May 2022

Türkmenistanyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň bäş aýynda Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň alyp baran işleriniň jemlerine garaldy, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüne baryp gördi

Turkmen

Däp bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligini iş ýüzünde dünýä äşgär edýär. Şu gün — bu ajaýyp senäniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwletliler köşgüne bardy we şol ýerde baýramçylyk çäresine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, öňde boljak şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Kalbymyz buýsançdan doly

Düýn Daşoguz şäherinde Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Welaýat köpugurly hassahanasy hem-de Onkologiýa hassahanasy gurlup, ulanylmaga berildi. Şatlykly waka mynasybetli guralan dabara Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Dabara gatnaşanlaryň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirýäris.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Daşoguzda täze hassahanalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna dowam edýän toý saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde bina edilen lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň — köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda dürli ulgamlardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady. Bu ýerde Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz aýdym-saz hem-de tans toparlarynyň ruhubelent çykyşlary bilen mähirli garşylandy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Turkmen

Daşoguz welaýatyna toý sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Saglygym — begligim

Ynsan üçin saglykdan uly baýlyk ýok. Ynsanyň islendik maksadyny hasyl etmegi üçin diňe bir beden taýdan däl, ruhy taýdan hem sagdyn bolmagy zerurdyr. Sagdynlygyň esasy ýörelgeleri kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmakdyr.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “Niсklaus Сompanies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de öňde boljak baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ygtybarly geljegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän wakalar Gahryman Arkadagymyzyň kemala getiren, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän döwletlilik ýolunyň halkara ähmiýetini barha giňden açyp görkezýär, döwletiň, halkyň ynamly şu güni, ygtybarly geljegi üçin alnyp barylýan syýasatyň nusgalyk ýollarynyň we tejribesiniň düýp mazmunyny salgy berýär.

Turkmen

Türkmenistanda dostlukly döwletiň Baştutany hatyralandy

Turkmen

Şu gün Gökdepe metjidinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna hem-de birnäçe meselelere garaldy.

Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda baýramçylyk çäreleri geçirildi

Turkmen

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän goşa baýramy belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda şanly seneleriň hormatyna guralan dabaralara gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bardy

Turkmen

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Konstitusiýa binasyna hem-de Baýdak sütünine gül desselerini goýmak dabaralary tamamlanandan soň, Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine geldi.

Belent maksatlar dabaralanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmekdir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny kadalaşdyrýandygy, kepillendirýändigi hemmelere mälimdir. Bu konstitusion kadalar adam hukuklary baradaky umumy ykrar edilen halkara hukuklarynyň ähli görnüşlerini, ýagny raýat, syýasy, ykdysady, durmuş hukuklaryny özünde jemleýär hem-de her bir şahsyýetiň durmuşdaky mynasyp ornuny kesgitleýär.

Turkmen

«TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNA 30 ÝYL: TÄZE TARYHY EÝÝAM WE KANUNÇYKARYJYLYK IŞINIŇ HÄZIRKI ZAMAN TEJRIBESI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy we jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: Täze taryhy eýýam we kanunçykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda hem-de welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu forumy geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumyna hem-de zenanlaryň dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Turkmen

Eziz halkym!

Hormatly uruş weteranlary!

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir. Şoňa görä-de, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Ýeňiş gününi watansöýüjiligi hem-de gaýduwsyzlygy terbiýeleýän medeni-jemgyýetçilik çäreler, beýik işlere ruhlandyrýan aýdym-sazly dabaralar bilen garşylaýarys.

Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenildi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanda uly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy dabaraly bellenildi. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Milli döwletlilik nyşanlary

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny, pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyzy we ahlak gymmatlyklarymyzy, ýurdumyzyň eýe bolan ösüşleriniň belent sepgitlerini dünýä ýaýýan baýramdyr. Her ýyl agzybirlikde we ýokary ruhubelentlikde uly dabaralara beslenip bellenilýän bu şanly sene «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan bu ýylda has-da uly ähmiýete eýedir.

Turkmen

Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

Turkmen

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda bolup, bu ýerde halkymyzyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döredilen şertler bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesine garaldy.

Täze şähere mynasyp at dakylar

Öňňin Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdepde, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhammet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde hem-de Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň Medeniýet köşgünde hormatly Prezidentimiziň ýakynda welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin amala aşyran iş saparynda beren tabşyryklarynyň berjaý edilişine bagyşlanylan maslahatlar geçirildi.

Turkmen

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de olaryň işiniň ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly we käbir beýleki meseleler girizildi.

Garaşsyz döwletiň mizemez sütüni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiziň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Şu günler bagtyýar halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe taýýarlyk görýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde baýram edilmegi aýratyn mazmuna eýedir.

Turkmen

Halkymyzyň abadançylygy baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr

Turkmen

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 29-njy aprelde geçirilen mejlisinde tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän tomus möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen ýerinde tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Döwletlilik ýörelgeleriniň gözbaşlary

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip at berlen döwrüň ösüş hereketiniň hakyky ýagdaýyny seljeren wagtymyz türkmen halkynyň parasatlylygy, Gahryman Arkadagymyzyň berkiden, ösdüren, kämilleşdiren döwletiniň sarsmaz kuwwaty, mizemez esaslary äşgär ýüze çykýar. Bu beýik hakykat halkyň dünýäde ykrar edilen döwletlilik ýolunyň gözbaşlarynyň durmuşa, adamlaryň kalbyna haýran galdyrýan ýakynlygyny görkezýär.

Turkmen

«Ömrümiň manysy» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, işgärleri şeýle-de ylym, bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri  gatnaşdylar.

Ekiş gyzgalaňly dowam edýär

Şu günler Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk işgärleriniň durmuşynda iň gyzgalaňly we jogapkärli döwürleriň biri bolan gowaça ekiş möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar. Welaýatyň Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary şu ýyl 950 gektar ýerde gowaça ekmegi meýilleşdirdiler. Häzirki günlerde ekiş işleri 60 göterime golaý ýerine ýetirildi.

Turkmen

Baş wezipe — halkyň saglygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda sporta, köpçülikleýin bedenterbiýä berilýän üns ýokary derejä çykdy. Arkadagly Serdarymyzyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine Şa gadamyny goýup, bu ýerde egindeşleri bilen welosipedde gezelenç etmegi, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy aýdanlarymyzyň aýdyň mysalydyr.

Turkmen

“Sagdyn jemgyýet – Berkarar döwlet” atly maslahat

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamaklarynda “Sagdyn jemgyýet – Berkarar döwlet” atly maslahat geçirildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Halkymyzyň ýaşaýşy we dynç alşy üçin iň gowy şertleri döretmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Turkmen

Şu gün Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramynyň giňden bellenilýän gününde agtyklary bilen “Aşgabat” söwda we dynç alyş, işewürlik merkezine geldi. Baýram günlerinde bu topluma gelip-gidýänleriň sany has köp bolýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Turkmen

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Oraza baýramyna bagyşlanan köpöwüşginli çäreleriň mähriban halkymyzyň kalbynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana bolan söýgini has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.