Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIV jildiniň çapdan çykmagy türkmen halkyna bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Serdar şäher, etrap komitetleriniň guramaklarynda bu ajaýyp kitaba bagyşlanyp, «Gymmatly eseriň sarpasy» ady bilen çäre geçirildi. Onda ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan işler barada gürrüň edilip, hormatly Arkadagymyzyň sahawatly türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri baradaky bu ylmy-ensiklopedik işiniň ähmiýetiniň uludygy aýratyn nygtaldy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagy arzuw edildi. Çärede çykyş edenler halkymyzyň eşretli hem bagtyýar zamanada ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän milli Liderimize we Arkadagly Serdarymyza alkyş aýtdylar.
Annagül Atbakanowa, TDP-niň Serdar etrap komitetiniň partiýa guramaçysy
“Balkan” gazeti
27.10.2022 ý