Parahatçylygyň we ösüşiň binýady

Halkyň kalbyna hem aňyna unudylmajak döwür bolup, zer bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyz beýik özgertmeleriň we ösüşiň ýoly bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlary gurşap alýan giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha gowulanýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri syýasaty ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen bolsa, hemişelik Bitaraplyk derejämiziň umumy ykrar edilen ýörelgelerinden ugur alýan daşary syýasaty dünýäde ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge we ösdürmäge, dünýä döwletleri bilen medeni-ynsanperwer, diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir. Bitarap ösüşimiziň geçen 27 ýylynyň içinde ýurdumyz dünýäniň ençeme döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde uly üstünlikler gazandy. Muny Türkmenistanyň birnäçe gezek BMG-niň möhüm edaralarynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanmagy, şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen halkara derejedäki Kararnamalar doly tassyklaýar.

Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýada ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen, täze taryhy eýýamda hem özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ygtybarly hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär we berkidýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň dowamynda kabul edilen Kararnamalar muňa doly şaýatlyk edýär. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi ýylyň halkara derejedäki taryhy wakalarynyň biri bolup, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda paýhas bilen döreden gymmatlyklarynyň ähmiýetiniň dünýäde ykrar edilýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Dessançylyk sungatynyň ajaýyp nusgasy hökmünde «Görogly» şadessanymyzyň, küştdepdi aýdym we tans dessurymyzyň, milli baýramymyz bolan Nowruz baýramynyň hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemek gerek.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, şeýle hem ady agzalan mejlisde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanmagy halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi.

Ýaňy-ýakynda bolsa ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde 19 döwletiň awtordaş bolmagynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem sebitiň ýurtlarynyň geljekki ösüşiniň möhüm ugurlaryny bilelikde kesgitlemegi üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp waka mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Baş Assambleýanyň bu kabul eden Kararnamasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki we netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň nyşany boldy. Bu taryhy resminamanyň esasynda Birleşen Milletler Guramasy Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we howpsuzlyk zolagydygyny ykrar edýär. Diplomatik gatnaşyklaryň hukuk derejesini kesgitlemekde we olary giň gerimde ýaýbaňlandyrmakda bu taryhy Kararnamanyň ähmiýeti örän uludyr.

Hormatly Prezidentimiziň: «Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir» diýen parasatly jümlesi berkarar döwletimiziň bagtyýar halkynyň joşgunly kalbynyň senasyna öwrüldi. Watanymyzyň mertebesiniň mundan beýläk-de beýgelmegi üçin öňe sürýän beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenjekdigi Arkadagly Serdarymyzyň daşary syýasy ýeňişlerinde hem aýdyň görünýär.

Garaşsyz döwletimizi ösüş arkaly parahatçylyk ýoly bilen röwşen geljege sary öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Dünýäde parahatçylygy, abadançylygy gorap saklamakda, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde alyp barýan beýik başlangyçlary elmydama rowaç alsyn!

Täçmyrat Mätgeldiýew, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri

“Daşoguz habarlary” gazeti

20.10.2022 ý

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti