Dost-doganlyk dabaralanýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlanýan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul edilmeginiň 29 ýyllygy parahatçylyk, dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýar.

Aziýanyň hem-de Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen döwletimiz ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna Bitaraplygymyzyň gojaman taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerip, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly köprülerini gurmak arkaly, halkara hyzmatdaşlygyň bütinleý täze, netijeli ýollaryny, ugurlaryny emele getirmek babatda gymmatly tejribe toplady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alýar. Nygtalyşy ýaly, bu ýörelgeler ýurdumyzyň uzak möhletli milli bähbitlerini goramakdan, döwletimiziň dünýä bileleşigine has ysnyşykly goşulmagyny üpjün etmekden, ählumumy derejede ähmiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam bermekden hem-de durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga goşant goşmakdan ybaratdyr. Bitaraplygyň mekany bolan Türkmenistan milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylyga, howpsuzlyga hem-de durnukly ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda uly tagalla edýär.

2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmek maksady bilen, halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmek, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy hakynda aýdanlary döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy wezipelerine we ileri tutulýan ugurlaryna ygrarlydygyny görkezýär. Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini açmak baradaky meselä-de aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 10-njy iýunynda gol çeken Karary bilen, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaşlaryň röwşen geljegi we halkara hyzmatdaşlygyny, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygynyň nyşanydyr.

Garaşsyz döwletimiziň halkara giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyryp, dünýä nusgalyk Bitaraplyk ýörelgelerimizi mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, beýik işleri hemişe rowaç alsyn!

Kakageldi Gurbanow, TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

10.12.2024 ý

TDP-niň Mary welaýat komiteti -