November 2020

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meseleler girizildi.

«TÜRKMENISTAN - PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY» ATLY MASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistan - Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly maslahat geçirildi.

DURMUŞ ÖWRÜMLERI (HEKAÝA)

Maşgaladaky üç gyzyň körpesi Aýsona diýseň owadan gyz bolup ýetişdi. Ony durmuşda ömürlik taý edinmek obanyň özüne göwni ýetýän ýigitleriniň ýürek arzuwydy. Emma Aýsona olaryň ählisiniň hem söýgi kelamyny biparhlyk bilen jogapsyz galdyrýardy.

Turkmen

TÄZE ÝEŇIŞLERE TARAP

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan gollamagynda ilkinji gezek kabul edilen Kararnamasy bilen ykrar edilenine şu ýyl 25 ýyl dolýar. Şol döwürden bäri geçen wagt ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, döwletimiziň eýe bolan halkara abraýy saýlanyp alnan ýoluň dogrudygyny aýdyň görkezdi.

Turkmen

Täsirli geçen bäsleşikler

Garaşsyz Diýarymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda uly buýsanç bilen toýlanyljak baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ähli ugurlar boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Turkmen

DÜNÝÄNIŇ BELENT YKRARY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda täze ösüşlere eýe bolýar. Bu belent ösüşler eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň, halkymyza bolan uly söýgüsiniň miweleri. Eziz Watanymyzda bolup geçýän taryhy wakalar hem juda buýsandyryjydyr. Biz bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer daşary we içeri syýasaty netijesinde ýurdumyzyň dünýäde meşhurlyk gazanýandygyna tüýs ýürekden buýsanýarys.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

PARAHATÇYLYK, DOST-DOGANLYGYŇ DABARALANMASY

Haýsy döwletde toýlar toýlara ulaşýan bolsa, elbetde, bu şol ýurtda işleriň rowaçdygyndan, zähmet gaýnap-joşup, şonuň netijesinde hem uly üstünliklere eýe bolunýandygyndan, halkyň agzybirdiginden, jebisdiginden, eşretli, bagtyýar durmuşyň hözirini görýändiginden nyşandyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň şeýle döwletdigini biz bu günki gün uly buýsanç bilen aýdyp bilýäris.

Turkmen

Arkadagyň göreldesi — sagdyn durmuş ýörelgesi HALKYMYZYŇ SAGLYGY — DÖWLETIMIZIŇ BAÝLYGY

Döwletimizde hereket edýän syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işjeňleri häzirki günlerde welaýatymyzyň ähli ýerlerinde, etrapdyr şäherlerinde, edara-kärhanalarda, bilim we terbiýeçilik edaralarynda, geňeşliklerde döwletimiziň we jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak, ilatyň saglyk babatda düşünjeliligini has-da ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň wajypdygyny düşündirmek bilen bagly giň gerimli wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini alyp barýarlar.

Turkmen

DOST-DOGANLYK ÝÖRELGÄMIZ

Gözel Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün ýurdumyzda ornaşdyrylýan özgertmeler mähriban halkymyzda ruhubelentlik we çäksiz buýsanç döredýär. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary astynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler syýasaty ähli pudaklarda öňegidişlikleriň gazanylmagy bilen tapawutlanýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýamamoto Hiroýukini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

«TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNA 25 ÝYL: DÖWLETLILIK, PARAHATÇYLYK, ÖSÜŞ WE ÖZGERTMELER ÝOLY BILEN» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygyna 25 ýyl: döwletlilik, parahatçylyk, ösüş we özgertmeler ýoly bilen» atly maslahat geçirildi.

BAGTYÝARLYGYŇ SAKASY

Howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, şu günler welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň zähmet toparlarynyň, obadyr şäherçe geňeşlikleriniň ýaşaýjylarynyň arasynda wagyz-nesihat işleri giň gerimde geçirilýär. Ýörite meýilnama esasynda, jemgyýetçilik guramalarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu işleriň netijeliligini gazanmak babatda işjeň tagallalar edilýär.

