April 2020

«Türkmenistan – BMG: strategiki hyzmatdaşlygyň täze belentlikleri» atly maslahat

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistan – BMG: strategiki hyzmatdaşlygyň täze belentlikleri» atly maslahat geçirildi. 

ДОБРАЯ ТРАДИЦИЯ

Под руководством уважаемого Президента Гурбангулы Бердымухамедова в стране проводится большая работа по сохранению экологической стабильности страны, по рациональному использованию природных ресурсов. 

Turkmen

TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY

Behişdi bedewlerimize uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda bedewler bilen didarlaşyp, bedewe atlanyp, gezim etmegi bedew atlara bolan buýsanjymyzy goşalandyryp, ýurt Baştutanymyzyň olary örän ýokary derejede sarpalaýandygyny ýene bir gezek äşgär etdi.

Turkmen

ŞAN-ŞÖHRATLY BEDEWLER

Bereketli hem sahawatly türkmen topragy irki döwürlerden bäri iň owadan, ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewleriň mekany hasaplanýar. Türkmen halkynyň zehininiň, yhlasynyň, irginsiz zähmetiniň, tutanýerli hem yzygiderli alnyp barlan maksadaokgunly tohumçylyk-seçgi işiniň netijesinde döredilen ahalteke atlary ata-babalarymyzyň ruhy siňen keramatly türkmen topragynda kemal tapdy, kämilleşdi, müňýyllyklaryň dowamynda ajaýyp sungat derejesine ýetirildi. Ol atlar türkmen halkynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Turkmen

MILLI MIRASYMYZYŇ GENJI-HAZYNASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe güneşli Türkmenistan Diýarymyzyň her güni uly üstünliklere, şanly wakalara, il-ýurt bähbitli işlere beslenýär. Gün-günden gülläp ösýän ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar uly ruhubelentlik bilen ýokary derejede geçirilýär.

Turkmen

BEHIŞDI BEDEWLERIŇ ŞANYNA

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Lebap welaýatynda geçirilen dabaralar sebitiň ilatynyň göwün guşuny al asmana göterdi. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen toý-baýramlara beslenýän Diýarymyzda toýlaryň uludan tutulyşy ýaly, welaýatymyzda baýramçylyk mynasybetli guralan dabaralar diýseň köp adamly boldy. Ýurdumyzyň çar künjeginden atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň hem-de janköýerleriň gatnaşmagynda dabaralar ýokary ruhubelentlik derejesinde geçirildi.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy

Turkmen

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi, şanly baýramyň hormatyna şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy

Turkmen

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik ugruna degişli hünärleriň wekilleriniň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ýeňijilerini we baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň metjidinde agzaçar sadakasyny berdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýerleşen metjidinde mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde agzaçar sadakasyny berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň merkezindäki seýilgäh zolagynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap barýarka, ýolugra wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň merkezinde bina edilen behişdi bedewlerimiziň heýkeliniň abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X mejlisi

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X ýubileý mejlisi geçirildi. Bilelikde geçirilen mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

“Halkara gatnaşyklarynda bitaraplygyň taryhy tejribesi” atly duşuşyk

Turkmen

Şu günler Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Syýasy Geňeşinde okuw-tejribeligini geçýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary bilen okuw-tejribeliligiň çäklerinde  “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň aprel aýynyň 21-ine Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen bilelikde Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň “Filosofiýa” hünäriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda “Halkara gatnaşyklarynda bitaraplygyň taryhy tejribesi” atly duşuşyk geçirildi.

MILLI TERBIÝE MEKDEBI

Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ähli döwürde-de halkymyzyň üns merkezinde saklaýan esasy meselesi bolupdyr. Çünki terbiýeli perzentler öý-ojagyň oduny alawladyp, Watanyň şöhratyny, milletiň mertebesini Arşa göteripdirler. Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, milli terbiýäniň özboluşly mekdebini döredipdirler.

Turkmen

ARKADAGLY WATANYŇ BUÝSANJY BEDEW!

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu gün ahalteke atlarymyz dünýä medeniýetiniň gymmatly baýlygyna öwrüldi. Milli Liderimiziň behişdi bedewlerimize bagyşlap döreden kitaplary Ýer ýüzünde giňden meşhur bolup, diňe bir öz halkymyza däl, dünýä jemgyýetçiligine bu ajaýyp kitaplar arkaly bedewlerimiz hakda gymmatly maglumatlar bilen tanyş bolmaga giň mümkinçilikleri döretdi. Berkarar döwletimiziň çar künjeginde il-ýurt bähbitli uly gurluşyklara badalga berilýär.

