Ösüşleriň gözbaşy — Watana söýgi

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyz uly joşgun, ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly baýramyny belläp geçdi.

Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Döwlet Maslahatynda çykyş eden hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýip, buýsanç bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň Watan hakyndaky ýürekden çykan bu buýsançly sözlerine bütin türkmen halkynyň goşulýandygyny ynam bilen aýdyp bileris. Çünki eziz Watanymyz her bir türkmeniň dagdan arkasydyr, başynyň täjidir. Hiç bir gymmatlyk ýerini tutup bilmejek mähriban toprak her bir adamyň rahat ýaşaýşynyň, goraglylygynyň kepilidir.

Hormatly Prezidentimiz ösüşiň döwlet syýasatynyň baş maksadydygyny, dünýädäki syýasy, ykdysady, maliýe ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtaýar. Ilkinji nobatda, ösüş ýoly arkaly ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösüşini berkitmek, dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmak hem-de ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak üçin ähli tagallalar edilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň birnäçesi, pudaklar boýunça ýörite maksatnamalar amala aşyryldy. Häzirki döwürde-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem «Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» durmuşa geçirilýär. Her bir ykdysady pudak boýunça işlenip taýýarlanan ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmak hem dowam etdirilýär.

Eýsem, täze döwürde durmuş-ykdysady ösüşleri işjeňleşdirmegiň aýratynlygy nähili şertler arkaly kesgitlenýär? Bu sowalyň jogabyny ýurdumyzda 2007-nji ýyldan bäri amala aşyrylan ägirt uly, taryhy derejeli işleriň, durmuşa geçirilen örän ähmiýetli taslamalaryň mysalynda, şeýle hem ähli ugurlarda gazanylan üstünliklere salgylanyp aýdyp bileris. Şunda ýurdumyzda bolup geçen özgerişleriň birnäçe ugurlary hakda durup geçmek möhümdir. Soňky 15 ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde amala aşyrylan özgertmeleriň oňyn netijesini, şu döwürde ählumumy ösüşde ýüze çykan käbir oňaýsyz ýagdaýlara garşy milli ykdysadyýetimizde görlen çäreleri göz öňünde tutup, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň özboluşly ösüş ýoly bilen ynamly öňe gidendigi halkara derejede-de nusga alarlykdyr. Milli Liderimiziň saýlap alan, durmuşa geçiren ösüş strategiýasynyň örän dogrudygyny, durmuşa ukyplydygyny eziz Watanymyzyň häzirki döwürde gülläp ösüşleriň ýoly bilen ynamly hereket edýändigi aýdyň görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin berk ykdysady binýadyň, serişdeler mümkinçiliginiň bardygyny bellemek gerek. Bu bolsa geljekki üstünliklerimiziň kepilidir, mundan beýläk-de çalt depginde ösüş gazanmagyň esasy şertidir.

Gahryman Arkadagymyz 2018-nji ýylda çap edilen «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda ýurdumyzda durmuş-ykdysady ulgamda gysga döwürde ýetilen belent sepgitler hakynda giňişleýin maglumatlary beýan etdi. Milli Liderimiz bu kitabynda Türkmenistanyň ösüş mümkinçilikleri hakynda: «Häzirki zaman Türkmenistan — Garaşsyz, Bitarap ýurt, Merkezi Aziýa sebitinde depginli ösýän döwlet. Ol ägirt uly tebigy baýlyklara, önümçilik kuwwatlyklaryna, gurluş we adam mümkinçiliklerine, giň ýaýbaňlandyrylan ulag-aragatnaşyk ulgamyna eýe.

Häzirki günde biziň ýurdumyz geljekki uzak ýyllarda Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmäge ukyply, giň möçberli reformalary we özgertmeleri işjeň ýagdaýda durmuşa geçirýär» diýip belleýär.

2007-nji ýyldan bäri geçen döwürde ähli ugurlarda depginli ösüşiň kanunçylyk-hukuk binýady pugtalandyryldy, halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlendi, durmuş-ykdysady taýdan zerur bolan, ileri tutulýan maksatlar aýdyňlaşdyryldy. Bu bolsa maksatnamalary üstünlikli we yzygiderli durmuşa geçirmegiň kepili boldy. Anyklyk, kesgitlilik, mümkinçilikleriň we serişdeleriň ýeterlik bolmagyny üpjün etmek ugrundaky tagallalar milli ykdysadyýetimiziň ygtybarly binýadynyň döwrüň talaplaryna görä kemala getirilmegini şertlendirdi.

