November 2021

Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi we Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Köpugurly işewürlik merkezli täze “Garagum” oteli nobatdaky duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara ähmiýetli möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

EZIZ TÜRKMENISTANYM!

Belent başly daglary bar, jana şypa howasy,

Bagtyýarlyk, berkararlyk bagtly günleň güwäsi,

Goý, gülletsin gül görküňi ýüregimiň dogasy,

Garaşsyz, baky Bitarap, eziz Türkmenistanym!

 

Ymgyr sähram Garagumum durşy bilen hazyna,

Bahar gelse, gülleň ysy ýaýrar gider Zemine,

Arzuw etmiş Magtymguly, Mollanepes, Kemine,

Garaşsyz, baky Bitarap, eziz Türkmenistanym!

Turkmen

Parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrýan taglymat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilip geçilen eziz Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesiniň beýgelmeginde, Ýer ýüzünde belent ykrarnama eýe bolmagynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň örän uly ähmiýeti bar.

Turkmen

Bitaraplyk aýdymy

Ata Watan — göz guwanjym, dünýä meşhurdyr adyň,
Öňe sary ümzügiň, egsilmez bedew badyň,
Köpler oňlar ýörelgäňi, berkdendir binýadyň,
Berkarardyr, Bitarapdyr eziz Türkmenistanym!

Arkadagyň paýhasyndan artýar şöhraty-şany,
Ynsanperwer başlangyçlaň köpdür hasaby, sany,
Adyl, aýdyň ýörelgeler kalpda goýmaz armany,
Berkarardyr, Bitarapdyr eziz Türkmenistanym!

Turkmen

Oba milli maksatnamasy hereketde

ZAMANABAP ÖZGERTMELERIŇ RUHUNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şanly senelere, guwançly wakalara, ösüş-özgerişliklere beslenýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň düzümlerinde sazlaşykly alnyp barylýan işler dolulygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň beýleki pudaklarynyň hatarynda, geňeşlikleriň işini döwrebap kämilleşdirmek we pugtalandyrmak babatda giň möçberli işler amala aşyrylýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, şanly sene mynasybetli has tapawutlanan harby gullukçylary döwlet sylaglary bilen sylaglamak babatda taýýarlanylan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tagallalar Aşgabatda birleşýär

Ertir paýtagtymyzda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammiti hem muny doly tassyklaýar

Turkmen

PEDERLERDEN MIRAS ÝÖRELGE

Ata-babalarymyz edep-terbiýäniň, maşgala gatnaşyklarynyň, ýaşaýyş-durmuşyň ençeme kadalaryny nesillere miras galdyrypdyrlar. Şolaryň ählisine-de parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleri mahsus. Muňa goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar.

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

Hyýaly söhbetdeşlik

(Oýlanma)

Turkmen

Abadan durmuşyň güwäsi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde hoşniýetli, ynsanperwer syýasaty alyp barýan döwlet hökmünde tanalýar. Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň özeninde durýar.

Turkmen

Ulag ulgamynyň möhüm ugurlary

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ulag ulgamynda gazanylýan ösüşleriň ähmiýeti bimöçberdir. Ulag pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň we onuň dünýä hojalygyna üstünlikli goşulmagynyň möhüm ugry bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda möhüm halkara ähmiýetli ösen ulag üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmek boýunça ýeterlik derejede berk esas döredildi.

Turkmen

Şöhratly menziller

Bu gün Türkmenistan Diýary Gahryman Arkadagymyzyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!” diýen ganatly setirlerini özüne baýdak edinip, ak ýollardan röwşen geljege bedew bady bilen ynamly barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz arzuwlaryň hasyl bolýan ajaýyp jenneti mekanyna öwrüldi.

Turkmen

Mukaddes borç

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, durmuşa geçirilýän beýik işler özüniň oňyn netijelerini we miwelerini berýär. Ýurdumyzda guralýan köp sanly täze binalar we desgalar, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler Garaşsyzlygymyzyň bize beren ajaýyp miweleridir.

Turkmen

Ajaýyp ösüşleriň waspçysy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy buýsanç bilen bellenilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak buýsançly ýyllaryň birine öwrülýär.

Halkymyzyň asudalygyny, bagtyýarlygyny, jan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan milli Liderimiziň başda durmagynda halk hojalygynyň hemme pudaklary ajaýyp ösüşlere eýe bolýar. Ilatyň hal ýagdaýyny gowulandyrmak üçin uly işler alnyp barylýar.

