Güýzlük bugdaý ekişini Köneürgenç etrabynyň kärendeçi daýhanlary ýokary depginde geçirmek ugrunda alada edýärler. Häzirki wagtda howanyň amatly şertlerinde etrap boýunça meýilleşdirilen 17500 gektar ýerde bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak üçin ähli tagallalar edilýär. Bu işlerde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kuwwatly tehnikalarynyň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Olaryň sürüm we ekiş geçirýän tehnikalarynyň kömegi arkaly şu günler etrap boýunça her günde 300 gektardan gowrak meýdanda bugdaý ekişi geçirilýär.
Etrapda ýylyň-ýylyna bugdaýyň bereketli hasylyny öndürmekde ýokary netijeleri gazanmaklygy başarýan daýhan birleşikleri az däl. Bu işde «Bereket», «Galkynyş», «Hakykat», «Täzeýap», «Zaman» daýhan birleşikleriniň gallaçy kärendeçileri has-da tapawutlanýarlar. Jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirip, kadaly gögerişi gazanmagyň geljek ýylda guşgursak bugdaýyň bereketli hasylyny almagyň esasy girewi bolup durýandygyna daýhanlar oňat düşünýärler. Şonuň üçin hem olar möwsümiň guramaçylykly geçirilmegi üçin tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.
Gallaçy kärendeçiler öz öňlerinde duran şeýle jogapkärli wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelmek üçin alnyp barylýan işleriň depginini asla gowşatmaýarlar.
Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy
“Daşoguz habarlary” gazeti
27.10.2022 ý