April 2021

SANLY YKDYSADYÝET

Hormatly Prezidentimiziň ählihalk tarapyndan döwlet Baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek bilen pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirip başlady. Gahryman Arkadagymyz: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip bellemek bilen, türkmen ylmyny ösdürmäge, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge uly üns berdi.

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Pederlerimiziň köpasyrlyk däpleri we wesýetleri ruhy gymmatlyklary baýlaşdyrmagyň özenidir

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde agzaçar sadakasyny berdi. Oňa şu gün paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Owganystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda goňşy döwletiň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň biwagt aradan çykmagy zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanç bildirdi hem-de owgan halkynyň adyndan medet beriji we ýürekden duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

BEDEWLERIMIZE BUÝSANÝARYS

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etraby ýurdumyzda iri pagtaçylyk, gallaçylyk, şalyçylyk etrabydyr. Şunuň bilen birlikde etrapda ajaýyp bedewler ösdürilip ýetişdirilýär.

Turkmen

Halkara ahalteke atçylyk toplumynda baýramçylyk dabaralary

Turkmen

Şu gün Türkmenistanda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde giň gerimde bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bu günki baýramçylyk dabaralarynyň başlanýan ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda halk arasynda iň meşhur bäsleşikleriň biri — baýramçylyk at çapyşyklary guraldy.

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň täze düzümleýin desgalarynyň açylyşy

Turkmen

Paýtagtymyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynyň açylyş dabarasy boldy, şeýle hem teleköpri arkaly Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezleriň - döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurlan türkmen alabaýynyň merkezleriniň açylyş dabaralary geçirildi.

TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri her bir türkmen raýatynyň kalbynda egsilmez joşgun, ýaşaýşa söýgi döredýär. Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ata-baba däp-dessurlarymyz, gadymdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimiz gaýtadan dikeldilýär. Ata-babalarymyzyň kyn günde syrdaş, ýow günde gardaş saýan bedewine goýulýan hormat hem şu ajaýyp bagtyýarlyk döwründe has uly. Gadymy däplerimizi, milli atşynaslyk ýolumyzy dikeldip beren Gahryman Prezidentimiziň hut özi türkmen bedewine erk etmekde ýaşlara nusga alarlyk görelde mekdebi bolupdurýar.

Turkmen

Ganatly bedewleriň halkara bäsleşiginiň hem-de döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

HALK BÄHBITLI ÖZGERIŞLER

 «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň dabaralary halkymyzyň taryhynda ebedilik orun aljak şanly wakalar bilen utgaşýar.

Turkmen

Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere mynasyp goşant bolar. Şeýle hem şu gün bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu baýramçylyk döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler.

IKI PALATALY PARLAMENTIŇ DÖREDILMEGI: ÝURDUMYZYŇ DÖWLET GURLUŞYNDA DÜÝPLI ÖWRÜLIŞIK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet baştutany wezipesine girişen gününden başlap, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kanun binýadyny kämilleşdirmegiň ygtybarly guraly bolan milli parlamenti türkmeniň ata-baba gelýän döwletlilik ýörelgeleriniň esasynda gurmaga aýratyn uly yhlas siňdirdi.

Turkmen

NOBATDAKY KARARNAMA KABUL EDILDI

Turkmen

Hormatly Prezidentimiziň oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen depginli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

AKLYGA ÝUGRULAN BEREKET

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň «Dostluk» galla önümleri kärhanasynda Lebap welaýatynyň Döwletli we Köýtendag etraplarynda ösdürilip ýetişdirilýän bugdaýdan her günde 100 tonna golaý un öndürilýär. Kärhanada öndürilen un ýokarda agzalan etraplardan başga-da, welaýatymyzyň Kerki we Hojambaz etraplarynyň ýaşaýjylaryna hem hödürlenilýär.

Turkmen

“MIRASYMYZ – BUÝSANJYMYZ”, “MUKADDESLIKLERE SARPA”, HEM-DE “GARAŞSYZLYK, BITARAPLYK – KALBYMYZYŇ JOŞGUNY” ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIKLERI

Turkmen

Ýakynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan edilen “Mirasymyz – buýsanjymyz”, “Mukaddesliklere sarpa”, hem-de “Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – kalbymyzyň joşguny” atly döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi.

