June 2022

Nusgalyk ýoluň dowamy

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza toý saparyny amala aşyryp, döwletli işlere badalga bermegi welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, nusgalyk ýoluny mynasyp dowam etdirýär.

Turkmen

Döwletli-döwranly döwür

Mukaddes Garaşsyzlygynyň gazanylanyna 31 ýyla golaý wagt geçen Türkmenistan döwletimiziň düýni, şu güni, ertiri hakynda oýlananyňda, kalbyň egsilmez buýsanç duýgularyna beslenýär. Sebäbi düýni, şu güni şan-şöhratly wakalara, beýik ösüşlere beslenen ýurdumyzyň ertiriniň has-da şöhratly hem-de ösüşli boljakdygyna häzirki alnyp barylýan ägirt uly işler hem-de ýüregimizdäki belent ynam kepil geçýär.

Turkmen

“Halkyň Arkadagly zamanasy: kanunyň hökmürowanlygy we adam bähbitlerini goramakda ileri tutulýan ugurlar we ýetilen sepgitler” atly maslahat

Turkmen

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Halkyň Arkadagly zamanasy: kanunyň hökmürowanlygy we adam bähbitlerini goramakda ileri tutulýan ugurlar we ýetilen sepgitler” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary, şeýle-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Turkmen

Mähriban halkym!

Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda şatlyk-şowhunly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Täze binalar halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça, Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek bilen bagly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Belent ruhy göteriliş

Alym­la­ryň tas­syk­la­ma­gy­na gö­rä, türk­men hal­ky ir­ki we or­ta asyr­lar­da dün­ýä möç­ber­li ta­ry­hy wa­ka­la­ryň jüm­mü­şin­de bo­lup­dyr. Köp ýurt­lar, mil­let­ler, me­de­ni­ýet­ler bi­len ýy­gy ara­gat­na­şyk sak­lap­dyr.

Turkmen

Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Turkmen

Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!

Hormatly watandaşlar!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

“Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlary – döwlet berkararlygynyň, halkyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna belent maksatlar” atly maslahat

Turkmen

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlary – döwlet berkararlygynyň, halkyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna belent maksatlar” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary, şeýle-de ylym, bilim, saglyk, sport pudaklarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlaryna toý saparlaryny tamamlap, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň maslahatlar zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

Ýer görki — galla

Yhlasly zähmet çekýän daýhanlarymyz bu ýyl hem galla oragyna taýýarlykly geldiler. Olaryň ýetişdiren altynbaş bugdaýly meýdanlaryny synlanyňda kalbyň guwançdan dolýar.

Turkmen

Ahal welaýatynyň täze merkezi toplumlaýyn şähergurluşygyň nusgasydyr

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, şäheri abadanlaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar, binalaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna toý sapary

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna toý saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

“Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly: Parahatçylykly ösüş we nesilleriň bagtyýar durmuşy” atly maslahat

Turkmen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, dünýä döwletleri bilen goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik başlangyçlaryň her birinde adamlaryň bähbitleri, olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky wezipelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Seýed Ebrahim Raisiniň arasyndaky gepleşikler

Turkmen

Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapar bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goňşy döwletiň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi. Olaryň gün tertibine tagallalary birleşdirmegiň täze mümkinçiliklerini açýan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, sebitara we halkara syýasatyň möhüm meseleleri girizildi.

Ýaşlar syýasaty boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň meseleleri üns merkezinde

Turkmen

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasyna resmi sapary başlandy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

“Halkyň Arkadagly zamanasynda täze syýasy ugur we ýaşlar” atly maslahat

Turkmen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy taýdan kämil, terbiýeli, ylymly-bilimli, kämil watansöýüji ýaş nesliň kemala getirilmegi Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynda döwlet ähmiýetli ileri tutulýan strategik wezipeleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler ýaş nesli, her bir türkmenistanlyny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna hem-de başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Turkmen

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Çäjiňize bereket, edermen gallaçylar!

Turkmen

«Barsly» jülgäniň ýolunda (hekaýa)

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe çözgütler kabul edildi.

Halkyň bagtyýarlygy ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen bir hatarda Ahal welaýaty hem ösýär, özgerýär. Döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde welaýatyň obalary, şäherleri döwrebap keşbe girýär, nusgalyk obalar we şäherçeler peýda bolýar. Häzirki zaman iri önümçilik kärhanalary ulanylmaga berilýär. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda guwandyryjy üstünliklere ýetilýär.

Turkmen

“Halkyň bagtyýarlygy – ata Watanymyzyň abadançylygy” atly maslahat

Turkmen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilýän azyk önümleri bilen üpjün etmek Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler her bir türkmenistanlyny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasaryny kabul etdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan welosipedli ýörişe gatnaşdy

Turkmen

Şu gün, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýrama gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Welosiped sürmegiň peýdasy

Orta asyr akyldarlarynyň birinde şeýle söz bar: “Hereket islendik dermanyň täsirini berip biler, emma ähli dermanlar birleşip, herekediň täsirini berip bilmez”. Elbetde, hereket etmegiň peýdalydygyna her kes düşünýär. Lukman Hekim bu barada şeýle diýipdir: “Her gün beden maşklary bilen meşgullanýan adam lukmana mätäç däldir”. Beden maşklarynyň içinde welosiped sürmek özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Mälim bolşy ýaly, welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar.

Turkmen

Zähmeti bilen adygan

Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň etrabymyzda hem azyk önümleriniň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmak, şol bir wagtyň özünde-de olaryň hiliniň daşary ýurtlardan getirilýänlerden pes bolmazlygyny gazanmak bilen bagly wezipelerden ugur alnyp, bugdaý, ýeralma, sogan, käşir, bakja we miwe ýetişdirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekilýär. Bu işde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalarynyň aýratyn işjeňlik görkezýändigi bolsa bizi has-da guwandyrýar.

Turkmen

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary tamamlandy

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow umra hajyny berjaý edýär

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyp, daşary ýurda ilkinji saparynyň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes ýerlere amala aşyrylýandygy bellärliklidir.