«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzyň her bir güni, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Dänew etrabymyzda hem ruhubelentlige beslenýär. Şu günler etrabymyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda sportuň küşt, stol tennisi, futbol, gandbol, şaşka, woleýbol, dzýudo görnüşleri boýunça ýaryşlar guramaçylykly geçirilýär.