Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny gurşap alan giň gerimli özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oňyn netijeleri bilen watandaşlarymyzyň her birini guwandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynyň netijesinde ýurdumyzyň taryhynda diňe bir umumymilli we sebitleýin däl, eýsem, dünýä ähmiýetli iri taslamalar ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň döwrebap ýagdaýa getirilmegini, öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň enjamlaşdyrylmagyny üpjün edýär.
Şeýle özgertmeler, ösüşler ata Watanymyzyň at-abraýyny belent derejelere göterýär, halkymyza bagtyýar durmuşy, buýsançly we şanly wakalary bagyş edýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» tassyklanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu möhüm resminamalarda göz öňünde tutulan wezipeler halkymyzyň abadançylygyna we gülläp ösmegine gönükdirilen beýik başlangyçlaryň geljek ýedi ýylda üstünlikli dowam etdiriljekdigini alamatlandyrýar. Maksatnamalarda halk hojalygynyň netijeliligini hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň içerki bazarlarynda uly islegden peýdalanýan we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümçiligi döretmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny deň ösdürmek, olary çig mal maksatlardan taýýar önüm öndürmäge ugrukdyrmak, senagatda we oba hojalygynda gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek arkaly ýurduň ykdysadyýetiniň dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulmagyny üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Öňde goýlan belent maksatlara ýetmek, döwrebap wezipeleri amal etmek boýunça diwersifikasiýalaşdyrmak we düzüm taýdan üýtgedip gurmak, industrial-innowasion taýdan ösdürmek esasynda döwrebaplaşdyrmak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, senagat we oba hojalyk önümçiligini ýokary depginler bilen ösdürmek, gaýragoýulmasyz durmuş meselelerini çözmek bilen, ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halk hojalygyny dolandyrmagyň tutuşlaýyn, çeýe we netijeli ulgamyny döretmek, milli puly pugtalandyrmak, ykdysadyýeti maliýe taýdan sagdynlaşdyrmak ýaly esasy ugurlar boýunça işleri amala aşyrmak bellenilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň ösüşine işjeň goşulyşýan ata Watanymyzyň ykdysadyýeti bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýän döwründe oba hojalygyny ýokary götermäge hem uly ähmiýet berilýär.
Oba hojalygynda, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, özgertmeleriň giň toplumy amala aşyrylýar. Amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň gözbaşynda daýhany ýeriň hakyky eýesi etmek we milli ykdysadyýetimiziň bu pudagyny has-da ösdürmek wezipesi bar. Bu wezipäniň üstünlikli çözülmegi bolsa ahyrky netijede halkymyzyň oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün edilmegine, bu pudakda zähmet çekýän ynsanlaryň durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsir edýär.
Ýurdumyzda mundan ozal oba hojalyk meýdanlaryna gowaça bilen bugdaý köpräk ekilýän bolsa, häzirki döwürde ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny almak üçin ähli şertler döredilýär. Durmuşa geçirilýän işler ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna, şeýle hem bazarlarymyzyň öz önümlerimiz bilen doldurylmagyna saldamly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz milli maksatnamalaryň wezipelerini ýerine ýetirmegiň ilkinji nobatdaky talapdygyny aýdyp, olaryň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş durmuşyny has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde möhüm orun eýeleýändigini nygtaýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler hormatly Prezidentimiziň zehin-yhlasynyň, parasatly döwlet syýasatynyň guwandyryjy netijeleridir.
Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy
“Daşoguz habarlary” gazeti