July 2020

BEHIŞDI BEDEWLER — ŞAN-ŞÖHRATYMYZ

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen täze taryhy döwrümizde ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilip, türkmeniň atşynaslyk sungaty rowaçlyga beslenýär. Ýyndamlygy hem-de owadanlygy bilen şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýoly gaýtadan dabaralanýar. 

Turkmen

TÜRKMENISTAN — HALKARA SÖWDADA YGTYBARLY HYZMATDAŞ

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinden gelip gowşan şatlykly habar halkara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alnyp barylýan syýasatyň barha dabaralanýandygyny aňladýan buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. 

Turkmen

ARKADAGLY WATANYM ÖSÜŞLERIŇ ÝOLUNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda wajyp gurluşyklaryň düýbi tutulyp, senagat kärhanalary döwrebaplaşdyrylýar. Ata Watanymyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmek, watandaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň öňde goýýan möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Turkmen

HEMIŞELIK BITARAPLYK — DÜNÝÄ NUSGALYK

Hemişelik Bitaraplyk. Bu söz agzalan wagtynda Ýer ýüzüniň haýsy yklymynda, haýsy ýurdunda bolsun, tapawudy ýok, ilki bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň göz öňüne gelýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Sebäbi dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr.

Turkmen

Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly syýasaty, durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli ynsanperwer ýörelgeleri netijesinde eziz Watanymyz syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ösüşi babatda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň belent sepgitlere çykmagyna gönükdirilen milli maksatnamalar, berkarar döwletimiziň demokratik, hukuk hem-de dünýewi esaslaryny pugtalandyrmaga, durnukly syýasy institutlary döretmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Turkmen

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşdy.

TÜRKMENISTAN WE BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY: TARYH WE MÜMKINÇILIKLER

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda ýurdumyzda täze sepgitlere ýetilýär. Dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän, dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymlaşýan döwründe mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly ykdysady syýasaty bu meseleleri oňyn çözmäge gönükdirilendir. 

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

HALKA DAÝANYP, HALKYŇ HATYRASYNA

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň iýun aýynyň aýagynda Gökdepe metjidinde akgoýun toý sadakasyny berende: «Men Prezidentlik wezipesine girişen pursadymdan başlap, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary yglan etdim, bu ýörelge meniň alyp barýan syýasatymda öz beýanyny tapdy» diýip aýtdy. 

Turkmen

ÝORUNJA GÜLLI KÖÝNEK

Tomsuň ilkinji aýydy. Gyzaryp dogan Gün howanyň bu günem yssy boljakdygyndan habar berýärdi. Men ýolagçy ulagynyň açyk aýnasyndan girýän salkynjak şemala ýüzümi tutup, daşaryny synlap otyryn. Ugrum işe — welaýat merkezine tarap bolansoň, ýolum ýaýylyp ýatan ekinzarlygyň üstünden düşýärdi. Bugdaýy orlan meýdandan göwnüňe hoş ýakýan ys gelip durdy. Ene toprakdan göterilýän bu ýakymly ysdan doýma ýokdy...

Turkmen

SAZLAŞYKLY IŞLER

Ýurdumyzda adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, ilatymyzyň saglygyny dürli kesellerden goramakda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine kybap ösdürmek, lukmançylyk ylmyna öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda uly işler edilýär.

Turkmen

ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Hemişelik Bitaraplyk syýasaty bolsa ýurdumyzyň dünýä giňişliginde amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy degişli Kararnama bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ikinji gezek tassyklady.

Turkmen

KÄMIL KANUN BERK BINÝAT

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde röwşen geljege ynamly barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeler esasynda üpjün edilýän abadan, asuda hem bagtyýar ýaşaýyş ýurdumyzda kanunçylyk ulgamynyň pugtalandyrylmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. 

Turkmen

ÖZGERIŞLERIŇ AK ÝOLUNDA

Ylmyň we tehnikanyň artykmaçlyklary diňe bir ykdysadyýetde oňyn netijesini bermän, eýsem, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam bermek bilen, jemgyýetiň ähli gatlaklaryna baryp ýetýär.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pälwan atly alabaý bilen gezelenç etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş möwsüminiň dowam edýän pursatlarynda säher bilen Köpetdagyň etegine gezelenje çykdy. Bu pursatda, milli Liderimiziň ýanynda Pälwan atly edermen alabaý boldy.

