Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň mundan beýläkde rowaçlanmagyna, berkemegine, taryhy binýat esasynda gurulýan Türkmen döwletiniň syýasy, ykdysady taýdan hasda ösmegine önjeýli goşant goşmak, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmak, mukaddes topragymyza guwanmak, halkymyzyň medeni mirasyny, ruhy ahlak ýörelgelerini giňişleýin wagyz-nesihat etmek, halkara abraýymyzyň nyşany bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy köklerini açyp görkezmek, ähmiýetini, many-mazmunyny halk köpçüligine ýetirmek, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda gazanylan taryhy özgertmeleri wasp etmek we dünýä ýaýmak, şeýlede, 2020-nji, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň hem-de «Galkynyş» gazetiniň we «Wozroždeniýe» žurnalynyň redaksiýasynyň 2020-nji ýylyň 8-nji ýanwaryndaky bilelikdäki mejlisiniň karary bilen okyjylaryň arasynda «Parahatlyk — ýürek baýdagy, Türkmenistan — Bitaraplyk mekany» atly makalalaryň, oçerkleriň, hekaýalaryň, goşgularyň döredijilik bäsleşigi yglan edildi.