TUTUMLY IŞLER ROWAÇLANÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleri özleriniň syýasy-guramaçylyk işlerini türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, Maksatnamalarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine wagyz-nesihat etmäge, durmuşa geçirmäge gönükdirýärler. Düzüminde 1240-dan gowrak ilkinji partiýa guramalaryny, 45 müňe golaý agzalary özünde jemleýän welaýat komitetimiz partiýa agzalaryny, ilkinji nobatda ýaşlarymyzy ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlar esasynda terbiýelemäge uly üns berýär.

TDP-niň agzalary halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekmek bilen, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere saldamly goşantlaryny goşýarlar. TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny dabaralandyrmak işlerine hem işjeň gatnaşýarlar. TDP-niň welaýat komiteti “Maru — şahu jahan” welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde üstümizdäki ýylyň — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy, TDP-niň döredilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan edip, gazet sahypalarynda yzygiderli beýan edilip duruldy.

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy, syýasy ähmiýeti, maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşlarynyň many-mazmuny baradaky maslahatlar, ýygnaklar, söhbetdeşlikler yzygiderli geçirildi. Häzirki wagtda TDP-niň welaýatymyzdaky komitetleri we guramalary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny üstünlikli jemlemek we Täze ýyly mynasyp garşylamak boýunça dabaraly çäreleri giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Şu dabaraly pursatlarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ähli agzalaryny guramamyzyň döredilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaýarys.

Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürýän, halkara abraýyny arşa göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Belent Mertebeli Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Kakageldi Gurbanow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

12.12.2024 ý

TDP-niň Mary welaýat komiteti -