June 2020

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde «Arkadag Prezidentimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni dörediji milli Liderdir» atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

HAJY ARKADAGYMYZYŇ ÝOLY — HALKYŇ ÝOLY

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň baş gymmatlygynyň adamdygyny, ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň maksadynyň bolsa mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny gazanmakdan ybaratdygyny yglan etdi. Milli Liderimiz şu maksat ugrunda hem ösüşiň täze gözýetimlerini açyp, ýollarymyzy möhüm üstünliklere hem-de beýik işlere besläp, Türkmenistany ynamly öňe alyp barýar.

DÖWRÜŇ BEÝIK HAKYKATY

Görmek, göz ýetirmek düşünjesi durmuşda bolup geçýän ýagdaýlary dogry kesgitläp bilmegiň esasy şerti bolsa gerek. «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýilşi ýaly, görüp, aň ýetirmek hakykata düşünmegiň dogry ýoludyr. 

Turkmen

MERTLIK NUSGASY

Magtymgulynyň döredijiliginiň jöwhermaýasydyr

Magtymguly Pyragy özüniň jöwher paýhasyny siňdiren şygyrlarynda ynsanperwerlige aýratyn uly üns beripdir. Ol mertligi ynsan üçin zerur sypatlaryň biri hasaplapdyr. Sebäbi mert adamlar jemgyýetiň esasy daýanjy bolup durýar. Bu hakda şahyr şeýle dürdäne setirleri ýazypdyr:

Bir bigaýrat ýigit ilde,

Bakyň, tekepbirlik eýlär.

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, «Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylygy we ynanyşmagy dörediji milli Liderdir»  atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary P.Agamyradowyň we G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň milli ykdysadyýetimize ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak ugrunda alnyp barylýan işler, bilim ulgamyndaky özgertmeleriň barşy we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

ŞÖHRATLY GEÇMIŞDEN ŞANLY GELJEGE TARAP

Hormatly Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Türkmen halkynyň häli-şindi gaýtalaýan iň ýagşy arzuwlary «Toýda duşuşalyň!», «Toýa ýarasyn!», «Toýdan bolsun!» ýaly hoşniýetli sözlerdir. Toý-baýramyň söhbedi adamlaryň göwnüni göterýär. Hemmelere şatlyk paýlaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uludan tutulýan toýlarymyzyň dabarasy dünýä ýaýraýar.

Turkmen

DAÝHANLAR HÖWESLENDIRILDI

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda bol däne hasylyny ösdürip ýetişdiren edermen gallaçylarymyzyň şu günlerki zähmet görkezijileri has-da guwandyryjy.

Turkmen

ÖŇDENGÖRÜJILIKLI SYÝASAT

Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ynsan saglygyny goramak maksady bilen, ilkinji nobatda, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda maşgala lukmançylygynyň ornaşdyrylmagy, raýatlaryň meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasynyň girizilmegi, döwlet gaznasynyň döredilmegi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny beýik sepgitlere ýetirdi.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeler ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary B.Abdyýewanyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary K.Çaryýardurdyýewiň, ýurdumyzyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýewiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewanyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň welaýatlarynda amala aşyran iş saparlarynyň jemlerine bagyşlap Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy  goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar  syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde “Adam hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr”  atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

BILIMLI NESIL WATANYMYZYŇ KUWWATY

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň ösüşiniň ähli ugurlarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ahal welaýatynda boldy. Döwlet Baştutanymyz saparynyň çäklerinde welaýatdaky täze senagat toplumlarynyň gurluşyk işleriniň barşy we sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, seýle hem «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Galla önümleri önümçilik toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

BERKARAR DÖWLETDE BEÝIK ÖZGERTMELER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan beýik işleriň netijesinde ýurdumyz halkara giňişliginde batly depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly ýurt hökmünde tanalýar. 

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwletimiziň durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary

Turkmen

Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

MILLI MIRASYMYZ – RUHY BAÝLYGYMYZ

Gahryman Arkadagly ýurdumyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar.

Turkmen

BOL HASYLLY MEÝDANLARDA

Hormatly Prezidentimiziň şa gadamynyň Lebap topragyna düşmegi etrabymyzyň raýatlarynyň başyny Göge ýetirdi. Milli Liderimiz Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Berdimyrat Narmämmedowyň kärende ýerine geldi. 

Turkmen

ARKADAGA ALKYŞ AÝDÝAR ÝÜREKLER

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Mary welaýatyna amala aşyran iş sapary taryhy ähmiýetli möhüm wakalary özünde jemledi. Gahryman Arkadagymyz bu iş saparynyň barşynda welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerlerde durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Turkmen

ZÄHMETDEN BAGT TAPAN

«Ýurdumyzyň oba hojalygynda durmuşa geçirilýän täze özgertmelerden gaýratlanyp, Hak nazary düşen gadymy türkmen topragyndan bol hasyl öndürmekde, sähralarymyzyň berekedini has-da artdyrmakda siziň agzybir zähmetiňiziň ähmiýeti çäksizdir».