ALKYŞ SIZE, ARKADAG!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji aprelinde ak mermerli paýtagtymyzdaky Maslahat köşgüniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Oňa welaýatymyzdan hem ildeşlerimiziň uly toparyna gatnaşmak miýesser etdi. Ýörite habarçymyz şeýle ajaýyp bagta mynasyp bolanlaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdi.

Nurjahan Hojaýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy:

Turkmen

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi.

MILLI DEMOKRATIÝAMYZ DABARALANÝAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir günümiz ýatdan çykmajak şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar.

Turkmen

AZIÝANYŇ MERJEN ŞÄHERI

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagy ýurdumyzda giň gerimli şäher gurluşygyna ägirt uly maýa goýumlaryny gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Muňa ýylyň-ýylyna täze binagärlik toplumlary bilen okgunly ösdürilýän ak mermerli Aşgabadymyz mysal bolup biler. Gözel paýtagtymyz çäklerini giňeldýär, gözelligi bilen haýran galdyrýar.

Turkmen

Tarypa mynasyp taryhy döwür

«Garaşsyzlyk we Bitaraplyk — parahat, asuda, bolelin we gülläp ösýän durmuşy peşgeş beren beýik mukaddesliklerimizdir». Gahryman Arkadagymyzyň şu paýhasly jümlesindenem görnüşi ýaly, Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk — türkmen halkynyň durmuşyndaky ähli oňatlyklaryň gözbaşy. Bagtyýar halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň möhüm wakasyna — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhy 30 ýyllygyna ýokary ruhubelentlikde taýýarlyk görýär. Elbetde, 30 ýyl taryhy jähetden seredeniňde, uzak möhlet däl.

Turkmen

“HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY MEJLISI – MILLI DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMASY” ATLY MASLAHAT

Turkmen

Hormatly Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň başlyklygyna saýlanmagy hakykatdan-da Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly baýramyna barýan berkarar Türkmen döwletiniň geljekde-de gülläp ösjekdigini, şan-şöhratynyň asyrlara ýaň saljakdygyny görkezen ýatdan çykmajak taryhy waka boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyşyna hem-de Halkara maslahatyna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisini geçirdi

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ ESASLARY ROWAÇLANÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip geçiriljek ýylynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda ruhubelentligi döretdi. Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ROWAÇLANÝAR” ATLY MASLAHAT

Turkmen

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2021-nji,  “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzyň günleri ýatdan çykmajak wakalara beslenip ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda birnäçe belent sepgitlere ýetilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we degişli hasabatlar diňlenip, amala aşyrylan işlere baha berildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi.

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çäresine bagyşlanyp, köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

ŞAN-ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLÝAN AŞGABAT

Häzirki wagtda Milli Liderimiziň tagallalary bilen gözel paýtagtymyz ösüşiniň täze döwrüni başdan geçirýär. Ak mermerli paýtagtymyz örän gysga döwrüň içinde üçünji müňýyllygyň ajaýyp şäherine öwrüldi. Aşgabadyň öz boluşly binalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna birnäçe gezek girizilmegi ýurdumyzy baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysaly bolup durýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek  bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet Maksatnamasy we ony ýerine ýetirmekligiň 2021-2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy hereketde atly aýdym-sazly dabaraly maslahat

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň  Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň,  Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň guramaklarynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet Maksatnamasy we ony ýerine ýetirmekligiň 2021-2025-nji ýyllar üç

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk düzümleriniň işleri bilen tanyşdy

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň Halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanýan bedewleri synlady.

Bagtyýar ili baýramlar bezeýär

Garaşsyz, hemişeli Bitarap Türkmenistan Watanymyz Berkarar döwletimizi bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda täze ösüşlere hem özgertmeler beslenýär. «Ýurdumy döredijiligiň we üstünlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsirin ýetirip, geljege ynamyny has-da berkidýär» diýip nygtaýan

Turkmen

BEREKET MEKANY

Watanymyzyň çar ýanynda yzygiderli gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalar ýaşaýyş-durmuş şertlerimiziň has-da ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna itergi berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna barýan günlerimizde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyp, işe girizilmegi bu ugurda uly ähmiýete eýe boldy hem-de etrabymyzyň ilatynda egsilmez şatlyk duýgusyny döretdi.

Turkmen

Maslahata gatnaşyjylara söz berýäris

Resul Işangulyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy:

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy.