August 2021

Garaşsyzlyk – soňlanmajak aýdymym

“Watan” gazeti

31.08.2021 ý

 

Turkmen

BILIM ULGAMYNYŇ KANUNÇYLYK ESASLARY

“Watan” gazeti

31.08.2021 ý

 

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe taýýarlyk görmek boýunça maslahat geçirdi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministri B.Gündogdyýew bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň harby düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeler hem-de Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli harby ýörişi guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

BAGTYÝAR DURMUŞYŇ HÖZIRI

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bagtyýar raýatlarymyz eşretli döwranyň hözirini görýärler. Türkmenistanyň okgunly ösüşlerine bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi şaýat bolýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi kabul etdi.

Zenan türgeni Polina Gurýewanyň üstünligine bagyşlanan maslahat geçirildi

Turkmen

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Tokioda geçirilen XXXII tomusky, Olimpiýa oýunlarynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça çykyş edip, olimpiýa oýunlarynyň medalyna mynasyp bolan Polina Gurýewanyň üstünligine bagyşlanan, «Halkara sport äleminde Arkadagdan arkaly, giň dünýäde sarpaly ýurdumyzyň zenan türgenleriniň orny» atly maslahaty geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky iri dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynda ägirt uly “Galkynyş” gaz känindäki nobatdaky guýularyň hem-de täze binanyň gurluşygyna badalga berdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda iri “Galkynyş” gaz känine baryp gördi we bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň çäklerinde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen binanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmen türgenlerine hormatly Prezidentimiziň sylaglary gowşuryldy

Turkmen

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan türkmen sportunyň wekillerini hormatlamak dabarasy geçirildi.

Beýik ösüşlerimiziň şamçyragy

Başymyzyň täji bolan Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaraly bellenjek günleri ýakynlaşdygyça, Watanymyzyň her bir raýatynyň kalbynda buýsanç duýgulary möwç urýar. Pederlerimiziň ençeme asyrlaryň dowamynda arzuw eden azatlygy, erkinligi hiç bir zat bilen deňäp bolmajak bagt.

Turkmen

DÖWLETLILIGIŇ GÖZBAŞY

Garaşsyzlygyň gazananlary hakda, geçen 30 ýyllyk döwrüň buýsançly üstünlikleri, bitirilen şöhratly işler dogrusynda örän köp zatlary aýtmaga mümkinçiligimiz bar. Bu geçilen ýol gözleglerden, tagallalardan doly boldy. Garaşsyz milli döwleti gurmagyň, onuň ýol-ýörelgelerini kemala getirmegiň ýolunda bimöçber işler amala aşyryldy. Ägirt uly ösüşleri berkarar etmekde her ädimde, her pursatda ýüze çykýan meseleleriň iň dogry çözgüdini tapmak üçin edilen işler şu gün uly mekdep, çuňňur taryhy tejribe boldy.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň eýesini sylaglady

Turkmen

Şu gün, 21-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň At gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan ýurduň türgeni - Polina Gurýewa döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

“TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BAŞLANGYÇLARY: PARAHATÇYLYK, DOSTLUK ÝÖRELGELERINIŇ DABARALANMASY” ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Demokratik partiýanyň Syýasy Geňeşi, Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda “Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: parahatçylyk, dostluk ýörelgeleriniň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi.

 

Центральная Азия: одно прошлое и общее будущее

6 августа 2021 года в Национальной туристической зоне «Аваза» прошли международные мероприятия, дополнившие череду грандиозных событий года, проходящего под девизом «Туркменистан – Родина мира и доверия» и ознаменованного 30-й годовщиной священной независимости.

Turkmen

GARAŞSYZLYK — GÖWÜNLERIŇ GANATY

Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgitlerine eýe bolup, ýurdumyzyň dünýä ýüzünde abraý-mertebesi, şan-şöhraty barha belende galýar. Munuň şeýledigini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreler hem aýdyňlygy bilen subut edýär.

Turkmen

Türkmenistan parahatçylyk dörediji ýurtdur

Turkmen

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary — dünýäde ählumumy parahatçylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy dowam etmek, mähriban Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy baradaky aladalar beýanyny tapdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda täze gurlan möhüm desgalaryň ulanylmaga berilmegi eziz Diýarymyzyň ösüşiniň täze, nobatdaky sepgitleriniň aýdyň subutnamasy boldy.

