Döwrümiziň galkynyşy — göwnümiziň ganaty

 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty barha belende galýar, hemmetaraplaýyn ösýän ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny döwrebap derejede ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Üstümizdäki «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda öçmejek yz goýýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda amala aşyrylýan beýik işler, ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan şanly üstünlikler galkynyşly döwrümiziň döredijilik ruhuny açyp görkezmek bilen, ildeşlerimiziň her biriniň kalbynda çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolanyşygyny yzygiderli kämilleşdirmek ösüşleriň zerur şerti bolup çykyş edýär. Ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda gazanylýan görnetin ösüşler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gurluşyk, senagat, elektroenergetika, oba hojalygy, söwda, nebitgaz pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet we beýleki ulgamlarda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ozal görlüp-eşidilmedik ösüşler gazanyldy. Ýurdumyzyň gurluşyk pudagy döwlet Baştutanymyzyň esasy üns berýän pudaklarynyň birine öwrüldi. Bu pudagyň ösdürilmegi bilen, bir tarapdan, täze senagat önümçilikleri döredilýän bolsa, beýleki tarapdan, ýurdumyzyň ähli ýerinde önümçilik we durmuş maksatly binalaryň köpsanlysy gurlup, ulanylmaga berilýär. Olaryň hatarynda döwrebap şäherçeler, edara binalary, mekdepdir çagalar baglary, önümçilik desgalary bar.

Biziň welaýatymyzda hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk çäreleri bilen birlikde ýolagçy awtomenziliniň, 100 sany 2 gatly 5 otagly kottej görnüşli ýaşaýyş jaý toplumynyň we senagat-önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralaryny ýokary derejede guramak meýilleşdirilýär. Şanly ýylymyzyň dowamynda dürli maksatly binalaryň birnäçesiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny hem-de gurluşyk pudagynyň ösüş derejesini görkezýär. Dünýäde ykdysady babatda çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň netijesinde gurluşyk işleriniň depgini barha beýgelýär.

Üstümizdäki ýylda oba hojalyk pudagynda oňat netijeler gazanylýar. Döwlet tarapyndan edilýän hemmetaraplaýyn goldawyň esasynda guşgursak bugdaýyň, «ak altynyň» bol hasyly öndürildi. Häzirki günlerde welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri güýzlük bugdaý ekişini hem agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda tutanýerli zähmet çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýärler. Ýurdumyzda gallaçylyk, pagtaçylyk bilen birlikde maldarçylyk, guşçulyk, gök we bakjaçylyk, miweçilik, üzümçilik ýaly pudaklar hem-de oba hojalyk işiniň beýleki görnüşleri okgunly ösdürilýär.

Nebitgaz pudagynda hem oňat netijeler gazanylýar. Ýurdumyzda täze nebitgaz ýataklary, tebigy serişdeleri gaýtadan işleýän önümçilik desgalaryny gurmak babatda iri maýa goýum taslamalary özleşdirilýär. Halkara hyzmatdaşlygyna hem uly ähmiýet berlip, dünýä döwletleri we halkara kompaniýalar bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýulýar. Şol sanda «ýaşyl» energetikanyň ösdürilmegine, ekologiýa taýdan arassa, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň iş ýüzünde peýdalanylmagyna aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlaryna laýyklykda milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçileriň öňünde möhüm wezipeler goýulýar. Kiçi we orta telekeçilik edaralarynda elektron senagatyny ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda öndürilýän elektron önümleri, şol sanda smart-telewizorlarynyň dürli kysymlary dünýä bazarynda uly meşhurlyk gazanýar. Mundan başga-da Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän LED çyralara, kompýuterlere, planşetlere we ykjam el telefonlaryna isleg barha artýar.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ykdysadyýetimiziň çalt ösýän we geljegi uly pudaklary bolan ulag-aragatnaşyk ulgamyna hem ylmyň iň täze gazananlary ornaşdyrylyp, ýokary amatly demir, awtomobil, howa ýollary çekilýär. Bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň Ýewraziýa ulag ulgamyna işjeň goşulmagyna ýardam edýär.

Ösen ykdysadyýetli ýurdumyzy täze üstünliklere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, başyny tutýan döwletli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Merdan Dosmedow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“Türkmen gündogary” gazeti

08.09.2022 ý

TDP-niň Lebap welaýat komiteti - TDP-niň Türkmenabat şäher komiteti