NETIJELI IŞLER ALNYP BARYLÝAR

Dünýäde parahatçylygy we ýurtlaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, birek-biregi goldamak gülläp ösüşlere we belent sepgitlere alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ajaýyp döwrümiziň hözirini görüp ýaşaýan mähriban halkymyzyň bu gün parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli we ynsanperwer Bitaraplyk syýasatynyň nurana şuglasy dünýä ýaýylýar.

Turkmen

BAGTYŇ AÇARY

Ynsany bezeýän we terbiýeleýän zatlaryň biri-de zähmetidir. Öz zähmeti bilen uly abraýa, bagta ýeten ynsanyň il arasyndaky hormat-sarpasy-da belentdir. Halkymyzda «Halal zähmet adamy terbiýeleýär», «Zähmet soňy — rehnet», «Işleseň, il tanar» diýilmegi hem zähmetiň adamyň durmuşyny at-abraýa besläp, berekede eltýändigini tekrarlaýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda balyk tutmak bilen meşgullandy

Turkmen

Şu gün dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk tutmak bilen meşgul boldy.

DEMOKRATIK ÖZGERTMELER

Bagtyýar döwrümizde döwletimiz demokratik özgertmeler ýoly bilen bedew batly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz raýat jemgyýetiniň emele gelýän jogapkärçilikli döwrüne gadam goýdy.

Turkmen

“YNSAN SAGLYGYNY GORAMAK HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞ MAKSADY” ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň işjeň agzalarynyň, wagyz-nesihatçylaryň gatnaşmaklarynda “Ynsan saglygyny goramak hormatly Prezidentimiziň baş maksady” atly wagyz-nesihat duşuşygy  geçirildi.

“ADAM HAKYNDAKY ALADA HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGRUDYR” ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde guramaklarynda Adam hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti - Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

BELENT MAKSATLARY NAZARLAP

Biz şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Şu nukdaýnazardan, üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagynyň çuňňur manysy bar. Milli Liderimiz ýylyň şygaryny: «Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär. 

Turkmen

ŞANLY WAKALARA BAGYŞLANDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň we Daşoguz welaýat, etrap, şäher komitetleri niň jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. 

Turkmen

ARKADAGYŇ SAÝASYNDA BAGTYÝARDYR ILIMIZ

«Bagtyýar ile toýlar goşa-goşadan gelýär» diýlişi ýaly, arassa asmanyň astynda, parahat, asuda Zeminiň üstünde, mähriban Arkadagymyzyň saýasynda beýik ösüşler bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň bagtyýar gujagynda bellenilýän toýlarymyz toýa ulaşýar.

Turkmen

ULAG ULGAMY ÖSÜŞDE

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulag ulgamynyň ähli görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan täze gatnaw ugurlaryny ösdürmek uly ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ulag toplumynyň ösüşiniň esasy aýratynlygy ýurdumyzyň, şeýle-de sebitleriň ösüşi üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ulag ulgamyny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Turkmen

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ KONSTITUSION ÖZGERTMELERI: MILLI DEMOKRATIÝAMYZYŇ AÝDYŇ NUSGASY ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda “Hormatly Prezidentimiziň konstitusion özgertmeleri: milli demokratiýamyzyň aýdyň nusgasy” atly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň konstitusion özgertmeleri: milli demokratiýamyzyň aýdyň nusgasy atly maslahat

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda “Hormatly Prezidentimiziň konstitusion özgertmeleri: milli demokratiýamyzyň aýdyň nusgasy” atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Mejlisiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary çagyryldy.

Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň üç taraplaýyn duşuşygy

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi. «Lapis Lazuli» halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garamak meseleleri, ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça bu düzümleriň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler girizildi.

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň Daşary işler, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylygy we ynanyşmagy dörediji milli Liderdir» atly maslahat geçirildi. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-parasatly ýörelgeleriniň netijesinde dünýäniň iň bir ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Häzirki döwürde Türkmenistan Merkezi Aziýada iň çalt depginler bilen ösýän döwletleriň biri hasaplanylýar.