March 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: energiýa howpsuzlygy, ulag we ekologiýa sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ulgamlarydyr

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen (Türki geňeş) resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

«IKI PALATALY PARLAMENT ULGAMY – DÖWLET ESASLARYNY PUGTALANDYRMAGYŇ KEPILI» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda “Iki  palataly  parlament  ulgamy – döwlet  esaslaryny pugtalandyrmagyň  kepili” atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzasynyň şahsyýetnamasy gowşuryldy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy.

GÖWNÜMIŇ HOŞY

DURMUŞ PURSATLARY

Nartäç eje adamsyndan ir galan bolsa-da, durmuşda, işde ejizlemän, ýalňyz perzendi Beglini ösdürip-ulaldyp, adam edip ýetişdirdi. Ogluny gyzlaryň içinden saýlap-seçen gyzyna — Güljerene öýerip, toý tutdy. On bir ýylyň içinde dört agtyk söýüp, arzuwyna ýetdi.

Ýöne enäni bir bynjalyk edýän zat, dört perzendiň kakasy bolsa-da, Begliniň ýüzi salyk, egni gysykdy. Şonuň üçinem gelni Güljerenem özüni adamsynyň öňünde müýnli ýaly duýýardy.

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

ERKANALYGYŇ BAÝRAMY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nesilden-nesle geçip gelýän milli baýramlarymyza aýratyn uly sarpa goýulýar. Olar halkymyzyň bolelin, bagtyýar ýaşaýan döwründe mynasyp dowam etdirilip, döwrebap öwüşginlere eýe bolýar. Her ýyl halkymyz uly dabara bilen Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi belläp geçýär.

Turkmen

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhana toplumlarynyň açylmagyna badalga berdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy - “Oguz ýoly” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

GÖZEL GÖRKLI PAÝTAGTYMYZ

Ak şäherimiz Aşgabat gözelligiň mesgeni! Özüniň gaýtalanmajak bezegleri bilen görenleri haýrana goýýan kaşaň köşkleriň, belent-belent ymaratlaryň, ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň her biri paýtagtymyza özboluşly gözelligini eçilýär. Al-asmana atylyp, owadan görnüşleri emele getirýän suw çüwdürimleri paýtagtymyzda bagtyň joşýandygyny alamatlandyrýar. Gülleriň ysy burk urýan seýilgähler bolsa göwünleri galkyndyrýar. Paýtagtymyzyň aýna ýaly tekiz, oklaw deýin göni ýollary ak arzuwlar bilen ýola düşenleri beýik maksatlara atarýar.

Turkmen

«BEDEW BADY BILEN ÖŇE BARÝAR ARKADAGLY DIÝARYM» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Bedew bady bilen öňe barýar Arkadagly diýarym» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmak we paýtagtymyzyň durmuş düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Turkmen

Şu gün ir bilen baýramçylyk güni özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp etmegi ýola goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy.

DAG OBASYNYŇ NOWGÜLI (HEKAÝA)

Ýolagçy awtobusynyň aýnasyndan daşaryny synlap oturan ýaş ýigidiň gözleri daş-töwerekdäki gözelliklerdedi. Onuň bu bolup oturyşy göýä bahar paslynyň ajaýyp gözelligi bilen jadylanan ýalydy. Ine-de, ulag iki tarapy hem dagdyr baýyrlyk bilen gurşalan ýol boýunça ýokarlygyna galyp ugrady. Ýigit şondan soň tutuş göwresi bilen ulagyň aýnasyna tarap öwrülip, bu gözellikleri has uly höwes bilen synlamaga başlady.

Turkmen

ÜLKÄME BAHAR GELENDE

Pasyllaryň soltany bolan bahar paslynda döwlet derejesinde il agzybirliginde we jebislikde toýlanylýan Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni bezeýän şanly seneleriň biridir.

Turkmen

Milli Liderimiz ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi

Turkmen

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

«Halkara Nowruz baýramy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň baýramy» atly maslahat

Turkmen

Milli bahar baýramy Halkara nowruz güni hem-de Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti bilen bilelikde «Halkara Nowruz baýramy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň baýramy» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.

«HALKYŇ ABADAN DURMUŞY HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SYÝASATYNYŇ BAŞ UGRUDYR» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramaklarynda «Halkyň abadan durmuşy hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň Baş ugrudyr» atly maslahat geçirildi.

Milli Liderimiziň paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça iş sapary

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

«HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SPORT SYÝASATY: MAKSATLAÝYN ÄDIMLER, TARYHY ÖSÜŞLER» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýakynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Hormatly Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan ýokary sylagyny gowşurmak dabarasynyň jemlerine bagyşlanyp Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde «Hormatly Prezidentimiziň sport syýasaty: maksatlaýyn ädimler, taryhy ösüşler» atly maslahat ge

Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi. 

MILLI GEŇEŞ: TÄZE TEJRIBELER, WAJYP WEZIPELER

Ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik-hukuk özgertmeleriniň täze tapgyrynyň, ýagny iki palataly parlament ulgamynyň döredilmeginiň möhüm çäresi bolan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işjeň dowam etdirilýär. Bu saýlawlaryň netijesinde täze syýasy-demokratik ulgam kemala geler.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä çempionyny sarpalamak dabarasyna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda agyr atletika boýunça Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda mynasyp bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Ýurdumyzda guralan we ýokary derejede geçirilen bu abraýly ýaryş Watanymyzyň halkara sport merkezi hökmündäki abraýyny berkitdi. Şeýle hem milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn strategiýanyň uly üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi.

Поздравительная Акция

В честь Международного женского дня Ашхабадский городской комитет Демократический партии Туркменистана организовал поздравительную акцию. В малом зале Центра общественных организаций Туркменистана собрались активисты первичных партийных организаций столицы. В своих трудовых коллективах они ведут большую работу по пропаганде, разъяснению и претворению в жизнь мудрой внутренней и внешней политики уважаемого Президента Туркменистана, по повышению патриотических настроений в обществе.

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Şol meseleleriň çözülmegi bolsa halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bagtymyzyň gözbaşy

Dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Dünýä döwletleri we iri halkara guramalary Garaşsyz Türkmenistany ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edýär.

Turkmen

MÄHRIBANLYKDAN DÖREÝÄN GUDRAT

Her bir güni toýdur baýramlara, taryhy wakalara beslenýän eziz Diýarymyza bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töweregimiz gülzarlyga beslendi. Şeýle owadan hem ýakymly pursatlarda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilmegi olara goýulýan sarpanyň uludygyny görkezýär. Bu günki gün bahar bägülleri ýaly owadan hem näzik zenanlarymyz dürli pudaklarda zähmet çekýärler. Olar erkek adamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň ösmegine saldamly goşant goşýarlar.

Turkmen

GARAŞSYZLYK — DÖWRÜMIZIŇ GANATY

Merdana halkymyzyň mizemez bagty, döwrümiziň goşa ganaty baky Bitaraplygymyzyň we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şuglasy bu günki gün eziz Diýarymyza bagtyýarlyk nuruny çaýýar.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKO-nyň Sammitine gatnaşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV Sammitiniň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy.

Halkara zenanlar güni mynasybetli

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň düzüminde zähmet çekýän zenan gyz-gelinlere Hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda  Türkmenistanyň syýasy partiýalaryň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary Hormatly Prezidentimiziň adyndan gyz-gelinleri baýramçylyk gutlaglary bilen olara dabaraly ýagdaýda sowgat gowşurylyş çäresi geçirildi.

“TÜRKMENISTAN – BMG: DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEK UGRUNDA HYZMATDAŞLYK” ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda “Türkmenistan – BMG: durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.