December 2020

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldylar.

Döwlet Baştutanymyz diplomatik düzümiň duaýýeni bilen wideoduşuşyk geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen duşuşyk geçirdi. Onlaýn duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem gatnaşdy.

GURSAGY HYJUWLY TÜRKMEN DAÝHANY

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň täze belentliklerine tarap gadam urýar. Şeýle ösüşli, özgertmeli döwrümizde gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy bolan ata Watanymyzda bereketli topragymyza yhlasly garamagyň däpleri täze mazmuna eýe bolýar. Daýhanlara deňi-taýy bolmadyk ýeňillikler berilýär, pudagy tehniki taýdan enjamlaşdyrmak işleri okgunly dowam edýär, täze tehnologiýalar we ylmy tejribelerdir taslamalar işjeň ornaşdyrylýar.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen ýurdumyzyň Baş arçasyna bardy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyna geldi. Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk myhmanlary mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Watanymyzyň tebigatynyň gözelligi − tükeniksiz baýlyk

Turkmen

Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gezelenç etdi. Owunjaklap ýagan gar bu töwerekleri ak lybasa besledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.

«HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY»: BEÝIK MAKSATLAR, MÖHÜM WEZIPELER

Türkmenistan döwletimiz häzirki zamanyň ösen jemgyýetini kemala getirmekde uly öňe gidişlikleri gazanýar. Ähli ösüşlerimiziň baş şygary bolsa hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesidir.

Turkmen

KITAP — YNSANYŇ HEMRASY

Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman jemgyýetçiliginde hakyky gymmatlyklaryň maddy baýlykda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini hem-de päk zähmetleriniň netijesindedigini belläp geçýär. Diýarymyzyň bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagy, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegi we olaryň ýörite tor arkaly elýeterli üpjün edilmegi üçin netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny hem-de habar beriş serişdelerini ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk görnüşde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Döwrebap önümçiligiň sazlaşygy

Öz işlerini Köýtendag etrabynyň çäginde alyp barýan «Sabyr, Timur Taşewler» hususy kärhanasy şu ýyl önümçiliginiň hataryna duz plitalaryny hem goşdy. Munuň üçin Köýtendagyň duzly ýataklaryndan alnan çig mal kesilip alynýar we ini-uzynlygy 20 santimetr möçberindäki plita görnüşine getirilýär.

Hormatly Prezidentimiz geçen aýyň başynda «Bagabat» şypahanasynyň açylyş dabarasynda duzly howasy bolan otagda galoterapiýa bejerişi üçin niýetlenilen enjamlar bilen tanyşdy. Bu ýerde Köýtendagyň duzly gowaklarynyň emeli mikro howasy döredildi.

Turkmen

Maşgala ― durmuşyň gözelligi

Ýurdumyzyň şöhratyny, milletimiziň mertebesini Arşa göterjek kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmegi ähli döwürde-de ömrüniň baş manysy saýan halkymyz terbiýe meselesine örän inçelik bilen çemeleşýär. Ömrüni, yhlasyny, zähmetini gaýgyrman, kemala getirýän oguldyr gyzlarynyň il halar adamlar bolup ýetişmekleri, elbetde, ene-atalaryň perzentlerine berýän terbiýesine baglydyr.

Turkmen

Kalplary ganatlandyrýan gözellik

Zergärçilik — inçe senet. Muny ykrar etmeýän ýok bolsa gerek, çünki owadan gülýakalardyr, tumarlary, kökenli ýüzüklerdir bukawlary ýasamak senetçiden ýiti zehini, iňňän inçe zähmeti we irginsizligi talap edýär. Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy, zergär Döwrangeldi Agageldiýew hem tejribeli zergärleriň biridir. Döwrangeldi heniz çagalykdan başlap, gülýakadyr bilezikleriň ýasalyş aýratynlygyna syn etmegi gowy görer eken. Ejesi oglunyň zergärçilige höwes bildirýänini turuwbaşdan aňypdyr.

Turkmen

ÜSTÜNLIKLERE BESLENEN ÝYL

Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny ýokary görkezijiler bilen jemleýärler. Tamamlanyp barýan şanly ýylymyzda etrabyň pagtaçylarydyr däneçileri, gök ekerançylary özleriniň öňünde duran meýilnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Etrabyň «ak altyn» ussatlary 22 müň 400 gektar meýdanda gowaça ýetişdirip, ondan pagta harmanyna hasylyň 43 müň 250 tonnadan gowragyny goşdular. Gallaçy daýhanlar bolsa, däne ýetişdirilen 31 müň gektar meýdandan hasylyň 69 müň tonnadan gowragyny ýygnap, döwlete tabşyrdylar.

