Baky bagtyň goýnunda

Ýurdumyz dünýä bileleşiginde diňe bir Garaşsyz döwlet hökmünde däl-de, eýsem, parahatçylygy we asudalygy hakykat ýüzünde goldaýan hem-de olaryň ähli ýerde amala aşmagy üçin ähli tagallalary edýän döwlet hökmünde ykrar edildi. Ýurdumyz bitaraplyk ýörelgesine eýerip, «Açyk gapylar» syýasatyny ýöretmegi netijesinde tutuş dünýäde abadançylygyň we dost-doganlygyň mekany hökmünde tanalýar.

Pederlerimiz ähli döwürlerde-de ýüze çykan özara düşünişmezlikleriň güýç we ýarag ulanmak ýoly bilen çözülmeginiň tarapdary bolmandyr. Olar islendik dawanyň gepleşikler geçirilip, maslahatlaşyp çözülmegini ýörelge edinipdir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda hem Şükür bagşynyň keşbi arkaly ata-babalarymyzyň ýüze çykan ýagdaýy kadalaşdyrmakda diňe parahatçylykly ýollary gözländigi beýan edilýär. Parahatçylyk, agzybirlik baradaky taglymatlar Gahryman Arkadagymyzyň ähli eserlerinden eriş-argaç bolup geçýär.

Häzir Türkmenistan döwletimiz Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alyp, iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şonuň üçinem agzybir halkymyz ata Watanymyzyň goýnunda gazanylýan üstünliklerden ruhlanyp, bagta gujak açýan ak ýollardan täze üstünliklere tarap ynamly öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolmagy döwrebap işleri dünýä jemgyýetçiligi bilen sazlaşykly guraýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda galkynýan ata Watanymyzy söýüp ýaşamak, netijeli zähmet çekmek uly bagtdyr. Biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, öz zähmetimiz bilen ýurt Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy has-da berkitmäge goşant goşmagy mukaddes borjumyz hasaplaýarys.

Akmämmet Şirmämmedow, TDP-niň Magtymguly etrap komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

10.12.2024 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Magtymguly etrap komiteti