Täze kitap bilen tanyşdyryldy

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň dolandyryş binasynyň mejlisler jaýynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ony Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komiteti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilelikde gurady.

Döwlet elektrik stansiýanyň işçi-hünärmenleriniň arasynda geçirilen dabarany Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Çemen Könäýewa açyp, ol ýere ýygnananlary Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynyň elimize gowuşmagy mynasybetli gutlady hem-de täze eseriň many-mazmuny hakda gürrüň berdi. Onuň aýdyşy ýaly, hormatly Arkadagymyzyň täze kitabynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan energetika senagatynyň ösüşi dolulygyna öz beýanyny tapýar. Kitabyň elektroenergetika pudagyna degişli dürli fotosuratlar bilen bezelmegi okyjynyň ünsüni has özüne çekýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyşlaryň başga-da birnäçesi diňlendi. Olarda milli elektroenergetikanyň barha artýan kuwwatyny açyp görkezýän täze kitabyň ähmiýeti hakda täsirli gürrüň edildi.

— Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynda gaz turbina desgalaryň dördüsini öz içine alýan, 2015-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda işe girizilen Derweze döwlet elektrik stansiýasy barada gürrüň berilmegi has-da guwandyrýar hem-de täze neşire gyzyklanmany artdyrýar — diýip, dabarada çykyş edenler bellediler. Olar täze kitaby peşgeş berendigi üçin hormatly Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Uzuk Ýazmyradowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň işgäri

“Ahal durmuşy” gazeti

TDP-niň Ahal welaýat komiteti - TDP-niň Ak bugdaý etrap komiteti