Turkmen

GALLAÇYLARYŇ ZÄHMET EDERMENLIGI

Döwletli Diýarymyzda gazanylýan üstünliklere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan Wekilbazar etrabynyň Jumadurdy Atajanow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri üstümizdäki ýylda gallanyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Olar 1280 gektar ýerde ekilen bugdaý hasyl yna gowy ideg edişleri ýaly galla oragyna hem ilkinjileriň hatarynda girişdiler. Hojalygyň kärendeçileri häzire çenli 2550 tonna derek 3000 tonna guşgursak däne taýýarladylar.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş sapary

Turkmen

Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti «Altyn köl» dynç alyş zolagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde, häzirki zaman talaplaryna we amatlylyk derejelerine, hyzmatyň ýokary ülňülerine laýyk gelýän täze dynç alyş zolagy ilkinji myhmanlary kabul edip, işe başlady.

ÇEKSEŇ ZÄHMET ÝAGAR REHNET

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalyk işgärleriniň arman-ýadaman işlemekleri üçin ähli aladalar edilýär. Şu günler ýerlerde gyzgalaňly orak möwsümi dowam edýär. Gallanyň wagtynda ýygnalmagy üçin hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan alyp berýän kuwwatly kombaýnlaryna daýanylýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň birnäçesiniň taslamalary we ýerleşjek ýeri bilen tanyşdy

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň hojalyk düzümini kämilleşdirmek, degişli athanany gurmak, gök-bakja ekinlerini, miweçiligi ösdürmek, şeýle hem bu düzümlere degişli dynç alyş - sagaldyş merkezini bina etmek üçin niýetlenen ýerler we degişli taslamalar bilen tanyşdy.

«YLYM GARAŞSYZ, BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÖSÜŞLERINIŇ GÖZBAŞY» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Mähriban Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň her bir güni taryhy üstünliklere, halkymyzyň bagtyýar durmuşa bolan synmaz ynamyny has-da berkidýän möhüm ähmiýetli şanly wakalara beslenýär.

MILLI LIDERIMIZIŇ ÖSÜŞLER SYÝASATY

Islendik ýurtda amala aşýan özgerişleriň netijeliligi ilki bilen onuň saýlap alan ösüş ýolunyň aýdyňlygy we täsirliligi bilen kesgitlenýär. Hormatly Prezidentimiz özüniň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Türkmenleriň beýleki halklar bilen gatnaşyk edenlerinde mydama özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alandyklaryna taryh şaýatlyk edýär.

Turkmen

MILLI DÖWLETLILIGIŇ BERK BINÝADY

Golaýda Garagum etrabyndaky «Bagtyýar türkmen» toý mekanynda «Konstitusion özgertmeler — milli döwletliligiň berk binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Garagum etrap häkimliginiň. TDP-niň Garagum etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda geçirilen dabara bilim we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri. ýaşuly nesliň wekilleri, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary

Turkmen

Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerlerde durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy, seýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary

Turkmen

Şu gün Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de bu edaralaryň işini mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp wezipeleri girizildi.

ÖSEN TEHNOLOGIÝALARYŇ EÝÝAMY

Milli Liderimiz häzirki zaman jemgyýedäki hakyky gymmatlyklaryň maddy baýlykda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini hem-de päk zähmetleriniň netijesindedigini parasatlylyk bilen belläp geçýär.

Turkmen

JOGAPKÄRLI MÖWSÜME TAÝÝARLYK

Etrabymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň galla oragy möwsümine şu günlerden uly taýýarlyk görülýär. Etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, «Şatlyk», «Nowruz», «Azatlyk» daýhan birleşikleriniň galla meýdanlarynda ýetişdirilen bol hasyl gözüňi dokundyrýar. Şu günler ýetişdirilen hasyly gysga möhletlerde, guramaçylykly ýygnamak ugrunda ähli çäreler görülýär.

Turkmen

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi

Turkmen

Ýurdumyz iri baýramçylyk çäresi bolan Bütindünýä welosiped gününi dabaralandyrdy. Bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen esaslandyryldy.

К ВЕРШИНАМ ЗДОРОВОГО ДУХА

Сегодня нашу страну — независимый нейтральный Туркменистан — по праву называют спортивной державой. Ярким свидетельством этому служит принятая 12 апреля 2018 года на 82-м заседании 72-й сессии Генеральной Ассамблеи Организации Объединённых Наций Резолюция «Всемирный день велосипеда», который отмечается ежегодно 3 июня. 

Turkmen

«HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAGDYN JEMGYÝET SYÝASATYNYŇ ÄHLUMUMY DABARALANMASY» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli «Hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýet syýasatynyň ählumumy dabaralanmasy» atly maslahat geçirildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow UCI-niň iň ýokary sylagy bilen sylaglanyldy

Turkmen

Şu gün, Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) prezidenti Dawid Lappartýen hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, içeri işler ministriniň we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.