February 2020

Hormatly Prezidentimiz Maryda sadaka berdi we Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde — Gurbanguly hajy metjidinde berlen sadaka gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

GURAMAÇYLYKLY BARÝAR

Ähli ýerde bolşy ýaly, TDP-niň Saýat etrap komitetiniň ilkinji guramalarynda hem hasabat-saýlaw ýygnaklary guramaçylykly geçirilýär. Ilkinji guramanyň işlerine baha berlip, goýberilen säwlikleri düzetmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar. 

Turkmen

RUHUBELENTLIKDE GEÇÝÄR

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramalarynda dowam edýän möhüm çärä TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň ilkinji guramalarynda taýýarlykly gelindi. 

Turkmen

ÖŇDE — MÖHÜM WEZIPELER

TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň ilkinji guramalarynda hem şu günler hasabat-saýlaw ýygnaklary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. 

Turkmen

ÝYGNAKLAR GEÇIRILÝÄR

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny ýokary götermek boýunça milli özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen möhüm wezipelerden ugur alynýar. 

Turkmen

IŞJEŇLIK ARTÝAR

Etrabymyzyň ilkinji partiýa guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary dowam edýär. 

Turkmen

BUÝSANJYMYZY ARTDYRDY

Ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Ägirt uly özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylan ýeri bolan gadymy türkmen topragy gözümiziň alnynda täze keşbe girýär. Ata Watanymyzda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ähli ulgamlaryny öz içine alýan maksatnamalaýyn özgertmeler barha giň gerime eýe bolýar. Ýurt Baştutanymyzyň halkymyzyň milli gymmatlyklaryny göz öňünde tutup, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmakda alyp barýan tutumly işleri, belent maksatly özgertmeleri her birimiziň geljege bolan ynamymyzy has-da artdyrýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlar syýasaty boýunça maslahat geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak maksady bilen maslahat geçirdi.

Milli Liderimiz Türkmenistana ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça maslahat geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy P.Agamyradowyň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

I. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý. № 3, 131-nji madda; 2017 ý., № 4, 130-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi hem-de öňde boljak şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek arkaly iki palataly kanun çykaryjy ulgama geçilmegi ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna işjeň girişýän, bazar ykdysadyýetini düýpli özleşdirýän döwründe döwletimiziň demokratik, hukuk we ynsanperwerlik esasyny mundan beýläk hem pugtalandyrmakda, raýat jemgyýetiniň edaralaryny kemala getirmekde, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni öňe süren milli Liderimiziň durmuş goragly syýasatyny amala aşyrmakda aýratyn ähmiýetli bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda gurlan metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

TÄZE ÜSTÜNLIKLERE TARAP

2020-nji, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli TDP-niň Farap etrap komiteti etrabyň 9-njy orta mekdebinde ilkinji partiýa guramalarynyň işjeňleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirdi.

Turkmen

IŞJEŇ HÄSIÝETDE GEÇDI

Ýakynda TDP-niň Baýramaly şäher komitetiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde maslahat geçirildi. 

Turkmen

KÄMIL KANUN — BERK BINÝAT

TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň ilkinji guramalary häzirki günlerde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly düşündiriş we wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. 

Turkmen

BELENT MAKSATLY IŞLER

Şeýle at bilen Sarahs etrap häkimliginde TDP-niň etrap komitetiniň guramagynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp maslahat geçirildi.

Turkmen

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň medeniýet öýünde jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp mekdep okuwçylarynyň arasynda surat çekmek, aýdym aýtmak we milli saz gurallaryny çalmak boýunça bäsleşik geçirildi.

Turkmen

BEÝIK ÖZGERTMELERIŇ ÝOLUNDA

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 29-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirmegi ýylyň möhüm wakalarynyň biri bolup, onda döwlet Baştutanymyzyň eden taryhy çykyşy halkymyzda hoşallyk duýgularyny has-da artdyrdy.

Turkmen

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda «Hormatly Prezidentimiziň demokratik başlangyçlary — depginli ösüşi üpjün etmekde möhüm ädimler» atly maslahat geçirildi.

ŞA SERPAÝYNYŇ EÝESI

Yzgant şäherçesinde 2019-njy ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Gökdepe etrabyna mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy uly ruhubelentlige beslendi.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiziň beýik maksatlary halkymyzyň jebisliginiň özenidir

Turkmen

Fewral Watanymyzyň iň täze taryhynda aýlaryň seresidir. 2007-nji ýylyň fewralynda halkymyz giň bäsdeşlik esasynda geçirilen ählihalk demokratik saýlawlarynyň barşynda täze pikir-garaýyşly syýasatçyny — Gurbanguly Berdimuhamedowy iň ýokary döwlet wezipesine saýlady.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine döwlet durmuşynyň we paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy baradaky meseleler girizildi.

Öňňin, 15-nji fewralda Erkin döredijilik mekanynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary kazyýetiň, Baş prokuraturanyň, Adalat ministrliginiň, şeýle-de syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Konstitusion özgertmeler — türkmen döwletiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen aýdyň ýörelgeler» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmen döwlet neşirýat gullugyna degişli bolan düzümleriň wekilleri, şeýle-de Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň geçen aýda ýerine ýetirilen işleriniň jemi jemlenildi hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ýokary depginler bilen ösýär we özgerýär. Bitarap Türkmenistan bu gün dünýäde agzybirligiň, dost-doganlygyň, asudalygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Geçen ýylyň şanly, taryhy wakalary hem aýdylanlary doly tassyklaýar.

