Sebitleýin hyzmatdaşlygyň aýdyň ykrarnamasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzat bähbitlerini hem araýar. Munuň şeýledigi hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň mysalynda hem aýdyň görünýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesiniň esasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyga esaslanan daşary syýasatynda hem uly üstünlikler gazanylýar, netijeli hyzmatdaşlyklar pugtalandyrylýar. Döwlet Baştutanymyz ýaňy-ýakynda «Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny» tassyklady. Täze Konsepsiýada daşary syýasatyň yzygiderlilige eýe bolmagy, täze eýýamyň aýratynlyklary we ýagdaýlary göz öňünde tutulandyr.

Arkadagly Serdarymyz şu ýylyň 21-nji iýulynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynda eden taryhy çykyşynda soňky bir ýylyň içinde dünýäde düýpli özgerişleriň bolup geçendigini, täze ýagdaýlaryň, wehimleriň peýda bolandygyny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň gatnaşmagynda ýakyn iki ýyl üçin howpsuzlyk ulgamynda gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamak, sebitde maglumat giňişligini netijeli guramak üçin ýurtlaryň Döwlet habarlar agentlikleriniň, metbugat serişdeleriniň, elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmaklarynda howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa mediaforumyny geçirmek, Owganystan bilen işleşmegi, ol ýerde parahatçylygy ornaşdyrmak ugrunda edilýän işleri ýene-de dowam etdirmek we işjeňleşdirmek ýaly teklipleri öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyzyň Merkezi Aziýany parahatçylygyň we ynanyşmagyň zolagyna öwürmek baradaky teklibi bolsa BMG tarapyndan doly goldanylyp, onuň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasynyň kabul edilmegi örän ähmiýetlidir.

Döwlet Baştutanymyz sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde ýagdaýlary içgin öwrenip, bilelikde hereket etmäge — dialoga aýratyn üns çekýär. Şonuň üçin hem 2023-nji ýyly halkara derejede «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip yglan etmek başlangyjyny öňe sürdi. Dialog, diplomatik gatnaşyklar gapma-garşylyklary aradan aýyrmakda, olary gepleşikler arkaly çözmekde amatly şertleri döredýär. Şonuň üçin hem döwlet Baştutanymyz şu ýylyň güýzünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeleri geçirmek, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini bu ýurtlaryň ählumumy parahatçylygyny, durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça halkara gün tertibini mundan beýläk-de iş ýüzünde durmuşa geçirmekde ulanmak, energetika ugrunda, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy ugrunda, aýratyn-da, önümçilik ugrunda işleriň netijeliligini artdyrmak maksadynda işewürlik forumlaryna badalga bermek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürlik hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek, halklarymyzy ýene-de ýakynlaşdyrmakda sebitleýin medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetiniň uludygyndan ugur alyp, «Merkezi Aziýanyň medeni dialogynyň forumyny» yzygider geçirmegi ýola goýmak, daşary syýasat edaralary tarapyndan ÝUNESKO-nyň Sekretariaty bilen işlemek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hereketleriniň bilelikdäki meýilnamasyny işläp taýýarlamak ýaly möhüm we konstruktiw teklipleri orta atdy. Bu teklipleriň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň goldawyna eýe bolmagy biziň ýurtlarymyzyň bitewi geoykdysady giňişligi emele getirýändiginden ugur alyp, yklymara we ählumumy işlerde öz ornuna umumy düşünmäge esaslanan hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna, netijede bolsa, halklaryň asuda we abadan durmuşyny has-da berkitjekdigine doly ynam döredýär. Täze Kararnama bolsa şol ynamyň berkemeginde esasy çelgi bolup hyzmat edýär.

Rahimbaý Kurambaýew, TDP-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Daşoguz habarlary” gazeti

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap komiteti