Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda syýahatçylyk ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini üstünlikli ösdürilýän, dünýä nusgalyk taslamalaryň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda-da görmek bolýar.
Bary-ýogy on bäş ýylyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy döredildi. Bu taslamanyň çäginde häzire çenli gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlen, dünýä hil ülňülerine laýyk gelýän, şol bir wagtyň özünde-de, binagärlik babatda biri beýlekisini asla gaýtalamaýan myhmanhanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, kottejler toplumlarynyň, attraksionly seýilgähleriň, ýokary derejeli hyzmat ediş ulgamlarynyň sany barmak büküp sanardan köp Munuň üstesine-de, Hazar deňziniň bu jenneti künjegi häzirki wagtda halkara derejesindäki duşuşyklaryň, maslahatlaryň, forumlaryň, festiwallaryňdyr gaýry medeni çäreleriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Munuň üçin bu behişdi kenardaky milli zolakda maslahatdyr kino-konsert zallary, açyk hem-de ýapyk sport desgalary, amfiteatrlar hem ýeterlik derejede bar.
Gojaman Hazaryň türkmen kenary özboluşly gözelligiň mekanydyr. Bu buýsançly hakykata reňkli suw çüwdürimli seýilgähi, «Ýelken» ýahta klubyny, attraksionly seýilgähleri, «Gämiler dünýäsi» muzeýini, «Berkarar» hem-de beýleki myhmanhanalary, kottejler toplumlaryny, Awazanyň emeli derýasyny we gaýry ymaratlary synlanyňda-da, olarda dynç alyp göreniňde-de, magat göz ýetirýärsiň. Ol desgalar deňziň kenaryna gaýtalanmajak gözellikleri eçilýär. Awazanyň emeli derýasynyň deňiz bilen birleşýän ýerinde ýerleşýän bu täsin şäherçäniň içerki çäklerinde emeli köller hem bar. Pyýada we welosipedli gezelenç etmek üçin döredilen seýilgähde saýaly agaçlaryň müňlerçesi röwşenlik nuruny çaýýar. Kuwwatly suw süýjediji desganyň, howa menzilinden çekilen kämil awtoulag ýolunyň milli zolagyň ýokary derejedäki amatlyklaryna hyzmat edýändigini hem aýdyp geçmek gerek.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy gysga wagtyň dowamynda dünýä jahankeşdeliginiň merjenine öwrüldi. Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda bu zolakda «Rowaç» atly täze kottejler toplumynyň ulanylmaga berilmegi, Garabogazköl aýlagynyň üstünde köpriniň gurluşygyna badalga berilmegi bu ýerleri ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini görkezýär. Golaýda bolsa myhmansöýer halkymyz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň derejesinde geçirilen halkara maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeginden gelen myhmanlary güler ýüz bilen kabul etdi. Forumyň dowamynda gozgalan meseleler geljekde ýurdumyzyň dünýä halklary bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge mümkinçilik berer. Halkymyz hormatly Prezidentimize — Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýar.
Aýjemal Ýagşymämmedowa, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň bölüm müdiri
“Watan” gazeti
23.08.2022 ý