Turkmen

Hasyl ýygymynda

Gant şugundyrynyň ýeriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, özünden soňky ekilen ekiniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda ähmiýetli ekinleriň biridigine geçen ýyllaryň dowamynda ymykly göz ýetiren ekerançylaryň, hususan-da, gallaçylaryň müňlerçesi her ýyl galla hasylyny ýygnanlaryndan soň, onuň yzyna güýzlük gant şugundyryny ekmegi daýhançylyk durmuşyna ymykly girizdiler. Bu asylly daýhançylyk däbini indi birnäçe ýyldan bäri Baýramaly etrabynyň däneçileri hem dowam etdirip gelýärler.

Turkmen

ZENANLARYŇ JEMGYÝETDÄKI ORNY

Türkmen halky taryhyň dürli döwürlerinde hem zenanlara uly hor mat goýup gelen halkdyr. Zenan mertebesini belent tutmak türkmeniň milli ynsanperwer ýörelgelerinden gözbaş alýar. Halkymyz zenanlara ýaşaýşyň gözelligi, jemgyýetiň gönezligi hökmünde garapdyr. Türkmen halkynyň taryhynda uly yz galdyran zenan şahsyýetleriň bolmagy hem aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Altynjan hatyn, Türkan hatyn, Zerinaý, Tumar şa ýaly şahsyýetleriň öz döwründe taryhy-syýasy wakalara öz täsirlerini ýetirendikleri hakynda maglumatlar bar.

Turkmen

HALKYŇ SAGLYGY — ÝURDUŇ BAÝLYGY

Häzirki döwürde howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynyň, obadyr şäherçe geňeşlikleriniň ýaşaýjylarynyň arasynda wagyz-nesihat işleri giň gerimde geçirilýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu işleriň netijeliligi gazanylýar.

Turkmen

TÄZE WEZIPELER — ÜSTÜNLIKLERE BADALGA

Hormatly Prezidentimiziň Täze ýylyň öňüsyrasynda jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň öňünde durýan wezipeler boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirmegi ildeşlerimizde, şol sanda welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we partiýa işgärlerinde uly gyzyklanma we hoşallyk duýgusyny döretdi. Şonuň bilen baglanyşykly jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we syýasy partiýalaryň wekilleriniň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Turkmen

Milli Liderimiz GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly aragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti jemgyýetçilik- syýasy guramalaryň wezipeleri boýunça maslahat geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

ÇAGALYGYMYŇ ŞÄHERI Hekaýa

Alyslarda galan çagalyk ýyllaryň hakyndaky süýji ýatlamalara berlip, bir pursatlyk hem bolsa çagalygyň päkize dünýäsine dolanmak, özüňi kirşenli ýodajykda aýakýalaň ylgap ýören, gursagy ýüz müň hyýaldan doly körpejeligiňe göz öňüne getirmek kalbyňa üýtgeşik bir ýakymly duýgulary bagyş edýär. Şonda ynsan ömrüniň iň arassa, iň gözel döwrüniň şeýle gysgadygyna hem-de hiç haçan gaýtalanmajakdygyna tüýs ýüregiň bilen gynananyňy duýman galýarsyň.

Turkmen

BAKY BITARAPLYK — BUÝSANJYMYZ WE BAGTYMYZ

Baky Bitaraplyk ýurdumyzyň parahatçylygynyň, ilimiziň abadançylygynyň, halkymyzyň jebisliginiň, agzybirliginiň binýadyny berkidip, eziz Diýarymyzyň bagtyýarlygyň mekanyna öwrülmeginde möhüm orny eýeledi. 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny dabaralandyrdy we raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende göterdi.

Turkmen

ÖSÜŞ-ÖZGERIŞLERIŇ ÝOLY BILEN

Watanymyzyň häzirki zaman taryhynda 2020-nji ýyl şanly ýyllaryň biri hökmünde mynasyp orun aldy. Çünki bu ýyl ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy uly ruhubelentlikde, dabaraly bellenilip geçildi.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün agzybir we beýik başlangyçlary bolan yhlasy bilen bir maksada gulluk edýän türkmen halky döredijilik ýokary göterilişi hem-de bimöçber buýsanç duýgulary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly seneleriniň biri bolan Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyny giňden dabaralandyrýar.