Turkmen

BAGTYÝARLYGYŇ SAKASY

Howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, şu günler welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň zähmet toparlarynyň, obadyr şäherçe geňeşlikleriniň ýaşaýjylarynyň arasynda wagyz-nesihat işleri giň gerimde geçirilýär. Ýörite meýilnama esasynda, jemgyýetçilik guramalarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu işleriň netijeliligini gazanmak babatda işjeň tagallalar edilýär.

Turkmen

ÖSÜŞLI ÝOLLARA TARAP

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi taryhy waka boldy. Maslahatda döwletimiziň, jemgyýetimiziň berkararlygynyň sarsmaz sütüni bolan Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, Milli Parlamentimizi iki palataly ulgama geçirmek boýunça degişli möhüm çözgütler kabul edildi.

Turkmen

Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi hem-de ýaşaýyş toplumyny açdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Çoganly şäherçesinde bina edilen täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu ýerde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze şäher zolagyny döretmek işleri dowam edýär.

MILLI KANUNÇYLYGYŇ ÖSÜŞ UGURLARY

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanan möhüm kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryna garaldy. «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de «2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklanyldy.

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.

SAGDYNLYK ÝÖRELGESI

TDP-niň Garagum etrap komitetiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary we saglygy goraýyş edaralary bilen bilelikde guramagynda etrap häkimliginde sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlanyp maslahat geçirildi. Maslahata bilim işgärleri, lukmanlar, ýaşuly nesliň wekilleri, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Turkmen

BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

Golaýda TDP-niň Darganata etrap komitetiniň guramagynda halk köpçüliginiň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek boýunça Darganata etrap häkimliginde, etrap bilim bölüminde, çagalar we ýetginjekler döredijilik merkezinde, jemagat hojalygy bölüminde duşuşyklar guraldy.

Turkmen

GUWANDYRYJY BAŞLANGYÇLAR

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk senesi mynasybetli göwün göteriji dabaralar bilen utgaşan köpçülikleýin bag ekmek dabaralary Köneürgenç şäherinde we etrabyň daýhan birleşiklerinde ýörite taýýarlanan ýerlerde geçirildi. Olara ähli ulgamlara degişli edara-kärhanalaryň wekilleri, il sylagly ýaşulular hem-de mährem eneler bilen bir hatarda TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň işgärleri hem işjeň gatnaşdylar. Bag ekmek dabaralarynyň çäginde guralan aýdym-sazly çykyşlar sogap işe bagyşlanan çärelere özboluşly baýramçylyk ruhuny çaýdy.

Turkmen

SAGLYGYM — BEGLIGIM

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher häkimliginiň, Türkmenbaşy şäher Saglyk öýüniň, Türkmenbaşy şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda edara-kärhanalarda, mekdeplerde, köpçülik ýerlerinde wagyz-nesihat işleri geçirilip gelinýär. Köçelerde, köpçülik ýerlerinde çäklendirilen araçägi saklamak, agyz-burun örtügini kadaly we düzgüne laýyk dakynmak babatda adamlar bilen düşündiriş işleri, wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär.

Turkmen

IŞJEŇ DUŞUŞYK

TDP-niň Kaka etrap komiteti beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň bilim işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

Turkmen

MASLAHAT GEÇIRILDI

Geçen hepdäniň penşenbe güni Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine we halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasat ugrunyň dabaralanmagy» at bilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Turkmen

DÖWLETLILIK ÝÖRELGÄMIZIŇ BEÝANY

Adamzadyň uzak-uzak müňýyllyklardan başlap, häzirki günlere çenli jemlän tejribesi, pähim-parasady, bilimler hazynasy, dünýä akyl ýetirmäge synanyşykda döreden pikir jöwherleriniň ählisi kitaplarda jemlenýär. Kitap — dünýäniň syrlar äleminiň açary. Kitap — durmuşda ýolgörkeziji çelgi. Kitaplaryň üsti bilen müňlerçe ýyl mundan ozal ýaşap geçen akyldarlaryň paýhaslary bilen tanyşýarys. Kitaplaryň üsti bilen milli gym­matlyklarymyzy ýene uzak-uzak asyrlara ýetirip bilýäris. Hut şonuň üçin hem kitap geçmişi, şu güni, geljegi bir-birine baglap duran ruhy köprüdir.

