Esenguly etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyrymyza bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdik. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren täze goşgusy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalarynyň hataryny artdyrdy. Täze şygyr şahyryň abraý-mertebesini, oňa goýulýan hormat-sarpany has-da belende göterdi. Bu şygryň üsti bilen dana şahyrymyza türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormat-sarpasynyň nusgalyk derejededigine göz ýetirmek boldy.
Çärede edilen çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilip, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolmagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri aýdyldy.
Nurjahan Mejidowa, TDP-niň Esenguly etrap komitetiniň jogapkär işgäri
"Balkan" welaýat gazetiniň elektron görnüşinde
28.08.2023 ý