April 2022

“Täze eýýamda durmuş-ykdysady ösüşiň häzirki zaman şertleri we sanly ulgamlaryň mümkinçilikleri” atly maslahat

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň  Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň,  jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamaklarynda “Täze eýýamda durmuş-ykdysady ösüşiň häzirki zaman şertleri we sanly ulgamlaryň mümkinçilikleri” atly maslahat geçirildi.

 

Bol pile ugrunda

Geçen ýylda ýurdumyzda ilkinji bolup pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri bu ýyl hem döwlete ýokary hilli pile tabşyrmak baradaky meýilnamasyny berjaý etmek üçin arman-ýadaman tutanýerli zähmet çekýärler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda etrabymyzyň ýüpekçileri gaýtadan işleýän senagatymyz üçin gymmatly çig malyň 97 tonnasyny tabşyrmagy maksat edinýärler. Şu maksada ýetmek üçin etrabymyz boýunça 2425 guty ýüpek gurçugynyň tohumy paýlanyp berildi.

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

TÄZE TUTUMLAR BILEN RÖWŞEN GELJEGE

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda raýat jemgyýetimizi özgertmegiň, döwletimizi dolandyrmagyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan saýlanyp alnan milli ýoly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, dünýä döwletleri bilen oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly ähmiýete eýedir. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçilen menzil bolsa şöhratly Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesini äleme ýaýdy.

Turkmen

Ýurdumyzy galkyndyrýan beýik özgertmeler

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda jemi içerki önümiň ösüş depginini 2025-nji ýylda has artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu wezipeleri üstünlikli çözmekde, umumy maýa goýumlarda onuň önümçilik ulgamyna gönükdirilen paýynyň ýokary bolmagyny gazanmakda ylmy esaslarda taýýarlanylýan maksatnamalaryň, aýratyn-da, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti uludyr.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň gurulýan täze edara ediş merkezinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz saparyň barşynda bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

Bagtyýar durmuşyň özeni

Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň kepili bolan oňyn özgertmeleriň maksadalaýyk amala aşmagy, ozaly bilen, ýurdumyzda milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Arkadagly Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr» diýen nurana sözi bar. Şeýle ajaýyp şygaryň astynda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň esasy maksady raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny doly üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministrini kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün eziz Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerimde bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy

Turkmen

Şu gün döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary boldy.

Milli gymmatlyga sarpa

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahat «Ösüşli ýollarymyzyň nyşany — ahalteke bedewleri halkymyzyň buýsanjy we milli mirasydyr» diýlip atlandyryldy. Ony Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty, Mejlisi hem-de Demokratik partiýa jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guradylar.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da ýurdumyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar.

Turkmen

Täze döwrüň ruhy joşguny

Kalplara egsilmez buýsanç paýlap gelýän ýyllar berkarar döwletimizde şanly wakalara, ajaýyp taryhy senelere beslenýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz hem turuwbaşdan köňül joşduryjy wakalara baýdygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň joşgunly goşgy setirlerinden ylham alan halkymyz bedew batly ösüşleri nazarlap, bagtyýar geljege ynamly barýar.

Turkmen

“Ösüşli ýollarymyzyň nyşany ahalteke bedewleri halkymyzyň buýsanjy we milli mirasydyr” atly maslahat

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamaklarynda “Ösüşli ýollarymyzyň nyşany ahalteke bedewleri halkymyzyň buýsanjy we milli mirasydyr” atly maslahat geçirildi.

 

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi.

Beýik ruhy ýörelge — jemgyýetimiziň mizemezliginiň daýanjy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde aýlaryň iň ýagşysy hasaplanýan mübärek Remezan aýynda paýtagtymyzdaky hajy Arkadagymyzyň tagallasy esasynda gurlan Hezreti Omar metjidinde atasy Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täze eýýamyň täze desgasy

Ýakynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde gurlan häzirki zaman tehniki uglerod (gurum) öndürýän zawod açylyp, ulanylmaga berildi.

ABŞ-nyň, Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp gurlan bu zawod ýylda 3 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenendir. Bu ajaýyp zawody türkmen telekeçileriniň gurmagy bizi has-da guwandyrýar.

Turkmen

Источник счастья и благополучия

В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства под руководством уважаемого Президента во всех сферах нашей нейтральной Отчизны, в том числе в системе здравоохранения, реализуются комплексные программные меры. В Основном Законе – Конституции Туркменистана, определено, что наивысшей ценностью общества и государства является человек. Исходя из этого и следуя инициированной Героем Аркадагом гуманной внутренней политике, проводится целевая работа по повышению уровня жизни туркменистанцев, обеспечению их здоровья.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Turkmen

Balkan welaýatynda toý saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu hassahana ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýän düzümleriniň üstüni ýetirdi.

"Watan diňe halky bilen Watandyr!"

“Daşoguz habarlary” gazeti

14.02.2022 ý

 

Turkmen

Tutumly işlere badalga

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi, onda il gün bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegi welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Mejlisiň dowamynda 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işlere giňişleýin seljerme berildi.

Turkmen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda toý saparynda bolmagynyň barşynda bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň günbatar welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda, şeýle-de degişli hasabatlar diňlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Şabadyň kenary — bagtyň mekany

Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýyldan gowrak döwrüniň içinde il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriň ägirt uly toplumy amala aşyryldy. Ýurdumyzyň paýtagtyny we sebitlerini gyradeň ösdürmek boýunça amala aşyrylan işler dünýä nusgalykdyr.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, geljek döwür üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Turkmen

Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamada berkidilen bu halkara senä gabatlanylyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň wezipe-guramaçylyk meselelerine garaldy, şeýle hem degişli düzümlerde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Sagdyn durmuş – Halkyň Arkadagly zamanasynyň baş ýörelgesi» atly maslahat

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen “Sagdyn durmuş – Halkyň Arkadagly zamanasynyň baş ýörelgesi” atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen baglanyşykly maslahat geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Köpçülikleýin ekologik çäreler Watanymyzyň gülläp ösmegine goşantdyr

Turkmen

Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş etdiler. Onuň çäklerinde şu ýylyň 4-nji aprelinden 11-nji apreli aralygynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli paýtagtymyzyň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

Turkmen

Şu gün Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.