Turkmen

ŞANLY WAKALARA BESLENÝÄN DIÝARYM

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistan Diýarymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna barýan günlerimizde il-ýurt, döwlet ähmiýetli beýik işler amala aşyrylýar. Toýa sowgatly barmagy däbe öwren watandaşlarymyzyň her biri bu ajaýyp baýramçylygy mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamak ugrunda ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler.

Turkmen

GÜL GÖRKÜŇ BAGTYŇ NYŞANY

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň çäginde durmuş maksatly binalar toplumynyň açylmagy ähli halkymyzyň göwün guşuna ganat baglady. Gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzy, gül açýan oba-şäherlerimizi synlanymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň halkymyza eçilen eşretleriniň many-mazmunyna has aýdyň göz ýetirýäris.

Turkmen

BAKY BITARAPLYK — BUÝSANJYMYZ

Türkmen döwletiniň hoşniýetli, ynsanperwer, adalatly, dost-doganlyga ygrarlylyk ýörelgelerine dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilen ýokary ynamyň nyşany bolan baky Bitaraplyk hukuk ýag­daýy häzirki zaman taryhynyň şamçyragyna öwrüldi. Eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýan baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde belleniljek güni barha ýakynlaşýar.

Turkmen

DEMOKRATIK ÝÖRELGELER

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda göni wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny şanlandyran möhüm taryhy wakalaryň biri boldy hem-de ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berdi.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar Döwletiniň Emiriniň arasynda telefon söhbetdeşligi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Ajaýyp kitaby okap..

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünliklere beslenýän Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylymyz özüniň guwandyryjy wakalary bilen türkmen halkynyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny baýlaşdyrýar. Giňden bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň neşir edilendigi baradaky şatlykly habar hem halkymyzy örän begendirdi we guwandyrdy.

Turkmen

SAGLYK SERPAÝYNDAN PAÝLY HALKYMYZ

Täze hassahananyň açylyş dabarasyna jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri-de gatnaşdy. Biz hem olaryň käbiri bilen söhbetdeş bolduk. Şonda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri Araphan Ernyýazow öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— ­Sag bol­sun, mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­myz! Ilatyň saglygynyň goraglylygyny üpjün etjek şeýle döwrebap desgany gurduryp berdi. Munuň üçin guwanjymyz, buýsanjymyz egsilmezdir.

Turkmen

SAGLYGA MELHEM ALMALAR

Milli Liderimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga we gülzarlyga öwürmek baradaky berýän tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde Köneürgenç etrabynyň bagbanlary hem saldamly goşant goşýarlar. Etrabyň bagbanlary bagçylyk hojalyklarynda alma, erik, ülje, armyt, şetdaly agajyny ekmek, olardan bol hasyl almak ugrunda uly işleri alyp barýarlar. Netijede, ekilen miweli agaçlar bol hasyl berip, has-da gözüňi dokundyrýar. Etrabyň bagçylyk hojalyklarynda ýetişdirilen miweler ak bazarlarymyzyň berekedine bereket goşup, saçaklarymyzy bezeýär.

Turkmen

Ajaýyp senediň ussatlary

Sarahs etrabyndaky 8-nji çagalar bagynda «Kesp-kärim nesillere görelde» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan çagalar baglarynyň terbiýeçidir mugallymlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyry täsirli boldy.

Turkmen

ARKADAGA ALKYŞ BOLSUN!

Geçen hepdäniň anna güni Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň çäginde Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň täze binasy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Bu dabara hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy halkymyzda egsilmez joşgun döretdi. Şu mynasybetli ýörite habarçymyz bagtyýar ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdi.

Araphan Erniýazow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri:

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir möhüm desgasynyň — Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk täze Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Yhlasly zähmetiň mynasyp serpaýy

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän teklipleriň we başlangyçlaryň esasynda ýurdumyzyň oba-hojalyk pudagyny düýpli ösdürmek we özgertmek boýunça alnyp barylýan işlere elmydama guramaçylykly çemeleşilýär. Daýhanlarymyzyň topraga yhlasyny, söýgüsini siňdirip ýetişdiren bol hasylyny ýitgisiz, çalt ýygnap almak ugrundaky aladalarynda uly zähmet üstünliklerine beslenýär.

