October 2020

ŞANLY SENÄ – MYNASYP SOWGAT

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanymyzyň taryhyna müdimilik ýazylar. Çünki şu senede Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda taryhy Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Garaşsyz döwletimiz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolup, parahatçylyk arkaly ösüş ýoluny saýlap aldy. Bu wakadan bäri geçen çärýek asyra golaý döwür parahatçylyk söýüjilikli ýörelgä eýerýän. Garaşsyz, Bitarap döwletimiz üçin syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan depginli ösüşleriň ýyllary boldy.

Turkmen

Türkmenistan Ýewraziýa yklymynda hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny maksat edinýär

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Seulda geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

BAÝRAK EÝELERI

Ak bugdaý etrap komiteti hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan pagta ýygymyna gatnaşýan zähmetkeşleriň arasynda höweslendiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Möwsümiň ilkinji günlerinden geçirilmegi ýola goýlan ongünlük zähmet bäsleşikleri pagta ýygymynyň depgininiň ýokarlanmagynda, hasylyň ýitgisiz ýygnalmagynda we harmana daşalmagynda uly ähmiýete eýedir.

Turkmen

Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

BAKY BITARAPLYK BILEN GALKYNÝAR DIÝAR

Bagtyýarlyga beslenýän zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler buýsanjyňa buýsanç goşup, köňül guşuňa ganat baglaýar. Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen dabaralandyrylmagy döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýän oňyn bitaraplyk ýörelgesiniň dünýä derejesindäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda täze binalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň hem-de «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabaralary boldy.

SAGDYNLYK — ÝÖRELGÄMIZ

TDP-niň Köneürgenç etrap komiteti «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini ilat arasynda wagyz etmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar.

Turkmen

ŞANLY TOÝA SOWGATLY

TDP-niň Dänew etrap komitetiniň işgärleri işjeň partiýa agzalary bilen bilelikde oba hojalygynda halal zähmet çekýän pagtaçy kärendeçilerimiziň, ýygymçylarymyzyň arasynda «Yhlasly zähmet rowaçlyga getirýär» ady bilen duşuşyk geçirilip, oňa hasyl ýygnamakda etrabyň öňdebaryjylarynyň hatarynda durýan «Jeýhun» daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparynyň zähmetsöýer daýhanlary, ýygymçylary we mehanizatorlary gatnaşdylar. Duşuşykda ýygym möwsüminde tapawutlanýan hasyl ussatlaryna TDP-niň Dänew etrap komitetiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Turkmen

NESILLERE NUSGALYK KITAP

TDP-niň Türkmengala etrap komitetiniň beýleki iri jemgyýetçilik guramalary bilen etrapdaky edara-kärha­nalarda we orta mekdeplerde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň geçi­ren tanyşdyrylyş dabaralarynda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryna, onuň örän baý we köptaraply medeniýetine hemişe üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

Turkmen

TOPLUMLAÝYN IŞLER

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy etrap komiteti, etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary we hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda ýaramaz endikleriň ýaýramagyna garşy göreşmegiň iş meýilnamasyny taýýarlady. Wagyz-nesihat toparynyň düzümine bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaşulular girizildi.

Turkmen

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Ýakynda Ak bugdaý etrap häkimliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenler, şeýle-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Turkmen

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary,Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň bitaraplygy – dünýäde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we ählumumy parahatçylygy gazanmagyň binýady» atly maslahat geçirildi.

ŞU GÜNÜŇ MÖHÜM WEZIPELERI

Golaýda etrabymyzyň medeniýet öýünde etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda maslahat geçirildi. Maslahata etrabyň edara-kärhanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesiliň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli karardyr çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy. Olary halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat etmegiň meselelerine garaldy.

Turkmen

Sagdyn durmuş ýörelgesi — her bir raýatymyzyň saglyk berkligi

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç günleri bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly adaty endigine eýerdi hem-de atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.

Ir säher bilen döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenç etdi. Güýz günlerinde dag howasynyň aýratyn ýakymlylygy we bu ýerleriň ekologiýa ýagdaýy ynsanyň ruhuny göterýän täsiri emele getirýär.

