Türkmen-özbek ykdysady forumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Daşkentde geçirildi.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň esasy ykdysady ministrlikleriniň we müdirlikleriniň, şeýle hem telekeçilik düzümleriniň ýolbaşçylary, wekilleri iki goňşy döwletde senagat, energiýa, oba hojalygy we ulag pudagyna maýa goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.