Turkmen

MUKADDES ÝÖRELGELERIŇ AJAP BEÝANY

Ylmyň ähli ugurlaryndan ýokary kämillik, ylahyndan zehin, akyldan umman çuňlugy berlen alym hem söz ussady bolan eziz Arkadagymyzyň elimize gowşan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitaby giň okyjylar köpçüligine – bize, hemmelere niýetlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň galam işlediş ussatlygyna, pähim-parasat baýlygyna öňden belet okyjylary bolan biz bu mukaddesligi alnymyza togap edip, ýüzümize sylyp, çäksiz şatlyk, ýokary mertebe bilen kabul etdik.

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

«HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ OŇYN BITARAPLYK, PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK ÝÖRELGELERINE WE HALKARA HYZMATDAŞLYGA ESASLANÝAN DAŞARY SYÝASAT UGRUNYŇ DABARALANMAGY» ATLY AÝDYM-SAZLY MASLAHAT

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde medeni köpçülikleýin çäreler, dabaraly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan maslahatlaryň biri hem şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine we halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasat ugrunyň dabaralanmagy» atly aýdym-sazly maslahat geçirildi.

SAGDYN BOLAÝYN DIÝSEŇIZ!..

Saglyk adamyň bedeniniň we ruhunyň kadaly ýagdaýydyr. Bu barada köp ylmy, edebi-taryhy çeşmelerde maglumatlar berilýär. Gadymy Gippokratdan bäri häzirki döwre çenli gelip ýeten maglumatlara görä adamyň saglygyna esasy täsir edýän zatlar durmuş aladalary, howa, iýmit we ukudyr. Adam tebigatynyň ýaradylyşy boýunça durmuşyň ownuk hysyrdylaryndan, dawa-jenjelden daşda dursa, gowy kitap okasa, saza, söhbete, şahandazlyga, süýji uka berilse, özüni rahat duýar.

Turkmen

TÜRKMENISTANYŇ GLOBAL EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASY

Häzirki wagtda sebitde we dünýäde ekologiýany, daşky gurşawy goramak tutuş adamzady gyzyklandyrýan wezipeleriň iň derwaýyslarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli pudaklarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler geljegi nazarlaýar.

Turkmen

HÄZIRKI WE GELJEKKI NESILLERE NUSGA

Ýakynda TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen etrabymyzdaky bilim we saglygy goraýyş edaralarynda guran wagyz-nesihat çärelerinde ýaş nesli milli gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemekde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ähmiýeti barada täsirli gürrüň edildi. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen nygtaýşy ýaly, ata-babalarymyzyň wesýet eden beýik taglymlarynyň häzirki we geljekki nesiller üçin nusga bolmalydygy, çeper döredijilikde hem durmuşda öz beýanyny tapmalydygy bellenildi.

Turkmen

WATANSÖÝÜJILIGIŇ MEKDEBI

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň baý ruhy-medeni mirasyna bagyşlanan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň hut baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda elimize gowuşmagy çuň many-mazmuna eýe boldy.

Golaýda Kerki etrabynyň 7-nji orta mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserlerine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi guraldy. Dabarada çykyş edenler «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eserindäki çuňňur manyly pikirleriň, many-mazmuna baý tymsallaryň terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarydygyny belläp geçdiler.

Turkmen

BELENT SEPGITLER

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletli çözgütleriniň hatarynda «Türkmenistanyň Konstitutsiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Turkmen

BAKY BITARAPLYK — PARAHATLYK AÝDYMY

Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasynda «Bitaraplyk — parahatlyk aýdymy» ady bilen geçirilen dabaraly duşuşyk baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyna bagyşlandy. Dabaraly duşuşygy TDP-niň etrap komiteti hem-de etrap merkezi kitaphanasy bilelikde gurady. Kitaphana işgärleriniň we köp sanly okyjylaryň, şeýle-de, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar diňlenildi, goşgular okaldy.

