Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň «Kitap okamak — dünýä düşünmek» atly kitap okamagyň biraýlygy mynasybetli bilelikde yglan eden bäsleşiginiň çäklerinde oktýabr aýynda welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde dürli çäreler yzygiderli geçirildi.
Bu bäsleşik Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň sagdyn ösmekleri, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, kitaba bolan söýgüsini, zehinlerini, başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmeklige gönükdirilendir.
TDP-niň welaýat, etrap we şäher komitetleriniň biraýlygyň dowamynda orta mekdeplerde, ýerlerdäki kitaphanalarda dürli kärlerde zähmet çekýän okyjylar, esasan hem, mekdep okuwçylary bilen geçiren çäreleri maksada okgunlylygy bilen tapawutlandy. Olarda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, bütin ynsanyýetiň asyrlarboýy kemala getiren paýhas dürlerini özünde jemläp, ony geljekki nesillere ýetirýän köpri bar bolsa, onda ol kitapdyr. Kitaplar geçmiş bilen geljegi birikdirýän, islendik okyja bilim, terbiýe, durmuş barada düşünje berýän, ömrüň manysyna akyl ýetirmäge ýardam edýän bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr, egsilmez ruhy hazynadyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabyny okanyňdan soňra, bu hakykata ýene bir ýola göz ýetirýärsiň. «Ömrümiň manysy» atly kitabyň dowamy bolan bu gymmatly eser ýaşyna, kärine garamazdan, her bir ynsan üçin durmuşda uly gollanmadyr, ýol görkeziji şamçyragdyr. Munuň şeýledigine eseriň her biri atalar sözüne çalym edýän, çuňňur many-mazmuna ýugrulan bölümleriniň sözbaşylary hem güwä geçýär. Ol bölümler türkmeniň il-güne bolan söýgüsini, gowulyga bolan ymtylyşyny, ene mukaddesligi bilen Watan mukaddesligini biri-biri bilen baglap, ajaýyp bir pelsepäni öňe çykarmak bilen, her bir okyjynyň köňül buýsanjyny arşa göterýär.
Täsirli geçen biraýlyga mekdep okuwçylarynyň ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşandyklaryny aýratyn nygtamak gerek. Ýakynda bäsleşigiň jemini jemlänimizde, okuwçylaryň arasynda diwar gazetlerini taýýarlamak, surat çekmek, wideorolikleri taýýarlamak boýunça ýeňijiler kesgitlenip, olara sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýeňiji bolan ýaşlar okamaga, öwrenmäge, öz zehinlerini, başarnyklaryny açyp görkezmäge döredýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri, ýaş nesiller hakynda edýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.
Aýjemal Ýagşymämmedowa, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji
"Balkan" welaýat gazeti
14.11.2024 ý