SPORT — SAGDYNLYGA BINÝAT

Berkarar Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini, bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini işjeňleşdirmek boýunça guwandyryjy işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çäreleriň, umumymilli spartakiadalaryň, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň we dürli derejeli çempionatlaryň geçirilmegi hem-de olara türgenlerimiziň aýratyn gujur, höwes bilen gatnaşyp, üstünlikleri gazanmagy hem bu ugurdaky işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň alamatydyr.

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti azyk bolçulygyny artdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, pudagy sanly ulgama geçirmäge, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga degişli meselelere garaldy.

SAGLYK — BAŞ BAÝLYK

Ýakynda Ak bugdaý etrap häkimliginiň kiçi mejlisler jaýynda ýörite meýilnama esasynda howanyň üýtgemegi bilen bagly döräp biläýjek keselleriň öňüni almagyň, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmagyň ähmiýetini ilat arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen maslahat geçirildi. Oňa etrap bilim bölüminiň hünärmenleri we Änew şäher Geňeşliginiň hünärmenleri gatnaşdy.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bilen iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sport ulag merkezine bardy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine geldi. Bu ýerde milli Liderimiz awtomobil sporty boýunça ýaryşlary guramak, degişli türgenleşik işlerini geçirmek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilişi bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

DÖWLETLILIK – TÜRKMENIŇ ASYL ÝÖRELGESI

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eserinde Watanymyzyň taryhynda başlanan beýik eýýamyň ýol-ýörelgeleri, paýhas esaslary açylyp görkezilýär Bu eýýamyň mazmunynyň we maksadynyň adam gymmatlygy bilen baglydygy sebäpli, onuň täzeçilligi hem adam gymmatlygyna esaslanýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

IKI PALATALY ULGAM HALKYŇ BÄHBIDINE HYZMAT EDER

Türkmen halky köpasyrlyk taryhynda ençeme döwlet gurdy. Bu ýöne ýerden däl. Döwletlilige tarap ymtylmak milletiň aýratyn häsiýetleriniň biridir. Döwletimiziň ösüşiniň her tapgyry öz aýratynlyklary bilen tapawutlanýar Olar ykdysadyýetde, ylym-bilim, medeniýet ýaly ugurlarda bolup geçýän özgertmeler, şeýle-de jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, halkyň aňyýetiniň hukuk taýdan ösmegi hem-de döwletiň içeridir daşary syýasat ugurlarynyň, döwlet dolandyryşynyň görnüşleriniň we usullarynyň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýär. Bu özgerişlikieriň her biri Konstitusiýany döwrebaplaşdyrdy, onuň düzgünlerini kämilleşdirdi we geljekki ösüşlere getirdi. 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyz Esasy Kanuna käbir üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek pikirini öňe sürdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak möhüm waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz çuň manyly çykyşynda Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirip, ony Türkmenistanyň Mejlisi bilen wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan iki palataly ulgama öwürmek barada başlangyjy öňe sürdi. Şeýlelikde, jemgyýetçilik durmuşynda halk häkimiýetiniň wekilçilikli edarasy hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion özgertmeleriň täze tapgyry başlandy.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

AGRONOM GYZ hekaýa

Okuwyny üstünlikli tamamlap, agronomlyk hünärine eýe bolan Güljanyň begenjinden ýaňa aýagy ýere degmeýän ýalydy. Ol ýokary okuw mekdebini tamamlap, öýlerine barýardy...

Güljan uçar menzilinden çykanynda, özüne garaşyp duran ata-enesini görüp, has-da begendi. Olar bilen mähirli salamlaşdy. Annagül daýza gyzyny bagryna basyp, maňlaýyndan öpdi. Oraz aga-da daýhançylykda bekän berdaşly gollary bilen gyzynyň elini gysyp, oňa bolan buýsanjyny dile getirdi:

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Izabel Gineli kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde ýurdumyzda köpugurly saglyk düzüminiň üstüni ýetiren lukmançylyk ulgamynyň iri desgalarynyň açylyş dabaralary boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy we geljek döwür üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Mejlisiň gün tertibine ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler hem girizildi.

