilen döwletiň arasyndaky sazlaşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda wekilçilikli edaralara köp zat bagly bolup durýar.

Turkmen

BEREKETLI TOÝ SAÇAGYNYŇ BAŞYNDA

Bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň her bir ýyly ata Watanymyzy şan-şöhrata besläp, taryh gatlaryna ýazylýar. Şeýle bolansoň, täze, 2020-nji ýylyň hem uly üstünliklere beslenjekdigine bolan ynamyň, buýsanjyň artýar. Muňa şu günler geçirilýän çärelerde has aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Turkmen

MAKSADA OKGUNLY IŞLER ALNYP BARYLÝAR

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny, öňe sürýän giň möçberli özgertmelerini, başlangyçlaryny, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşini wagyz-nesihat edýän, düşündiriş işlerini alyp barýan syýasy guramadyr. 

Turkmen

IŞIMIZIŇ NETIJELERINI GÖRÝÄRIS

Ýurdumyzda bolup geçýän özgerişlikler, ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, medeni durmuş ulgamlarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ilatyň hal-ýagdaýynyň barha ýokary derejelere çykarylmagyna şert döredýär. Şeýle öňegidişlikleri ilatyň arasynda wagyz etmek, düşündirmek bolsa syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň paýyna düşýär. Biz hem bu il-ýurt bähbitli işlerden çetde durmaýarys.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

HOŞALLYK SÖZLERI BELENTDEN ÝAŇLANDY

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat, Türkmenabat şäher komitetleriniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda, işjeň partiýa agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäheriniň «Arzuw» toý mekanynda geçirilen «Ýurdumyz gül açýar, jennete dönýär» atly çaý başyndaky aýdym-sazly dabarada belent heňde ýerine ýetirilen hoş owazly aýdymlar Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri bilen utgaşyp gitdi.

Turkmen

PAÝHAS ÄLEMINIŇ AÇARY

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Boldumsaz etrap komiteti, etrabyň merkezi kitaphanasynyň işgärleri, TDP-niň wagyz-nesihatçylar toparynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köp sanly kitapsöýüjiler bilen «Kitaphana güni» yzygiderli geçirilip gelinýär. 

Turkmen

DÖWRÜŇ TALABYNDAN UGUR ALYP

TDP-niň Serhetabat etrap komiteti etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Serhetabat etrabynyň Medeniýet öýünde wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Maslahata hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, lukmanlar, mugallymlar we terbiýeçiler, şeýle hem, ýaşuly nesliň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Turkmen

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde hem-de Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň mejlislerinde sözlän taryhy sözlerinden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň öňünde durýan wezipeler baradaky meseleler girizildi.

ROWAÇLYGA BESLENEN ÝYL

Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda gazanylan beýik ösüşlere, durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli belent maksatly işlere ser salanyňda, ýürekler buýsanýar, göwünler galkynyp, dünýäňe bagtyýarlyk çaýylýar. 

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki wajyp meselelere garaldy.

TÄZELENIŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli paýhasy, tutumly başlangyçlary bilen bilim ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy bilim, başlangyç, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň hili ýokarlandyrylýar. Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk döwrebap bilim almaklary olaryň geljekde ökde, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýardam berýär. Ýaşlarymyz hem öz gezeginde saýlap alan kärlerinde mynasyp zähmet çekýärler, halkara bäsleşiklerine gatnaşyp üstünlikli çykyş edýärler, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine öz goşantlaryny goşýarlar.

Turkmen

ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYK

Turkmen

Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Jenap Sýan Hunşanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary bilen geldiler.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde iki dostlukly döwletiň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň Maslahaty

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň agzalary, welaýat, şäher, etrap komitetleriniň başlyklary we jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

PARAHATÇYLYGYŇ WE AGZYBIRLIGIŇ KEPILI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýäniň geosyýasy giňişliginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň orny barha pugtalanýar, abraý-mertebesi beýgelýär. Milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer, parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly hormata eýe bolýar. Çünki oýlanyşykly alnyp barylýan döwlet syýasaty parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

PARAHATÇYLYGA WE YNANYŞMAGA TARAP ÝOL

Türkmenistan Watanymyz Garaşsyz döwlet hökmünde öz ösüşiniň beýik döwrüne gadam basany bäri, geçen 28 ýylyň dowamynda halkymyz ägirt uly özgerişleriň şaýady boldy. Jemgyýetimiziň esasy döwlet gurluşy bilen birlikde, adamlaryň jemgyýetçilik-durmuş gatnaşyklary, aň-düşünjeleri, dünýä ösüşine garaýyşlary has giňedi, çuňlaşdy.

Turkmen

BAGTYÝARLYGYŇ KEPILI

12-nji dekabr — türkmen halkynyň bagtyýarlygyny, döwletliligini, jebisligini halkara derejesinde kepillendirýän hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen mukaddes gün bolup kalplarymyza ornady. 

Turkmen

BITARAPDYR ÝURDUMYZ, AÝDYŇ BARÝAN ÝOLUMYZ

Öňňin Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, ýurdumyzyň Bilim ministrligi hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen bilelikde guramagynda maslahat geçirildi.

Turkmen

TOÝ TOÝLAÝAR DIÝARYM

Bagtyýarlyk zamanamyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 24 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň Mary welaýatynyň hem ähli künjeklerini gurşap aldy. 

Turkmen

WATAN BUÝSANJY

Golaýda TDP-niň Serdar etrap komiteti «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli işjeň maslahat geçirdi.