HASABAT-SAÝLAW ÝYGNAKLARY IŞJEŇLIK ÝAGDAÝYNDA GEÇÝÄR

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramalarynda möhüm möwsüm bolan hasabat-saýlaw ýygnaklary dowam edýär. 

Turkmen

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

TDP-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap komitetiniň etrap häkimligi, etrap medeniýet bölümi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi.

Turkmen

AJAÝYP DÖWRÜMIZIŇ WASPY

TDP-niň Dänew etrap komitetiniň bilim edaralary bilen guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym bilim ulgamynda döredilen mümkinçilikler, ykdysadyýetde, syýasatda gazanylan ösüşler, döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmeler, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has da ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeler barada giňişleýin durup geçdiler.

Turkmen

BAGTYÝAR ZAMANA BUÝSANÇ

Kaka etrap häkimliginiň TDP-niň etrap komiteti bilen bilelikde etrabyň Medeniýet öýünde geçiren aýdym sazly dabarasy «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» — ýylyna bagyşlandy. Dabarada çykyş edenler belent mertebeli Prezidentimiziň döredijilik, ynsanperwerlik we giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşa buýsanyp bolelin ýaşaýandygyny «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň toý baýramlaryny ýokary ruhubelentlikde uludan tutýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Turkmen

RUHUBELENTLIGE BESLENDI

Ýakynda «Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp, Garagum etrabyndaky «Bagtyýar türkmen» toý mekanynda dabaraly çäre geçirildi. Garagum etrap häkimliginiň, TDP-niň Garagum etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda geçirilen dabara bilim we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Turkmen

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän şu ýylda milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçdi

Turkmen

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň özboluşly belent gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluny geçdi. Munuň özi milli jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde döwlet Baştutanymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak babatdaky nusgalyk göreldesiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň we aýry-aýry ministrleriň hasabatlary diňlenildi. Mejlisiň barşynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi, şu ýylda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy we welaýatlary ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamak, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA

Hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanylyp, TDP-niň Esenguly etrap komitetiniň dürli ulgamlarda zähmet çekýän işjeň agzalary bilen «tegelek stoluň» başynda guran söhbetdeşligi täsirli çäreleriň biri boldy.

Turkmen

TEBIGAT BILEN SAZLAŞYK

Ata Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny, gözelliklerini goramak, olary geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň ýöredýän il-ýurt bähbitli ynsanperwer syýasatynyň esasyugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we rejeli peýdalanmak biologik köpdürlüligi saklamak we daşky gurşawy goramak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Turkmen

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Ýakynda Mary welaýat çagalar hassahanasynda «Bitaraplygyň mekanydyr bu Diýar» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Turkmen

DÖWLETLI IŞLER

TDP-niň Tejen şäher komiteti «Tejenkarbamid» zawodynda, şäher hassahanasynda, Süleýman Demirel adyndaky pagta egirme fabriginde hem-de şäher «Elektrikaragatnaşyk» ulgamynda wagyz-nesihat maslahatlaryny geçirdi.

Turkmen

KÄMIL KANUN — BERK BINÝAT

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet merkezinde maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň wekilleri, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklary, bilim işgärleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular hem-de mährem eneler gatnaşdylar.

Turkmen

UTGAŞYKLY ÇÄRELER

TDP-niň Türkmenbaşy şäher komiteti şäherdäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda we Halkara deňiz portunyň «Beýik Ýüpek ýoly» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda edilen çykyşlar boýunça öňde durýan wezipeler we halk bähbitli kabul edilen kararlar» at bilen düşündiriş hem wagyz-nesihat maslahatlaryny geçirdi. 

Turkmen

DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI

Köýtendag etrabynyň Magdanly şäheriniň Medeniýet merkezinde bilim edaralarynyň ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda «Ýürekler joşanda» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda oňa gatnaşanlar dürli ugurlar boýunça erkin aýdym aýtmak, tans etmek, degişme sahnalaryny ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.

Turkmen

SAGDYN BEDENDE — SAGDYN RUH

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Gökje ýaşaýyş toplumyndaky 4-nji sport mekdebinde Ýetginjekleriň arasynda sambo boýunça etrabyň açyk birinjiligi geçirildi. TDP-niň Büzmeýin etrap komiteti tarapyndan guralan ýaryşa Aşgabat şäherinden hem-de Ahal welaýatyndan 2005—2007-nji ýyllar aralygynda doglan ýetginjekler gatnaşyp, degişli agram derejeleri boýunça güýç synanyşdylar.

Turkmen

HUKUK ÖZGERTMELERINE BAGYŞLANAN MASLAHAT

Turkmen

Ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Jemgyýetçilik guramalarynyň, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň hem-de Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýynyň kämilleşdirilmegi raýat jemgyýetini gurmakda täze ädimdir» atly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň Parlamentiniň deputatlary bilen bir hatarda degişli edara-guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

BELENT MAKSATLAR MYRAT TAPÝAR

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ýokary depginler bilen ösýär we özgerýär. Bitarap Türkmenistan bu gün dünýäde agzybirligiň, dost-doganlygyň, asudalygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň ýurdy hökmünde giňden tanalýar.

Turkmen

«Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly döredijilik bäsleşi

Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti we «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň arasynda geçirilýän «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly döredijilik bäsleşigi

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, şeýle hem Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.