Turkmen

“Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Aýdyň wezipelerden ugur alyp

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň täzelenýän, demokratik ýörelgeleriň barha rowaçlanýan we kanunçylyk esaslarynyň kämilleşdirilýän zamanasynda biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny uly buýsanç bilen belläp geçdik. Beýik özgerişlere hem-de ösüşlere beslenýän ajaýyp günlerde ýene bir buýsançly baýramçylyk — Halkara Bitaraplyk güni golaýlap gelýär. Agzybir halkymyz bu şanly senäni hem ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga uludan taýýarlyk görýär.

Turkmen

TÄZE DÖKÜN

Deňiz kirpileri çuňluklardaky merjen gaýalarda ýaşaýan mör-möjeklerdir. Olar Tasmaniýanyň gündogar kenarynda juda kän we käbir deňiz haýwanlarynyň köpelmegi üçin howp döredýärler. Ýerli hökümet deňiz kirpilerini häzire çenli peýdaly maksat üçin ulanmagy başarmadyk hem bolsa, geljekde bu jandarlary dökün hökmünde ulanmagy göz öňünde tutýarlar.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ÖSÜŞLI ÝOLLARY HALKYŇ WE GELJEKKI NESILLERIŇ BAGTYÝAR DURMUŞY” ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Hormatly Prezidentimiziň ösüşli ýollary halkyň we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşy” atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty endigine eýerip, säher bilen irki bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, egindeşleri bilen sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandy.

Arkadagyň ak ýollary

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygy bilen ýurdumyzda ulag pudagyny we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly çäreler çalt depginde durmuşa geçirilip başlandy. Kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň her birinde diýen ýaly ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegiň ugurlary anyk kesgitlenilýär. Şolara laýyklykda ýurdumyzda häzirkizaman ulag üpjünçilik ulgamlaryny durmuşa işjeň ornaşdyrmak boýunça işler bökdençsiz durmuşa geçirilip, awtomobil ýollaryny, demir ýollary we degişli inžener-tehniki desgalary gurmak boýunça taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Turkmen

Alkyş size, Arkadag!

Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Babadaýhan etrabynda täze, iri dokma toplumynyň açylmagy ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrüldi. Bu dokma toplumynyň açylyşyna Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi we etrabyň ähli zähmetkeşlerini mähirli gutlamagy dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. Uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenen dabarada oňa gatnaşan ildeşlerimiziň göwün göteriji, buýsançly sözlerini diňlemek, olaryň şatlygyny deň paýlaşmak biz üçin has-da ýakymly boldy.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desga türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleriniň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

“Sagdyn – durmuş bagtyýarlygyň gözbaşy” atly maslahat

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guramaklarynda “Sagdyn – durmuş bagtyýarlygyň gözbaşy” atly maslahat geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy milli Liderimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Turkmen

13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düýn Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlanandan soň, Türkmenbaşy şäherine geldi. Milli Liderimiz bu ýerde egindeşleri bilen Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.

Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY MEJLISI – BERKARARLYGYŇ WE JEBISLIGIŇ DABARALANMASY” ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi – berkararlygyň we jebisligiň  dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň geçirilýän ýerinde amaly-haşam eserleriniň sergisi, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guraldy.

Baş maksat — halkyň abadan ýaşaýşy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni tutuş ýurtda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem ýatdan çykmajak taryhy pursatlara beslenýär. Muňa düýn günbatar sebitde il-ulsumyz üçin bähbitli desgalaryň birbada üçüsiniň — Hazar deňziniň kenaryny jähekläp oturan Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň, «KamAZ» kysymly awtoulaglara abatlaýyş-okuw we hyzmat ediş merkeziniň, Magtymguly etrabynda bolsa 50 orunlyk köpugurly hassahananyň gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Turkmen

Ösüşlere beslenýän sebit

Milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşip, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we medeni-durmuş ulgamlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny hem uly ösüşleriň ýylyna öwürýär. Bu ajaýyp künjegiň her bir ýaşaýjysy mähriban Watanymyzda ähli babatlarda amala aşyrylýan dünýä nusgalyk işlere gönüden-göni dahyllydyklaryna buýsanyp, merdana halkymyza şeýle bagtyýar günleri peşgeş beren eziz Arkadagymyzyň adyna tükeniksiz alkyş aýdýar.

Turkmen

Türkmenistanda döwrebap aragatnaşyk ulgamlary çalt depginlerde ornaşdyrylýar

Turkmen

Aşgabatda pudaklaýyn halkara onlaýn maslahat geçirilýär

10.11.2021. Şu gün paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.

Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylaryň zähmet ýeňşi hakyndaky hasabatlary kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralara degişli täze desgalaryň gurluşygynyň barşy hem-de taslamalary bilen tanyşdy

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligini döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ol ýerlerde gulluk itlerini saklamak üçin niýetlenen binanyň, şeýle hem bu düzümlere degişli athananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Watanymyz — guwanjymyz

Agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlyk baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen toýlady. Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjy, bagtyýarlygyň, döwletliligiň we agzybirligiň aýdyň nyşany. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda, has takygy, 25-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde döwletli maslahat — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçirildi.

Turkmen

“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI BERKARARLYGYŇ, BAGTYÝARLYGYŇ KEPILI” ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Hormatly Prezidentimiziň beýik işleri berkararlygyň, bagtyýarlygyň kepili” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň geçirilýän ýerinde amaly-haşam eserleriniň sergisi, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrini kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň “TRT World” teleýaýlymynyň sowallaryna jogap berdi

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erimiň sowallaryna jogap berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda däp bolan dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryna, dürli görnüşdäki sebit we halkara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garaldy, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi. Mälim bolşy ýaly, bu syýasatda milletiň gadymdan gelýän gymmatlyklaryna hem-de olaryň häzirki döwür bilen arabaglanyşygyna aýratyn üns berilýär.

ÝURT GARŞY ALSYN!

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen barha gülläp ösýän Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara, beýik üstünliklere beslenip gelýär. Ynha, şeýle bagtyýarlyga beslenen günlerde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň Garaşsyzlyk ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýy açylyp, ulanylmaga berildi.

Turkmen

HARMANLAR BARHA BEÝGELÝÄR

Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň pagtaçy babadaýhanlarynyň tagallasy bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda pagtanyň bereketli hasyly ýetişdirildi. Etrabyň toprak-howa şertlerine laýyklykda, şu ýyl gowaçanyň «Ýolöten-7», «Jeýhun» görnüşleriniň ekilmegi hasylyň bol bolmagyna getirdi.

Turkmen

JAÝ TOÝLARY TUTULÝAR

Döwlet Baştutanymyzyň şähergurluşyk syýasatynda adamlar baradaky alada, türkmenistanlylaryň ýaşamaklary, işlemekleri hem-de dynç almaklary üçin amatly we zerur şertleri döretmek möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Turkmen

PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIKLI TAGLYMAT

Türkmenistanyň daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine eýermek bilen, onuň esasynda dünýä döwletleri bilen giň möçberli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýulýar. Häzirki wagtda ynamly öňe barýan we sazlaşykly ösýän ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Turkmen

YHLASLY ZÄHMETIŇ MIWESI

Ýurdumyzda obasenagat toplumyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Toplumyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Gahryman Arkadagymyz oba hojalyk işgärleriniň öňünde goýýan wezipeleri bilen bir hatarda, olaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, ene toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli zerur şertleri we mümkinçilikleri döredip berýär. Dünýäniň ösen döwletleriniň ýokary öndürijilikli, kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny yzygiderli satyn alyp berýär.

Turkmen

Milli Liderimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Turkmen

6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Bu ägirt uly maksatnamany amala aşyrmaga halkymyz işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz adamlaryň oňaýly ýaşamagynyň we dynç almagynyň amatly mümkinçiliklerini döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu asylly işe aýratyn üns berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýubileý ýylynyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

BERKARARLYGYŇ BELENT WASPY

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabyň “Howpsyz, özerkli ýaşaýyşyň galasy!” atly bölüminde  mukaddes Garaşsyzlygyň gözbaşlary we esaslary barada gürrüň berilýär. “Türkmen halky – döwlet häkimýetiniň ýeke-täk eýesi!” atly bölüminde taryhy maglumatlar beýan edilýär. Kitabyň “Budur Türkmen binasy!” atly bölüminde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar, ýurdumyzda geçirilen konstitusion özgertmeler we iki palataly parlamentiň döredilişi öz beýanyny tapýar.

Turkmen

Ata seýsiň nebereleri.

Geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda Köneürgenç we S.Türkmenbaşy etraplarynda Ata seýis diýlende, tanamaýan az bolsa gerek.Şol ýyllar etrap, welaýat derejelerindäki çärelerde hem-de obalarda  geçirilýän toý baýramlarynda onuň seýislän atlary yzygider baýrakly orunlary elden bermeýärdi.Toýlarda, at çapyşykly ýaryşlarda ol Garaguş, Meleguş, Torguş diýen atlary çapyp aýlawy baglapdy.

Turkmen

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi hem-de beýleki birnäçe meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ählihalk bag ekmek dabarasyna hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.