Turkmen

KONSTITUSION ÖZGERTMELER JEMGYÝETIMIZI KÄMILLEŞDIRMEGIŇ ESASYDYR

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli parasatly syýasaty esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň kanunçylyk binýady halkara ülňülerine laýyklykda kämilleşdirilýär. 

Turkmen

RAÝAT JEMGYÝETINI BERKARAR ETMEKDE KONSTITUSION ÖZGERTMELERIŇ ORNY

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolandan kän wagt geçmänkä kabul edilen Konstitusiýa ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açdy.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: hyzmatdaşlygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly binýady” atly maslahat

Turkmen

Geçen hepde-de paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bilelikde geçiren maslahaty “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: hyzmatdaşlygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly binýady” diýlip atlandyryldy.

“Hormatly Prezidentimiziň Saglyk maksatnamasy – bagtyýar durmuşyň ak ýoly” atly maslahat

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamaga gönükdirilen “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly ýörelgä esaslanýan ynsanperwer syýasaty alyp barýar. Milli Liderimiziň pähim-paýhasa ýugrulan bu ynsanperwer syýasatynda adamlaryň saglygyny goramaga ygtybarly esas döredýän ähli mümkinçilikleri emele getirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi

Turkmen

Şu gün, dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişi amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

BILIMI KÄMILLEŞDIRMEKDE TÄZE BAŞLANGYÇLAR

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyran düýpli özgertmelerini ylym, bilim ulgamlaryndan başlady. Çünki hormatly Prezidentimiz adamzat siwilizasiýasynyň häzirki ösüş basgançagynda jemgyýeti ylymsyz, bilimsiz ösdürmegiň mümkin däldiginden ugur alýan syýasaty durmuşa geçirýär.

Turkmen

NUSGALYK ÝÖRELGELERE EÝERIP

Ýakynda TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň etrap hassa hanasy we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Turkmen

ÇEKELEŞIKLI GEÇEN ÝARYŞ

Görogly etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI sport ýaryşlaryny geçirdi. 

Turkmen

GAHRYMAN PEDERLER WATANSÖÝÜJILIGIŇ BEÝIK NUSGASYDYR

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramy berkarar Türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüji ynsanperwer syýasatynyň halkara derejesinde dabaralanmasydyr. Bu baýram umumadamzat ýaşaýşynyň asuda geljegine ynamyň baýramydyr, gapma-garşylyklary diňe gepleşikler arkaly çözmäge, ynanyşmaga we hyzmatdaşlyga çagyrýan, çuň paýhasy şöhratlandyrýan baýramdyr.

Turkmen

ÖZGERTMELER ÝOLUNDA

TDP-niň Türkmenbaşy şäher komiteti Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda «Konstitusion özgertmeler — ösüşleriň gözbaşy» atly maslahat geçirdi.

Turkmen

BAGTYÝAR DURMUŞYMYZA BUÝSANÇ

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 40-njy orta mekdepde işjeň partiýa agzalarynyň gatnaşmagynda konstitusion özgertmeleriň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanylan maslahat geçirildi.

Turkmen

WAGYZ-ÜNDEW DUŞUŞYGY

TDP-niň Bäherden etrap komiteti halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, ruhy gymmatlyklaryny we şöhratly taryhyny, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek maksady bilen ýerlerde yzygiderli duşuşyklar geçirýär.

Turkmen

DABARALY MASLAHAT

Geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — berkarar Watanymyzyň mertebesi, buýsanjy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahaty Aşgabat şäher häkimligi Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurady. Maslahata şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Turkmen

AÝDYŇ MAKSATDAN UGUR ALYP

Ata Watanymyzda ýurt abadançylygynda arka atylýan her bir gün, her bir aýdyr ýyl ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Şu hakykatyň özem agzybirlikden, jebislikden rysgal-bereket tapan, halallyga, adalata, ynsanperwerlige, dostana gatnaşyklara ygrarly merdana il-ulsumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sapaly durmuşa eýediginiň ykrarnamasydyr.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

“Türkmenistanyň baky Bitaraplygy – berkarar Watanymyzyň mertebesi, buýsanjy” atly dabaraly maslahat

