GALKYNYŞLY MENZILLERE BADALGA

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegi üpjün etmek maksady bilen, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip guramagy, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ornaşdyrmagy dowam etdirmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň, pudaklary, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň, innowasion tehnologiýalary we kuwwatlyklary doly ulanmagyň hasabyna senagat we nebitgaz pudaklaryny depginli ösdürmek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak, şol sanda wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy öwrenmek, daşky gurşawy goramak, «ýaşyl ykdysadyýet» syýasatyny alyp barmak, sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak ýaly, başga-da birnäçe anyk wezipeler bar.

Görşümiz ýaly, häzirki döwürde etmeli işler anyk kesgitlenip, geljegiň aýdyň ýoly şöhlelenýär. Şol ýol bilen üstünlikli öňe gitmek üçin kabul edilen strategik meýilnamany, onda kesgitlenen wezipeleri gündelik işleriň üsti bilen çözmeli bolýar. Döwletimizde bazar gatnaşyklarynyň çalt depginde ösdürilmegine berk gözegçilik amala aşyrylýar. Şonuň ýaly-da, harytlaryň we hyzmatlaryň bahalaryny bazar bahasyna laýyk getirmek üçin giň çäreler toplumy işlenilip düzülendir. Bu ugurda «2023-nji ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklary döretmek» Konsepsiýasy-da üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen ykdysadyýetiniň milli nusgasyna laýyklykda, ykdysadyýeti döwlet tarapyndan kadalaşdyrmak bilen bir hatarda, ýurtda telekeçiligi ösdürmek üçin döwlet tarapyndan uly salgyt ýeňillikleriniň, banklar tarapyndan uzakmöhletleýin amatly karz serişdeleriniň berilmegi haryt bolçulygynyň kemala gelmegine, raýatlaryň iş bilen üpjünçilik meselesiniň çözülmegine, olaryň girdejileriniň artmagyna we ykdysady işjeňligiň ilerlemegine getirýär. Hususy işewürligiň, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi birnäçe maksatlar esasynda alnyp barylýar. Olaryň hatarynda häzirki wagtda bar bolan sarp ediş harytlarynyň importyny ýerli önümler bilen çalyşmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýerli gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek ýaly ugurlary görkezmek bolar.

Ýurdumyzda ykdysady özgertmeleriň esasynda döwrebap tehnikalaryň yzygiderli satyn alynmagy we täze tehnologiýaly önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy, ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy, innowasion önümçilik düzümleriň döredilmegi, ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagynyň çuňlaşdyrylmagy uzakmöhletli geljek üçin durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek durmuş kepillendirmelerini saklap galmak bilen, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, raýatlaryň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmak boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gös-göni bagly bolup durýar.

Şeýlelikde, maksatnamalarda bellenen ähli çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýakyn geljekde ýeterlik derejede ösen bazar amatlyklaryny kemala getirmäge, global ykdysady ulgama has doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu çäreleriň ählisi Türkmenistanyň geljekki ösüşlerine we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga tarap ýolda ynamly öňe gitmegine şert döreder.

Agzybir halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, halal zähmetiň hözirini görmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!

Ýusup Öwezow, TDP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

“Daşoguz habarlary” gazeti

25.08.2022 ý

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Daşoguz şäher komiteti