Turkmen

MASLAHAT GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramaklarynda «Arkadag Prezidentimiziň döretmek strategiýasy: berkarar döwletiň depginli ösüşleri» atly maslahat geçirildi.

Turkmen

HALK BÄHBITLI TÄZE DESGALAR

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 185 döwletiň goldamagynda baky Bitarap ýurt diýlip yglan edilmegi bilen bilelikde «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine hem 25 ýyl doldy. Taryh üçin o diýen uly möhlet bolmasa-da, 25 ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, adamyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän zyýanly endiklerden saplanmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Turkmen

BAKY BITARAPLYK — ABADANÇYLYK

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini hemmetaraplaýyn pugtalandyrýan, halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de ösdürilmegine ýardam berýän içeri we daşary syýasaty netijesinde parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyz syýasy, ykdysady, medeni taýdan barha pugtalanýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Şaly harmany beýgelýär

Şu günler welaýatymyzda şaly oragy gyzgalaňly dowam edýär. Kerki etrabynyň şalyçylary hem bu işe ýakyndan goşant goşýarlar. Şu ýyl etrapda 350 gektar ýere şaly ekildi. Şunça ýeriň her gektaryndan 45 sentnerden gowrak hasyl almak meýilleşdirilýär. Her biri 60 gektar ýere şaly eken Osman Söhbetow adyndaky we «Mürzebeggala» daýhan birleşikleriniň şalyçylary eýýäm arzyly sepgide ýetip, şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler. Etrabyň beýleki dört daýhan birleşigi hem muňa örän ýakyn geldi.

Turkmen

KALBYMYZ ŞATLYKDAN DOLY

Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamynyň gadymy Ahal ýaýlasyna düşmegi, welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynda dürli maksatly desgalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi kalplary joşa getirdi. Şol şatlykly pursatlar mynasybetli ildeşlerimiziň — welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Araphan ERNIÝAZOW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri:

Turkmen

Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň zähmet ýeňşi hakynda hasabaty kabul etdi

Turkmen

Şu gün — ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk wideomaslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň käbir netijeleri jemlenildi.

YNSANYŇ BAŞ BAÝLYGY

Köneürgenç şäheriniň bilim-halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň hem-de şäheriň ýaşaýjylarynyň arasynda lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak, ýerlerde arassaçylygyň kadalaryny berjaý etmek, ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokançlara garşy öňüni alyş çäreleriň geçirilişini güýçlendirmek maksady bilen, şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hem-de polisiýanyň ýerli wekilleriniň gatnaşmagynda düşündiriş işleri geçirilýär.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýzki bag ekmek möwsümine badalga berdi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bag ekmek boýunça ählihalk çäresi geçirildi. Eziz Diýarymyzyň giňişliklerinde täze baglyklaryň we seýilgähleriň düýbüni tutmak boýunça giň gerimli çäre ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga, türkmen topragynyň ähli künjeklerini ajaýyp ýaşyl lybas bilen bezemäge gönükdirilendir.

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI «BITARAPLYK – DAŞARY SYÝASATDAKY BAŞ ÝÖRELGÄMIZ» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk – daşary syýasatdaky baş ýörelgämiz» atly maslahat geçirildi.

DABARA GEÇIRILDI

Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde pagtaçy daýhanlaryň zähmet üstünliginiň şanyna dabara geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen dabarada pagta ýygymy möwsüminiň öňbaşçylary arzyly myhman hökmünde gatnaşdy.

Turkmen

EKINIŇ IDEGI ÝETIRILÝÄR

Geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekişini üstünlikli tamamlan Ak bugdaý etrabynyň gallaçy daýhanlary häzirki günlerde ekiniň idegini birkemsiz ýerine ýetirýärler. Etrap boýunça däne ekilen 31 müň gektardan bol hasyl almak üçin ýer eýeleri kadaly gögeriş gazanylan meýdanlara suw tutmak we beýleki işleri ylmyň gazananlary, agrotehnikanyň kadalary esasynda alyp barmaga uly ähmiýet berýärler.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şypahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman «Bagabat» şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şypahana toplumy bilen bir hatarda, oňa barýan döwrebap ýoluň gurlup, ulanylmaga berilmegi we onuň ugrunda belent başly «Saglyk» binasynyň oturdylmagy mynasybetli guralan dabaralar eziz Diýarymyzyň her bir gününiň belent sepgitlere, ajaýyp ýeňişlere beslenýändigini görkezýän taryhy waka öwrüldi.

Bitaraplyk — beýik mukaddeslik

Toýlary toýa ulaşýan Türkmenistan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eşretli durmuşyň hözirini görýän agzybir, merdana, zähmetsöýer halkymyz uly ruhubelentlik bilen ýene bir şanly baýramçylygy garşylaýar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berlenine 25 ýyl dolýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

HALK BÄHBITLI ÖZGERTMELER

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet merkezinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy kararlarynyň ähmiýetine we ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň mazmunyna bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginiň, etrap kazyýetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklary, bilim işgärleri, dürli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Turkmen

BUÝSANÇLY KALPLARYŇ ALKYŞY

TDP-niň Hojambaz etrap komiteti we onuň ilkinji guramalary hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri, Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylyşyny ilat arasynda yzygiderli wagyz-nesihat etmegi özleriniň baş maksady hasaplaýar.

Turkmen

ÝÖRELGÄMIZ — SAGDYNLYK

Golaýda Murgap etrabyndaky orta mekdepleriň birnäçesinde geçiren wagyz-nesihat çärelerimize hem il sylagly ýaşulular, baý durmuş tejribesi bolan eneler, mekdep mugallymlary we ýaş nesliň wekilleri işjeň gatnaşyp, halkymyzyň şöhratly geçmişi, baý ruhy-medeni gymmatlyklary, täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ata Watanymyzda eýelenýän belent sepgitler hakynda edilen täsirli gürrüňler çuň many-mazmuna baý boldy.

Turkmen

MILLI DEMOKRATIÝA DABARALANÝAR

Şu günler dürli ulgamlarda Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütleri halk köpçüligine wagyz etmäge gönükdirilen maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri ýokary derejede geçirilýär. TDP-niň Serdar şäher komitetiniň, şäher häkimligi, ýerli jemgyýetçilik guramalary bilelikde guramagynda şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçen wagyz-nesihat maslahaty hem şeýle çäreleriň biri bolup, ol «Halk Maslahaty — bedew batly ösüşlere badalga» diýlip atlandyryldy.

Turkmen

ŞANLY TOÝUŇ ŞANYNA

Ýakynda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp etrabymyzyň Medeniýet öýünde «Bitaraplyk — dilde dessan, öňe barýar Türkmenistan» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. TDP-niň Tejen etrap komitetiniň etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guran baýramçylyk dabarasynda edilen çuň many-mazmunly çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda baky Bitarap döwletimiziň bedew batly ösüşleri hem bagtyýar zamanamyzda ýeten belent sepgitleri barada buýsançly gürrüň edildi.

Turkmen

Belent sepgitleri nazarlap

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň zawodlar toplumymyzdaky ilkinji partiýa guramasy hem öz gündelik işini hemişe hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna we sargytlaryna laýyk derejede alyp barmaga çalyşýar.

Guramamyzdaky partiýa agzalarynyň sany bu gün 500-den hem geçýär. Zawodlar toplumymyzda dürli kärlerde zähmet çekýänleriň sanynyň üç müňden gowrakdygyny nazarda tutsaň, ilkinji partiýa guramamyzyň kärhanamyzda uly güýç bolup durýandygy äşgär ýüze çykýar.

Turkmen

SAGLYGYM — BAŞ BAÝLYGYM

Şeýle at bilen Tejen şäherindäki Karbamid zawodynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Şäher häkimliginiň meýilnamasy esasynda geçirilen maslahata bu zawodyň işgärleri gatnaşdy.

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgeden ugur alan maslahatyň esasy maksady ildeşlerimiziň dürli kesellere garşy goranyjylyk ukybyny ýokarlandyrmakdan we keselleriň öňüni almakdan ybarat boldy. Şu günler agyz-burun örtüklerini dakynmagyň emele gelip biläýjek keselleriň öňüni alýandygy, ony dakynmagyň düzgünleri barada aýdyldy.

Turkmen