Turkmen

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda parahat, asuda, agzybir ýaşaýan, erkana işleýän, döredýän we gurýan watandaşlarymyz halkara derejesine eýe bolan bu şanly senäni — Halkara Bitaraplyk gününi ýetilen täze sepgitler, gazanylan zähmet ýeňişleri, ýatdan çykmajak pursatlar, taryhy wakalar bilen baýlaşdyrýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly sammitine gatnaşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soňra, häzirki döwürde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşine başlyklyk edýän Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň haýyşy boýunça bu Geňeşiň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtyň gurluşyk desgalaryndaky işler bilen tanyşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýlary bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz saglygy goraýyş we bilim meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň hem-de bilim ministri M.Geldinyýazowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

BAGTYÝARLYK MUKAMY

Gijäniň bir çene baranlygyna garamazdan, Oguljemal ejäniň gözlerine uky gelenokdy. Howlynyň töründe gurlan ak öýden eşidilip duran täsin mukamy başyny yrap diňläp otyrdy. 

Turkmen

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

Ýakynda TDP-niň Mary şäher komitetiniň welaýatyň bank-maliýe işgärleri bilen bilelikde guramagynda «Arassaçylyk saglygyň girewidir» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamagyň, işde, durmuşda, maşgalada arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegiň ýurduň her bir raýaty üçin möhüm talap bolup durýandygy, munuň bolsa hemişe janyň sag bolmagynda, daş-töweregiň, tebigatyň gözelligini artdyrmakda uly ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi.

Turkmen

MÖHÜM WAKA BAGYŞLANYLDY

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet merkezinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklary, bilim işgärleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular hem-de mährem eneler gatnaşdylar.

Turkmen

MASLAHAT GEÇIRILDI

TDP-niň Çärjew etrap komitetiniň etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda maslahat geçirilip, ol «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny giňden ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyldy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň gündelik durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalardan, gülläp ösüşlerden ruhlanýan raýatlarymyz maslahata işjeňlik bilen gatnaşdylar.

Turkmen

BUÝSANJA BESLENDI

Serdar şäheriniň ähli mekdeplerinde okaýan ýokary synp okuwçylarynyň we olaryň ene atalarynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat dabarasy geçirildi.

Turkmen

BELENT MAKSATLY IŞLER

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Oňa welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işjeň partiýa agzalary gatnaşdylar. Ýygnagyň dowamynda täsirli sowal-jogap alyşmalar hem boldy.

Turkmen

Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, Bilim ministrligi, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guramagynda ady agzalan institutda maslahat geçirildi. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini hemmetaraplaýyn pugtalandyrýan, halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de ösdürilmegine ýardam berýän içeri we daşary syýasaty netijesinde parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz syýasy, ykdysady, medeni taýdan barha pugtalanýar. 

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli sport, bedenterbiýe-sagaldyş we beýleki çäreler geçirildi. Irden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesine baryp gördi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň şu ýylyň birinji çärýeginde alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi.

TÄSIRLI GEÇEN DABARA

Ýakynda TDP-niň Garagum etrap komitetiniň etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Garagum» sport toplumynda «Sagdyn bedenli we bilimli ýaşlar röwşen geljegimiziň girewidir» atly dabara geçirildi. 

Turkmen

BUÝSANJA BESLENDI

Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynda kitaphana işgärleri hem-de kitaphana bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýan okyjylar köpçüliginiň gatnaşmagynda, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserler barada söhbetdeşlik geçirildi. 

Turkmen

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Lebap welaýatynyň Darganata etrap häkimliginiň hem-de TDP-niň Darganata etrap komitetiniň bilelikde guramagynda «Demokratik ýörelgeler halkyň bähbidi üçin» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Darganata etrabynyň hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ýaşulular, kümüş saçly eneler gatnaşdylar.

Turkmen

ŞANLY SENÄNIŇ ŞANYNA

TDP-niň Serdar etrap komitetiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanan dabara geçirildi. 

Turkmen

WAGYZ-ÜNDEW EDILDI

Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde ýaşuly nesliň we edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Wagyz-ündew häsiýetli maslahaty TDP-niň Kaka etrap komiteti, etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurady. 

Turkmen

KALPLAR ŞATLYGA BESLENDI

Geçen hepdäniň anna güni Daşoguz welaýatymyzyň ilatynyň kalbynda hemişelik galjak wakalaryň ýene-de biri bolup geçdi. Gahryman Arkadagymyz welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, sebitimiziň baş metjidinde berlen sadaka gatnaşdy. 

Turkmen

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, onda şu ýylyň geçen üç aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler kesgitlenildi hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meselelere seredildi.