Geljekki ösüş-özgerişleriň ýene bir şerti ýurdumyzyň heniz ulanylmadyk ägirt uly mümkinçiliklere eýedigi bolup durýar. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belläp geçişi ýaly, türkmen topragynyň asty-da hazyna, üsti-de. Ol hazynalaryň türkmen halkyna, geljekki nesillere hyzmat etmegi üçin, ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, ähli şertler döredilendir, iň esasysy bolsa anyk maksatlar kesgitlenendir.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly baýramynyň öň ýanynda geçirilen Döwlet Maslahatynda hem-de dokuz aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz geljekki ösüşlerimiziň maksatlary we mümkinçilikleri hakda durup geçdi. Hormatly döwlet Baştutanymyzyň ösüş üçin ulanylmaga degişli mümkinçilikler hakda öňe süren başlangyçlary häzir ykdysady pudaklaryň ählisinde öwrenilýär we olary herekete getirmegiň anyk ýollary kesgitlenýär. Bu ugurda has möhüm wezipeler hakda durup geçmek zerurdyr. Ýurdumyzy mundan beýläk-de çalt depginde ösdürmekde nebitgaz, himiýa, ulag-aragatnaşyk pudaklaryndan başga-da, oba hojalygyny, elektron senagaty, hyzmatlar pudagyny milli ykdysadyýetiň esasy daýançlaryna öwürmekde örän uly mümkinçilikler bar. Şunda bu önümçiliklere, hyzmatlar ulgamyna kiçi we orta telekeçiligiň giňden çekilmegi üçin zerur şertleri döretmek öňde goýlan ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň esasy kepilleriniň biri bolup orta çykýar. Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki wagtda kiçi hem-de orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösmegi, hususy başlangyçlaryň goldanylmagy üçin has amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek, senagat kärhanalaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, döwrebap obalary gurmak boýunça öňümizde goýan wezipelerimizi amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir» diýip bellemek bilen, türkmen telekeçileriniň, hususy işewürlerdir senagatçylaryň milli ösüş maksatnamasyna degişli iri taslamalary ýerine ýetirmäge gatnaşmaklarynyň hem möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň strategik ösüş maksatnamalaryndaky anyk wezipeleriň ýerine ýetirilmegine telekeçileriň, hususy pudagyň giňden çekilmeginiň ykdysady bähbit bilen birlikde, tutuş jemgyýetçilik işjeňligine hem uly täsir edýändigi täze döwrüň möhüm alamatlarynyň biridir. Munuň şeýledigine hormatly döwlet Baştutanymyzyň: «Biz geljekde adamlaryň öz-özi üçin iş ýerlerini döredýän, uly bolmadyk möçberlerde önüm öndürýän, hyzmatlary edýän kiçi we orta telekeçilere salgyt goldawyny bermek, ýeňillikli bellige almak we ygtyýarnama bermek bilen, täze iş orunlarynyň döredilmegine, haryt-söwda dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna, salgytlardan gelip gowuşýan serişdeleriň artdyrylmagyna oňaýly şertleri döredýän ulgamy ösdürmeli. Şoňa görä-de, kiçi we orta kärhanalaryň geriminiň, sanynyň has-da artdyrylmagyny üpjün etmek örän möhüm wezipe bolup durýar» diýen sözleri güwä geçýär. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi halkymyzyň diňe bir maddy üpjünçiligi üçin ähmiýetli bolman, eýsem, munuň özi adamlara örän uly ruhy goldawdyr. Halkyň ygtybarly geljek baradaky ynamyny pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biridir. Zähmetsöýer, başarjaň, ugurtapyjy türkmen halky halal zähmet çekip, mertebeli ýaşamagy, rysgally, döwletli bolmagy adam ömrüniň manysy hasaplaýar, hünär ussatlaryny jemgyýetiň öň hataryna çykarýar. «Ýigide müň hünär hem azdyr» diýen paýhasa uýup ýaşan ata-babalarymyz zähmet, önümçilik gatnaşyklarynyň gymmatly nusgasyny döredipdirler. Şol gatnaşyklar baradaky ýörelgeler, düşünjeler, dürdäne pikirler, yrym-ynançlar milli mirasymyzda aýratyn orun tutupdyr. Diýmek, hususy işi ýöretmek halkymyz üçin gadymdan gelýän durmuş ýoludyr. Bu ýoluň binýadynda halallyk, dogruçyllyk, zähmetkeş adama sarpa goýmak, agzybirlik, arkalaşyk ýaly gymmatly milli häsiýetlerimiz durýar. Bu günki günde halkyň gadymdan gelýän şeýle ýol-ýörelgelerine zerurlyk artýar.

Elbetde, makroykdysady görkezijilerde esasy orun eýeleýän pudaklary ösdürmegiň maksatnamalaryna hem uly üns berilýär we olar milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn esasy, ygtybarly ösüşiň kepili bolup durýar. Ýurdumyzyň medeni-durmuş ösüşini üpjün etmegiň esasy serişdeler çeşmesi bolan nebitgaz, himiýa, energetika, gurluşyk senagaty, ulag-aragatnaşyk pudagy we beýleki iri senagat, oba hojalyk pudaklary döwletimiziň we jemgyýetimiziň esasy daýanjydyr. Döwletimiziň bu pudaklara maýa goýumlaryny uly möçberde gönükdirmegi we olary döwrebaplaşdyrmakda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy ösüşleri çalt depginde alyp gitmäge şert döredýär. Esasy pudaklary, iri önümçilik toplumlaryny ösdürmekde hormatly döwlet Baştutanymyz sanly ulgama geçilmegini çaltlandyrmagy we ähli pudaklaryň ylmy esasda ösdürilmegini ileri tutýar. Diňe bir obasenagat toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: «Agrosenagat toplumynda ýer kadastrynyň sanly binýadynyň we howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri çaklamak üçin seljeriş platformasy dörediler.

Şeýle-de ekerançylykda we maldarçylykda «akylly», şol sanda takyk ekiji oba hojalyk tehnikalary ornaşdyrylar. Ýurdumyzyň strategik wezipelerinden ugur alyp, ylmy-barlag edaralarymyz tarapyndan maldarçylygy ösdürmek, mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak babatda oba hojalyk pudagyny ylmy taýdan ösdürmegiň binýady hem dörediler». Hormatly döwlet Baştutanymyz beýleki pudaklary döwrebap ösdürmekde-de şeýle maksatlary öňe sürýär.

Milli ykdysadyýetiň pudaklaryndaky şeýle möhüm ädimleriň düýp maksady halkymyz üçin ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmekdir. Munuň özi kuwwatly döwletimizde halkyň agzybirliginde, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyryljak beýik maksatlara gönükdirilendir.

Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty

“Türkmenistan” gazeti

19.10.2022 ý

 

TDP-niň Syýasy Geňeşi -