Turkmen

ŞOWHUNLY GEÇEN DABARA

Toýlary toýa ulaşýan eziz ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 24 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçilýär. 

Turkmen

BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANDY

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Köýtendag etrap komiteti maslahat geçirdi.

Turkmen

HALKYMYZYŇ GOLDAWY

TDP-niň Bäherden etrap komiteti döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edaralarynyň düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, milli Parlamentiň işini jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki talaplaryna laýyk getirmek, jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryny tapgyrma-tapgyr ösdürmegi üpjün etmek, şeýle hem, döwlet-hukuk edaralarynyň işini baýlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny üýtgetmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli döwlet häkimiýet edarasyny iki palataly edara öwürmek baradaky tekliplerini goldap, bu ugurda degişli çäreleri guramaçylykly geçirýär. 

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, dürli maksatly iri desgalaryň birnäçesinde gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.

“Arkadag Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan parahatçylykly ösüş, ylalaşykly ýaşaýyş, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýoly” atly maslahat

Turkmen

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda dünýäniň geosyýasy giňişliginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň orny barha pugtalanýar, abraý-mertebesi beýgelýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer, parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly hormata eýe bolýar. Çünki oýlanyşykly alnyp barylýan döwlet syýasaty parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

ÖZGERTMELER – ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Hormatly prezidentimiziň badalga bermegi, hemmetaraplaýyn goldamagy bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler Türkmenistanyň häzirkizaman ösüşini täze, ozal görlüp-eşidilmedik derejelere ýetirýär. Olar il-ýurduň taryhy ykbalynyň altyn senenamasyna ýazylyp, şu günümizden, geljegimizden söz açýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçen çarşenbe güni geçirilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisinde hem ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik.

Turkmen

HEMIŞE HALKYŇ ARASYNDA

Ösüşiň şaýoly bilen ynamly öňe barýan abadan ýurdumyzyň, eşretli eýýamly, döwletli-döwranly halkymyzyň her bir güni rowaçlyklara hem üstünliklere beslenýär. Bu gün güneşli ülkämiziň ähli ulgamlary we pudaklary taryhy ähmiýetli uly özgerişlikleri başdan geçirýär. Ykdysady ösüşleriň netijeleri bolsa medeni-durmuş ulgamyny ösdürmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilýär.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň, şeýle hem aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.

MILLI MIRASYMYZA SARPA

Bitarap Watanymyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly taryhy-medeni özgertmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleri Äleme äşgär edýär.

Turkmen

DIÝARYMYZYŇ AÝDYŇ ERTIRINI NAZARLAP

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, senagatyň täze ugurlaryny döretmäge uly üns berýär.

Turkmen

RUHUBELENTLIGE BESLENDI

Ýakynda Mary şäher häkimliginiň, TDP-niň Mary şäher komitetiniň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary şäher komitetiniň guramagynda Mary şäher häkimliginde maslahat geçirildi. 

Turkmen

BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI

Ýakynda Hojambaz etrabynda Halaç we Hojambaz etrap häkimlikleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp çäre geçirildi. 

Turkmen

HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI

TDP-niň Etrek etrap komitetiniň etrabyň Akýaýla obasyndaky 2-nji orta mekdepde, etrap bilim bölüminde geçiren wagyz nesihat çäreleri, Madaw obasyndaky sport mekdebinde guran woleýbol we ýeňil atletika boýunça bäsleşikleri Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy.

Turkmen

ŞANLY SENÄ BAGYŞLANDY

Boldumsaz etrap häkimliginiň Türkmenistanyň Demokratik partiýa synyň etrap komitetiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň «Ýagty ýyldyz» toý mekanynda «Hemişelik Bitaraplyk Garaşsyz döwletimiziň baş sütüniniň biridir» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Turkmen

ATA-BABALARYMYZYŇ ÝÖRELGESI

Gahryman Arkadagymyz «Döwlet syýasatynda, wagyz etmek işinde we ýaşlary terbiýelemekde ilkinji nobatda ruhy mirasymyzy mysal hökmünde öňe sürmelidiris.

Turkmen

BITARAPDYR ÝURDUMYZ, BAGTYÝARDYR ILIMIZ

Bitarapdyr ýurdumyz, bagtyýardyr ilimiz Halkara Bitaraplyk gününiň baýramçylygynyň öň ýanyndaky şatlykly günlerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen derejäniň berilmegi halkymyzy begendirdi hem buýsandyrdy. 

Turkmen

Duşenbe güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna bolan iş saparyna bagyşlanyp «Hormatly Arkadag Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna sapary — hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýoly bilen» atly maslahat geçirildi. 

KONSTITUSION ÖZGERTMELER – ABADAN GELJEGIŇ KEPILI

Hormatly Prezidentimiz Watana, halka hyzmat etmegiň, döredijilikli zähmet çekmegiň we döretmegiň iň gowy nusgasyny görkezýär. 

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan Halk Maslahatynda degişli çözgüt esasynda döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

SÖZÜŇ GÜÝJI-ANYK MYSALLARDA

Bolup geçýän ýurt ähmiýetli wakalar biziň guramamyzyň işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Sebäbi olara wagtynda seslenmek, olaryň ähmiýetini arasynda düşündirmek, wagyz etmek biziň guramamyzyň tertipnamalaýyn wezipeleriniň bir bölegi bolup durýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.