BITARAPLYK BAGTY

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ykrarnamasy bolup altyn harplar bilen taryha ýazyldy. Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütin dünýä bileleşiginiň gymmatlygydyr. Bitaraplyk asuda ýaşaýşyň, agzybir, parahat durmuşyň ertirki geljegine ynamyň kepilidir. Türkmen halky özüniň asyrlar boýy arzuwlap gelen mukaddes Garaşsyzlygyna, baky Bitaraplygyna çäksiz sarpa goýýar. Bu iki mukaddesligi başynyň täji hasaplaýar.

Turkmen

BAKY BAGTYŇ ÇYRAGY

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir günümiz toýdur baýrama, satlyk-şowhuna beslenýär. Eziz Diýarymyz BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, parahatçylyk söýüji syýasatyny yzygiderli ýöredýär we dünýäde oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edip, ençeme işleri durmuşa geçirýär.

Turkmen

Wagyz-nesihat edilýär

Şu günler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komiteti etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de saglygy goraýyş edaralary bilen bilelikde etrabyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda, şol sanda medeniýet we bilim ulgamlarynda, daýhan birleşiklerde, oba geňeşliklerinde wagyz-nesihat işlerini alyp barýar. Möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýän düşündiriş işleriniň netijeliligini gazanmak babatda degişli tagallalar edilýär.

Turkmen

TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYKLY ÖSÜŞE ÇAGYRYŞ

Üçünji müňýyllyk adamzadyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň özgerýän, ykdysady we senagat taýdan ösüşiň ýokary depginleri üpjün edilýän, innowasiýalardyr sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýan, energiýanyň ulanylmagyna we ekologiýa talaplaryna täzeçe garaýyşlaryň emele gelýän, ulag-logistika we maglumat kommunikasiýa ulgamlarynyň depginli ösýän döwri hökmünde häsiýetlendirilýär. Dünýäde bolup geçýän özgerişler her bir döwletiňdir milletiň özboluşly, milli ösüş ýoly, taryhy orny ýaly meseleleri orta çykarýar.

Turkmen

OWAZY GURSAGA MELHEM, SENEDI KALPLARA YLHAM

Dutaryň ýakymly owazyna melul bolmadygymyz ýokdur. Saz diňleseň ruhuň belent, keýpiň kök bolýar. Şonuň üçin hem il-günümiz saza kerem, dutara bolsa jadyly senet diýýändir. Aýdym-saz, dutar, gyjak agzalsa, kalba ýakyn owazlaryň şirin mukamy gulagyňda ýaňlanýar. Saz sungaty, dutaryň, gyjagyň ýürekleri heýjana salýan owazy hakda näçe aýtsaň hem aýdara zat kän. Biziň söhbetimiz hem owazy bilen ýürekleri maýyl edýän dutary ýasaýan, bu keremli senede dil bitirýän ussa hakynda. Çünki agaçdan kemal bolýan jadyly senediň ýasalyşynyň özi-de aýratyn bir sungatdyr.

Turkmen

DÜNÝÄ YKRARNAMASY

Golaýda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp Mary şäherindäki toý mekanynda «Baky Bitarapdyr ata Watanym» at bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, medeniýet we sungat işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Turkmen

HALKYMYZYŇ BUÝSANJY

TDP-niň S.A.Nyýazow adyndaky etrap komitetiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda etrabyň Medeniýet merkezinde baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna bagyşlanyp «Bitaraplyk — halkymyzyň buýsanjy» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.

Turkmen

BITARAPLYK — DILDE DESSAN

Ýakynda TDP-niň Halaç etrap komitetiniň we etrap medeniýet bölüminiň guramagynda etrabyň Medeniýet öýünde ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesi mynasybetli «Bitaraplyk — dilde dessan, öňe barýar Türkmenistan» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Etrap medeniýet bölüminiň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmegindäki şirin aýdym-sazlarda we folklor çykyşlarynda Watanymyzyň ösüşleri, halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň asudalygy wasp edildi.

Turkmen

RUHUBELENTLIGE BESLENDI

TDP-niň Türkmenbaşy şäher komiteti şäherdäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda Türkmenbaşy şäher medeniýet bölümi bilen bilelikde Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de Nebitgaz senagatynyň we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Toýuň toýa ulaşsyn, baky Bitarap Watanym!» ady bilen baýramçylyk çäresini geçirdi.

Turkmen

UMUMADAMZAT GYMMATLYGY

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp TDP-niň Babadaýhan etrap komitetiniň we etrabyň bilim bölüminiň guramagynda etrapdaky 2-nji orta mekdepde «Baky Bitaraplyk — umumadamzat gymmatlygy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirilip, täze taryhy eýýamda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen eýelenýän belent sepgitler, baky Bitarap döwletimiziň bütin dünýä ýaň salýan taryhy özgerişleri barada buýsançly gürrüň edildi.