Центральная Азия: вместе в будущее

Судьбоносным событием нынешнего августа стала прошедшая в Национальной туристической зоне «Аваза» Туркменистана третья Консультативная встреча глав государств Центральной Азии. В рамках совещания состоялись параллельные мероприятия экономического и культурного характера, в том числе Экономический форум стран ЦА, Международная выставка национальной продукции стран Центральной Азии, Диалог женщин стран Центральной Азии, Международный фестиваль национальных блюд народов стран региона.

Turkmen

SEBIT HYZMATDAŞLYGYNYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

Amangeldi Orazow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

Turkmen

BAGTYÝARLYGYŇ BAGT KÖLI

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlary bilen birlikde, beýleki pudaklary ösdürmäge-de hemişe üns berýär. Daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny saklamak hem ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, biologik dürlüligi we tebigy aýratynlygy gorap saklamak, çölleşmä we topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek babatda iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar.

Turkmen

GARAŞSYZLYK — DÖWRÜMIZIŇ GANATY

Merdana halkymyzyň mizemez bagtyna öwrülen, döwrümiziň goşa ganaty hasaplanýan hemişelik Bitaraplyk we şanly Garaşsyzlyk şuglasy bu günki gün ata Watanymyza bagtyýarlyk nuruny çaýýar. Şu ýyl eziz Diýarymyz Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlaýar.

Turkmen

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň täze binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň merdana suw hojalyk işgärlerine we ähli oba zähmetkeşlerine

Turkmen

Hormatly oba zähmetkeşleri! 

Gadyrly suw hojalyk işgärleri!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda göwrümi 18 million kub metr bolan täze suw howdanynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hazaryň türkmen kenarynyň mümkinçilikleriniň toplumlaýyn artdyrylmagy döwlet ähmiýetli wezipedir

Turkmen

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň 1-nji awgustdan dynç alşa çykýandygyny yglan etdi.

Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi

Turkmen

Şu gün bu ýerde, Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum “Awaza” Kongresler merkezinde geçirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň barşynda söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Turkmen

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» Kongresler merkezinde MA ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy geçirildi.

Forumyň plenar mejlisiniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçdi

Turkmen

Şu gün Hazaryň kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Awaza Kongres merkezi iň ýokary derejedäki bu forumyň geçirilýän ýeri boldy.

PARASATLY DAŞARY SYÝASATYŇ AÝDYŇ ÝOLY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar türkmen halkymyzyň her bir güni toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Ynha ýakynda hem ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy.

Turkmen

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary konsultatiw duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler

Turkmen

6-njy awgustda Türkmenistanda, Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Ol köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ony häzirki döwrüň talaplaryna hem-de bar bolan mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze belentliklere çykarmaga gönükdirilendir.

Türkmen-täjik gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykdy

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady.

AWAZADA BOLJAK ÇÄRELER DÜNÝÄ ÝAŇ SALAR

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Baştutany Gahryman Arkadagymyz diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem dünýäniň ähli halklarynyň bagtyýar, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ynsanperwer başlangyçlary öňe sürmek hem-de şolaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin nusgalyk işleri amala aşyrmak bilen berkarar döwletimizi dünýäniň iň abraýly döwletleriniň hataryna goşdy.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikler

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

“Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatynyň üstünlikleri” atly maslahat

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş  we derman senagaty ministrliginiň,

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly welaýatlaryň hem-de olaryň etraplarynyň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze harby uçarda synag uçuşyny geçirdi

Turkmen

Bu sebitde iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow irki maşklary ýerine ýetirenden soň, pyýada we welosipedde gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi.

Sagdyn durmuş ýörelgesi — ruhubelentligiň we döredijiligiň çeşmesi

Turkmen

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün agtyklary bilen “Rahat” atly häzirki zaman gämisinde Hazar deňziniň giňişliklerinde gezelenç etdi. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan ak gämi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça uzap gidýän kenardan deňiz giňişligine tarap ýüzüşe başlady.