May 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeşligi

Turkmen

Şu ýyl bellenilýän şanly sene — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeş boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly tomus döwründe Hazaryň kenarynda raýatlarymyzyň göwnejaý we howpsuz dynç almagyny üpjün etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy N.Amannepesow hem-de bu merkeziň ýolbaşçysynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazow gatnaşdylar.

Milli Liderimiz Mälikguly Berdimuhamedowyň hatyrasyna sadaka berdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “Hezreti Omar” metjidinde kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky mynasybetli sadaka berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary bilen maslahat geçirdi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary bilen geçiren maslahatynda olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdy, şeýle hem bu düzümiň işini guramak bilen bagly möhüm wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiz “Aşgabat-sitiniň” gurluşygyna badalga berdi hem-de täze ýaşaýyş toplumyny açdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak we iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

AWAZA — ERTEKIDEN ZYÝADA

Hormatly Prezidentimiz 14-nji maýda Balkan welaýatynda iş sapary bilen boldy.«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşanda döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesine aýratyn ünsi çekdi.

Turkmen

Milli Liderimiz ählihalk ýowaryna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly senä – Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi.

“ARKADAG BILEN ÖZGERÝÄN WE GÜLLÄP ÖSÝÄN AŞGABAT” ATLY DABARALY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli «Arkadag bilen özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

“ARKADAGYŇ AK ŞÄHERI – AŞGABAT” ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramçylygy mynasybetli “Arkadagyň ak şäheri – Aşgabat” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp gördi we iri täze gurluşyklary dikuçardan synlady

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň – tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady.

BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanyp, adamzat paýhasynyň ösüş ýolunda ädilen möhüm ädimdir. Konstitusiýa döwletiň Esasy Kanuny bolup, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan tapawutlylykda, ýokary hukuk güýjüne eýedir.

Turkmen

ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Turkmen

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” ýerine ýetirilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.

“ADAM HAKDAKY ALADA DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ UGRYDYR” ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda “Adam hakdaky alada döwlet syýasatynyň baş ugrydyr” atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabarasy boldy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

“Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy: Döwletlilik, kanunçylyk we adalatlylyk” atly ylmy-amaly maslahat

Turkmen

2021-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy: Döwletlilik, kanunçylyk we adalatlylyk” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

 

DÖWLET ÖZYGTYÝARLYGYNYŇ NYŞANLARY

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň we paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uludan bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde toýlanmagy halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar.

Turkmen

Ministrler Kabinetiniň we Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Turkmen

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ýugrulan hem-de halklary birek-birege baglanyşdyrýan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ynsanperwerligiň belent nusgasyna öwrülen Oraza baýramynyň çuň mazmunly, baý öwüşginli dabaralary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrsyn!

Milli Liderimiz ekologiýa çäresiniň çäklerinde welosipedli ýörişe gatnaşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.

KÖPÇÜLIKLEÝIN EKOLOGIK ÇÄRELER WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GOŞANTDYR

Turkmen

Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10 — 25-nji maý günlerinde ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş edýär. Bu çärä isleg bildirýän adamlaryň ählisi gatnaşyp biler.

Ekologik abadançylyk baradaky alada milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny, doly bahaly we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr.

“AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Maslahatyň geçirilen ýerinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hem-de paýtagtymyzyň geçmişini, şu gününi beýan edýän arhiw materiallarynyň sergisi we ýurdumyzyň medeniýet-sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy.

“AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2021-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Maslahatyň geçirilen ýerinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hem-de paýtagtymyzyň geçmişini, şu gününi beýan edýän arhiw materiallarynyň sergisi we ýurdumyzyň medeniýet-sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňümizdäki baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere seredildi.

Milli Liderimiz Ýeňiş gününiň 76 ýyllygynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy

Turkmen

Şu gün ýurdumyzda umumymilli baýramçylyk 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bellenilýär. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

AÝDYM-SAZLY DABARA

Ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher häkimligi bilen TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu dabara «Arkadagyň bagt şäheri Aşgabat» diýen at bilen geçirilip, «Aşgabat» monumentiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Oňa TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň wekilleri, Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçylary, bilim işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, sungat ussatlary gatnaşdylar. 
Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem döwletimiziň halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

YNAMYŇ GÜÝJI

(hekaýa)

Urşuň gutaranyna iki ýyl töweregi wagtyň geçendigine garamazdan, onuň adamlaryň synasyna salan ýarasynyň awusy bitişse-de, ýürek ýaralarynyň awusy heniz köşeşerli däldi. Fronta ugrap barýanlaryň: «Ýeňiş bilen sag-aman dolanarys!» diýip, ynamly aýdan sözleri garaşýanlaryň kalbyndaky umyt uçgunlaryny öçürerden ejiz gelýärdi. Olar şol ynam bilen ýaşaýardylar, şol ynam olara ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge güýç berýärdi...

Turkmen

YNSANPERWERLIK — MILLI ÝÖRELGÄMIZ

Döwletiň bagtyýarlygy onuň her bir raýatynyň aýratynlykda bagtlylygy bilen häsiýetlendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen berkarar bolan döwletimiz bu gün her bir türkmeniň beýik arzuw-hyýallarynyň, belent maksatlarynyň wysal bolan jemidir. Bu berkararlygyň kökleri biziň döwlet gurmakda goja dünýä özboluşly mekdep goýan beýik pederlerimiziň milli ýörelgelerinden gözbaş alýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň düýbüni tutmak çäresine gatnaşdy.

GOŇŞULAR

(Hekaýa)

Oglunyň baýramçylyk mynasybetli açylyp ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaý toplumyndaky täze jaýdan paýly bolýandyklary baradaky habaryny eşiden Gurbanmyrat aganyň depesi Gök diredi. Ol bu hoş habary getiren ogluna ýüzlenip:

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýer-suw serişdelerini aýawly ulanmak azyk bolçulygynyň esasydyr

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik iş hem-de onuň inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda suwdan rejeli peýdalanmak we tutuş suw hojalyk ulgamyna degişli meselelere aýratyn üns berdi.

MILLI LIDERIMIZIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABY ÖZBEK DILINDE NEŞIR EDILDI

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze alamaty boldy. Bu neşir iki goňşy halky birleşdirýän, asyrlaryň dowamynda taryhy we medeni taýdan ýola goýlan özara hoşniýetli erke esaslanan netijeli döwletara gatnaşyklaryň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňünde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.