Turkmen

TÄSIRLI DABARALAR

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy mynasybetli «Arkadag göreldämiz, sagdyn durmuş ýörelgämiz» atly aýdym-sazly, baýramçylyk wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň söwda toplumynda işleriň häzirki ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde duran ilkinji nobatdaky wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

KALPLAR ALKYŞDAN DOLY

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözümiziň nuruna, başymyzyň täjine, kalplarymyzyň buýsanjyna deňäp söýýän mukaddes Watanymyzyň berkararlygyny, ykdysady babatda kuwwatlylygyny, bu eziz Diýarda ýaşaýan we halal zähmet çekýän raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny ygtybarly üpjün etmekde amala aşyrylýan dünýä nusgalyk beýik işler barha rowaçlyklara beslenýär.

Turkmen

“TÜRKMENISTAN – BITARAPLYGYŇ MEKANY” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna gabatlap halkymyza eden ajaýyp  sowgady bolan “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 

Время новых решений

25 сентября 2020 года состоялось заседание Халк Маслахаты Туркменистана, на котором единогласно были приняты политически и исторически важные и значимые для нашего государства решения. В работе заседания участвовали и посланники Дашогуза, которые, по завершении Маслахата, при содействии велаятского и городского комитетов Демократической партии Туркменистана и общественных организаций провели информационно-разъяснительные мероприятия в государственных учреждениях, трудовых коллективах и учебных заведениях велаята.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyndaky işleriň ýagdaýyna bagyşlanan meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

MILLI AŇYÝETIŇ KÄMIL GÖZBAŞY

Türkmen halky Garaşsyzlyk döwründe milli döwletlilik syýasatynyň iň esasy gazananlarynyň biri bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramyny uly dabaralara besleýär. Önümçilikde, ylymda, medeniýetde uly üstünlikler gazanylýar. Halkymyzyň hal-ýagdaýy ýokarlanýar. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimi giňelýär.

Turkmen

SAG BAŞYM – SOLTAN BAŞYM

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen halkymyzyň eline gowşan «Paýhas çeşmesi» kitabynda saglyk bilen bagly ençeme nakyllar bar. «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Bar zadyň sakasy saglyk», «Saglyk – baýlyk», «Saglyk isleseň – köp iýme, hormat isleseň – köp diýme» ýaly nakyllary döreden ata-babalarymyz her kimiň öz saglygy barada çynlakaý alada etmelidigini ündäpdirler.

Turkmen

DÖREDIJILIKLI IŞLEMÄGE RUHLANDYRÝAR

Ösüşleriň röwşen ýolundan bedew batly gadamlar bilen öňe barýan mähriban ýurdumyzyň täze eýýamynda döwlet syýasatynda hukuk ulgamynyň, düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, adamlaryň we raýatlaryň hukuk goraglylygynyň kanuna esaslanýan netijeli usullar we serişdeler bilen berkidilmegi aýratyn ähmiýetli ugurlar bolup durýar.

Turkmen

Baky Bitaraplyk — ösüşleriň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde eziz Diýarymyzyň halkara abraýy has-da artýar. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasaty dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.

AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA ÝARYŞ

Golaýda Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 1-nji sport mekdebinde baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň we TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda 2005-nji ýylda doglan we ondan uly ýaşly türgenleriň arasynda agyr atletika boýunça welaýatymyzyň Kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oglanlaryň we gyzlaryň arasynda guralan bu ýaryşda Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň türgenleri iň köp baýrakly orunlara eýe boldular.

Turkmen

SAGLYK — ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

Saglyk — bu her bir adamyň, jemgyýetiň bahasyna ýetip bolmajak iň gymmatly baýlygydyr. Bu babatda ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesini ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolupdurýar. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da berk ornaşdyrmakda amala aşyrýan tutumly işleri dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.

Turkmen

DIÝARA ŞAN GETIRÝÄN ÝYL

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Türkmenistan parahatçylygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna işjeň daşary syýasatyny alyp barýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy dünýä giňişliginde ýurdumyzyň amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär. Hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen parahatçylygyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna iki taraplaýyn we köp taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr.

Turkmen

ÝURDUMYZ — PARAHAT, ILIMIZ — BAGTYÝAR

Hemişelik Bitaraplyk şöhratly taryhymyzyň, şu günümiziň we geljegimiziň döwletli ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrýan beýik işleri il-ulsumyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, döwletiň hem jemgyýetiň durmuşyna degişli her bir ugurda ösüş gazanmak maksady bilen öňe sürülýän giň möçberli özgertmeler barha rowaç alýar.

