August 2020

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

YLYMLY, BILIMLI, HÜNÄRLI NESIL

Ýurdumyzda jemgyýetiň geljegi bolan ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek işini ileri tutulýan meseleleriň hatarynda goýmak bilen, hormatly Prezidentimiziň ýurt Baştutany wezipesine girişen ilkinji gününde, ýagny 2007-nji ýylyň 15-nji fewralynda «Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Karara gol çekmegi bu ulgamda alnyp barylýan işleri mazmun we gurluş jähetinden düýpgöter täzeçe guramakda öwrülişikli pursat boldy. 

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze taslamalar we birnäçe desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini ösdürmegiň köpasyrlyk däplerini dowam etmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

Golaýda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Turkmen

Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslary pugtalanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz ösüş ýoly bilen öňe barýar. 

Turkmen

KONSTITUSION ÖZGERTMELER DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen konstitusion özgertmeler yglan edilipdi. Geçen döwrüň içinde bu babatda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Şu mesele babatda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edaralaryň işgärleri özleriniň oý-pikirlerini beýan edýärler.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň we paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. 

MUKADDES TOPRAGA TAGZYM

Hezreti Magtymgulynyň obasynda

Turkmen

KÄMIL KANUN BERKARAR BINÝAT

Milli Liderimiziň ynsanperwer syýasaty bilen ganatlanan halkymyz maksatnamalaryň kuwwatyna daýanyp, Watanymyzyň nurana geljegini ynamly we ruhubelentlik bilen gurýarlar. Ýurdy ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň we özgertmegiň maksatnamalaýyn durmuşa geçirilmegi netijesinde halkyň hal-ýagdaýy we ýaşaýyş-durmuş şertleri günsaýyn ýokarlanýar. Munuň üçin döwletimizde berk, kämil hukuk binýady döredilýär.

Turkmen

DÖWLET BERKARARLYGYNYŇ BINÝADY

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 22-nji awgustynda «Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň» kabul edilenine 30 ýyl dolýar. XX asyryň ahyrlarynda kabul edilen Jarnama täze taryhy şertlerde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň wezipelerini özbaşdak çözmek ugrunda ilkinji ädim boldy. 

Turkmen

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde ileri tutýan garaýyşlary

Turkmen

Baş Assambleýanyň 75-nji ýubileý mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň tutuş ulgamynyň işinde iň möhüm wakalaryň biridir. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

HALK WEKILÇILIGINIŇ DÖWREBAP ULGAMY

Konstitusiýa halkyň aýdyň maksatlaryny, olara ýetmegiň ýollaryny we hukuk serişdelerini kesgitleýän, ynsanperwer hereketleri hukuk taýdan esaslandyrýan esasy kanundyr.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň sentýabr aýynda gol çeken Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi.

ARKADAGLY AJAP EÝÝAM

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň, durmuşa geçirýän maksatnamalarynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gülläp ösýär. Ýurdumyzda iň häzirki zaman zawod-fabrikler, önümçilik desgalary, medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.

Turkmen

BAGTLY DÖWRÜŇ HUKUK BINÝADY

Döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgesini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň taslamasynyň habar beriş serişdelerinde çap edilmegi biziň milli demokratiýamyzyň jemgyýetimize mäkäm ornaşandygyny görkezýär. 

Turkmen

TÜRKMENISTAN GÖZEL DIÝAR

Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, hemişelik Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr.

Turkmen

SANLY YKDYSADYÝET WE SAZLAŞYKLY ÖSÜŞ

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara standartlara laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, maglumat-aragatnaşyk enjamlary yzygiderli ornaşdyrylýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrylýar.

Turkmen

DAÝHAN HOJALYGYNYŇ YNAMLY IŞLERI

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebap derejede kämilleşdirmek we ekerançylyk ýerlerini uzakmöhletleýin hususy eýeçilige bermek baradaky öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň önümçilikde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýändigini iş tejribeleri doly görkezýär. Munuň şeýledigine Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Şabende geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Galkynyş» daýhan hojalygynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli desgalaryň ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

KÄMIL BILIM — MIZEMEZ BINÝAT

Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyryan işler her bir türkmenistanlynyň, aýratyn hem, ýaşlaryň durmuşynda öz beýanyny tapýar. Bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zeruşertleri döretmäge gönükdirilen tutumly işledurmuşa geçirilýär. 

Turkmen

DÜNÝÄ NUSGALYK GYMMATLYK

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Karary bilen 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi buýsanjymyza buýsanç goşdy. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýasyny kabul edenine 25 ýyl dolýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň ýedi aýynda Hökümet tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda degişli hasabatlar diňlenildi, şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

BERKARARLYGYŇ aýdyň ýoly bilen

Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň ajaýyp menziline öwrülýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllygy giňden bellenilýär. 

Turkmen

DÖWRÜŇ TALABYNDAN UGUR ALYP

Turkmen

Geçen hepdede Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň hem-de Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler barada pikir alşyldy.