DEMOKRATIK ÖSÜŞLERIŇ YGTYBARLY HUKUK BINÝADY

Gysga wagtda ýurdumyzyň döwlet gurluşynda we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylan haýran galdyryjy ýurt we dünýä ähmiýetli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Watanyň, halkyň we dünýäniň öňündäki taýsyz taryhy hyzmatydyr. 

Turkmen

ZÄHMET JOŞGUNY

Şu günler welaýatymyzyň babadaýhanlary «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly dabaralar bilen belleniljek şanly seneleri zähmet sowgatlary bilen garşy almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Turkmen

MAKSADA OKGUNLY IŞLER

Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan peýdalanyp, ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary netijeli, has düşewüntli pudaga öwürmek maksady bilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Turkmen

SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERINE EÝERIP

Ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulyp, adamyň jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin yhlas-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekýän saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri özleriniň hünär baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşy alýarlar.

Turkmen

ARKADAGA ALKYŞ AÝDÝARYS

— Ýaňy-ýakynda berkararlygymyzyň hem bagtyýarlygymyzyň gözbaşy bolan beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramy hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda giňden bellenilip geçildi.

Turkmen

BAÝRAMÇYLYK RUHUNDA GEÇDI

Biz Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň uly topary bolup, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine işjeň gatnaşdyk. Onda hormatly Prezidentimiziň çuň manyly çykyşyny uly höwes bilen diňledik.

Turkmen

EZIZ WATAN GALKYNÝAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir güni taryhy wakalara, toý-baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hem rowaçlyklara beslenip, taryhyň şöhratly sahypalary ýazylýar.

Turkmen

BITARAPLYK SYÝASATY DABARALANÝAR

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine düýpli itergi berdi. Türkmenistan gysga wagtda halkara giňişliginde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Ylalaşdyryjy merkez hökmünde 25 ýylda bitiren hyzmatlary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy.

Turkmen

MILLI DEMOKRATIK ÝÖRELGELER ROWAÇLANÝAR

Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan demokratik tejribesi we ýörelgeleri esasynda amal edilýär. Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletimiziň kanunçykaryjy ulgamyny hil taýdan täze derejä çykaryp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň hukuk esaslaryny berkitmäge täze esaslary döretdi.

Turkmen

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.

ELEKTRON KITAPHANA

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde medeniýet ulgamynyň aýratyn ugry bolan kitaphana işini döwrebap özgertmek, ýaşlary çeper döredijilige höweslendirmek we bu ulgamy kämilleşdirmek babatda ençeme kararlar, maksatnamalar kabul edildi.

Turkmen

«DÖWLETIMIZIŇ WEKILÇILIKLI EDARALARYNYŇ IŞINIŇ KÄMILLEŞDIRILMEGI MILLI DEMOKRATIÝAMYZYŇ DABARALANMAGY» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy jemlerine bagyşlanyp Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde «Döwletimiziň wekilçilikli edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi milli demokratiýamyzyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi.

TÜRKMEN DEMOKRATIÝASY KÄMILLIK ÝOLUNDA

Gadymy türkmen topragynda hukuk döwleti, raýat jemgyýeti kemala gelýär. Şu hili özgeriş halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren demokratik ýörelgeleri, dünýäniň ösen ýurtlarynyň syýasy tejribesi esasynda amal edilýär.

Turkmen

«ESASY KANUNYMYZA ÜÝTGETMELERIŇ WE GOŞMAÇALARYŇ GIRIZILMEGI MILLI DEMOKRATIÝAMYZYŇ DABARALANMASYDYR» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy jemlerine, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramy mynasybetli bolup geçen wakalara bagyşlanyp Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde «Esasy Kanunymyza üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi milli demokratiýamyzyň dabaralanmasydyr» atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

DÖWLET, JEMGYÝET WE KANUN: DÖWRÜŇ TALABYNDAN UGUR ALYP

Ýaňy-ýakynda — baş baýramymyzyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi üstümizdäki ýylyň iň bir wajyp ähmiýetli wakasy hökmünde taryh gatlaryna siňdi. 

Turkmen

«TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY JEMLERI GELJEKKI ÖSÜŞLERIMIZIŇ BERK BINÝADY» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy jemlerine bagyşlanyp Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen bilelikde «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy jemleri geljekki ösüşlerimiziň berk binýady» atly maslahat geçirildi.