Turkmen

«Parahatlyk mekany – Bitarap Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşigi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi bilen bilelikde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli yglan edilen «Parahatlyk mekany – Bitarap Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek we döredijilik sergisi geçirildi. Döwrümiziň waspyny ýetirýän «Parahatlyk mekany – Bitarap Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Parahatlyk mekany – Bitarap Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşigi

Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi bilen bilelikde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli yglan edilen «Parahatlyk mekany – Bitarap Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek we döredijilik sergisi geçirildi. Döwrümiziň waspyny ýetirýän «Parahatlyk mekany – Bitarap Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp, ýok etmek üçin niýetlenen täze toplumyň açylyş çäresine gatnaşdy, şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY

TDP-niň Tejen etrap komitetiniň guramagynda etrapdaky 5-nji orta mekdepde «Sagdyn durmuş — bagtyýarlygyň özeni» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, etrap hassahanasynyň, etrabyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna göreşmek gullugynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, mekdep mugallymlary, işjeň partiýa agzalary gatnaşdy.

Turkmen

IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY

Gökdepe etrabynyň edara-kärhanalarynda we oba geňeşliklerinde «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgeden ugur alnyp, wagyz-nesihat maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Etrabyň Pensiýa gaznasy bölüminde hem şeýle maslahat geçirildi. Etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda geçirilen bu maslahata zähmetkeşler gatnaşdy.

Turkmen

Täsirli maslahat

TDP-niň Mary welaýat, Wekilbazar etrap komitetleriniň welaýat saglygy goraýyş müdirligi bilen Mollanepes adyndaky şäherçäniň Medeniýet öýünde geçiren maslahatynda bagtyýar zamanamyzda milli kanunçylygymyzyň ösüşi, Gahryman Arkadagly Diýarymyzda halkymyzyň eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýandygy, ata Watanymyzyň belent sepgitleri eýeläp, bedew bady bilen öňe barýandygy buýsanç bilen bellenilip geçildi.

Turkmen

Bitaraplyk — şöhratym sen, şanym sen!

Ýakynda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet merkezinde etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim we medeniýet bölümleriniň wekilleriniň guramagynda, şeýle hem il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp «Bitaraplyk — şöhratym sen, şanym sen!» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy we aýdym-sazly dabara geçirildi.

Turkmen

Buýsanja beslendi

Golaýda Türkmenabat şäherinde Lebap welaýat häkimliginiň 13-nji gurluşyk-gurnama müdirliginde baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanan wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Turkmen

Täsirli gürrüňdeşlik

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň wagyz-nesihat topary «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň daşky gurşawy goramak gullugynyň Hazar döwlet tebigy goraghanasynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi.

Onda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty, Halkara Bitaraplyk gününi mynasyp garşylamak, ýokanç keselleriň öňüni almakda agyz-burun örtüginiň möhüm ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi.

Turkmen

Baýramçylyk dabarasy

Ýakynda TDP-niň Tejen şäher komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Tejen şäherindäki Medeniýet öýünde baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Bu ýerde edilen çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän başlangyçlarynyň bütin dünýäde giňden goldanylýandygy hem-de ykrar edilýändigi barada buýsançly bellenildi.

Turkmen

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly maslahat geçirildi. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk senesi mynasybetli geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary çykyş etdiler.

Turkmen

BITARAPLYK — BERKARARLYK BINÝADY

Şu ýyl mähriban halkymyz uly baýramy — baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny uludan belleýär. Taryh üçin uzak bolmadyk bu döwürde ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyryldy. Halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogan baky Bitaraplygymyzyň taryhynyň sahypalaryna göz aýlasak, olaryň ilkinji sahypalary 1995-nji ýylyň dekabr aýynda altyn harplar bilen ýazyldy.

Turkmen

RUHY GYMMATLYKLARYMYZA EÝERIP

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurluşyk pudagyny düýpli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna işjeň taýýarlyk görülýän häzirki döwürde mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze, döwrebap binalar açylyp ulanylmaga berilýär. Bu şatlykly wakalar baky Bitarap ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň dünýäniň iň ösen döwletleriniňki bilen deňleşendigini äşgär edýär.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

SYNMAZ GÜÝÇ — SYNMAZ RUH

Garaşsyzlygyna eýe bolan sanlyja ýyllaryň içinde ýurdumyzyň türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermegi netijesinde alyp barýan daşary syýasat dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekdi.

Turkmen