ÖZGERIŞLI DÖWRÜŇ ŞANLY ROWAÇLYKLARY

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda beýik ösüşlere we özgerişlere barýan Watanymyz gün-günden pajarlap ösýär. Güneşli Diýarymyzda arzuwlar wysala ýetip, maksatlar myrat tapýar. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň, taýsyz-tagallalarynyň, irginsiz aladalarynyň netijesinde halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa doly ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. 

Turkmen

BOL HASYL UGRUNDA

Etrabymyzyň «Pagtaçy» daýhan birleşiginde üstümizdäki ýylda gowaça ekilen 1280 gektar ýerden dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan «ak altynyň» 2280 tonnasyny öndürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. 

Turkmen

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

YHLASLY ZÄHMET — GÖWNEJAÝ HASYL

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzyň dokma senagaty üçin bahasyna ýetip bolmajak çig mallaryň biri bolan «ak altynyň» bol hasylyny öndürmegi maksat edinýän etrabymyzyň edermen babadaýhanlary tomus paslynyň häzirki günlerinde gowaçaly pellerde ýokary hilli ideg etmekde ýadawsyz zähmet çekýärler.

Turkmen

DURNUKLY ÖSÜŞIŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERI

Häzirki döwürde ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy-tehniki döwrebaplaşmak, ähli ulgamlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu jähetden önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we iň täze tehniki hem tehnologik enjamlaryň netijeli ulanylmagy ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde örän ähmiýetlidir.

Turkmen

ÜSTÜNLIKLERE ÝETIRÝÄN MENZILLER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ähli babatda gülläp ösýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrylýan işler her bir raýatda uly buýsanç döredýär.

Turkmen

BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BERK BINÝADY

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ulgamlarynda iri möçberli özgertmeler, taryhy ähmiýetli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna beýik işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary, ýurdumyzyň ähli künjekleri giň gerimli özgertmelere we bedew batly buýsançly ösüşlere eýe bolýar.

Turkmen

HALKARA HYZMATDAŞLYGY PUGTALANÝAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durnukly gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler dünýä nusgalykdyr.

Turkmen

JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGY— BAGTYÝAR DURMUŞYŇ ESASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe lukman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň sagdyn ýaşaýşyny emele getirmek bilen döwletimiziň asudalygyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalara esaslanýan gaýragoýulmasyz işler durmuşa geçirilýär.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem öňde boljak baýramçylyklara we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

BERKARAR DÖWLETLILIGIŇ BINÝATLARY

Alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygy baradaky habar hemmämiziň ruhumyzy joşdurdy. Milli Liderimiz işjeň dynç alşyň, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, wagtyňy döredijilikli we peýdaly geçirmegiň nusgalyk göreldesini görkezýär.

Turkmen

HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYGYŇ MIZEMEZ DÄPLERI

Türkmen döwleti üçünji müňýyllygyň bosagasynda dünýäde emele gelen üýtgeşik taryhy şertlerde adamzadyň öňünde duran global meseleleriň döwrebap çözgüdini tapmak ugrunda halkara jemgyýetçiligiň alyp barýan işlerine mynasyp goşant goşýar. 

Turkmen

Türkmenistan ýokanç keselleriň öňüni almakda täze başlangyçlary öňe sürdi

Turkmen

Şu gün, zähmet rugsady tamamlanandan soň, ilkinji iş güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreisus bilen wideoaragatnaşyk boýunça duşuşyk geçirdi.

MILLI HUKUK ÖZGERTMELERI

Türkmen döwleti hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly üstünlikleri gazanyp, rowaçlyklara beslenip, okgunly öňe barýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryndaky ösüşleriň jemlerine nazar aýlanyňda, pähim-paýhasa ýugrulan oýlanyşykly başlangyçlaryň oňyn netijesi has-da aýdyň görünýär. 

Turkmen

DÖWRÜŇ TALAPLARYNA EÝERIP

Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy berk binýatly, senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwürmek, merdana halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan beýik işleri «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymata eýerýän syýasatynyň barha rowaçlyk tapýandygyndan habar berýär. 

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitabyny ýazyp tamamlady

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryna we türkmen halkynyň döreden milli ýörelgelerine bagyşlanan täze kitabyny ýazyp tamamlady.

OÝLANYŞYKLY SYÝASAT — GARAŞYLÝAN NETIJE

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi dünýä ösüşiniň özboluşlylygyny nazarda tutmak bilen, maksatnamalaýyn esasda amala aşyryp, öňdengörüjilikli syýasaty durmuşa geçirýär. 

Turkmen

WATANYŇ KUWWATY BILIMLI NESIL

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň ösüşiniň ähli ugurlarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, giň düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. 

Turkmen

DATLY MIWELER — BAZARLARYMYZYŇ BOLÇULYGY

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga öwürmek baradaky tabşyryklaryny durmuşa geçirmeklige etrabymyzyň bagbanlary saldamly goşant goşýarlar. Olar alma, erik, ülje, armyt, şetdaly ýaly miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek, olardan bol hasyl almak ugrunda uly aladalar edýärler.

Turkmen