​​​​​​​Türkmenistan — parahatlyk mekany

Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň ygtybarly kepilidir. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolup galýar. Gahryman Arkadagymyz özüniň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynda şeýle diýýär: “Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynda ata-babalarymyzyň adamzadyň şöhratly taryhyna ýazan durmuş hakykaty ýaşaýar”. Çünki, Bitaraplyk düşünjesiniň aňyrsynda adamzadyň parahatlygy, dostluk gatnaşyklary, dawa-jenjelden azat durmuş, ynsan mertebesi durýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden “Açyk gapylar”, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny ýöredip başlady. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan BMG-niň agzalygyna kabul edildi. BMG-niň döredilmeginiň 50 ýyllyk ýubileý sessiýasynda gurama agza 185 döwletliň goldamagynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi biragyzdan ykrar edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk ýubileý toýunyň toýlanylýan ýylynda bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda Kararnamanyň bu gezek gurama agza döwletleriň 193-si tarapyndan ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. 2017-nji ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynda 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk” güni diýlip yglan edilmegi bolsa, ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk, parahatsöýüjilik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik syýasatynyň dünýä döwletleri tarapyndan goldanylýandygyny ýene bir gezek açyk görkezdi.

Üstümizdäki — 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp ýylymyzda bize BMG-niň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnama ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermeklige gönükdirilendir. Bular dogrusynda Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde uly buýsanç bilen aýtdy we halkymyza “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyny sowgat berdi. 2025-nji — “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň ähmiýetli aýratynlyklaryndan, bu babatda kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, geljek — 2025-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyny halkara derejesinde bellemek meýilleşdirilýär.

Tawus Gylyjowa, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

19.12.2024 ý

 

TDP-niň Mary welaýat komiteti - TDP-niň Wekilbazar etrap komiteti