Düýn — 9-njy dekabrda Gyzylarbat etrabyndaky Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Balkan welaýatynyň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň Gyzylarbat etrabynyň pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze, üç gatly edara binasynyň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabara buýsançly wakalaryň biri boldy. Ol Halkara Bitaraplyk güni — hemişelik Bitaraplygymyzyň ýetip gelýän şanly 29 ýyllygynyň şanyna geçirilen çäreler bilen utgaşyp, ýokary ruhubelentlige beslendi.
Bu binanyň açylyş dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzyň oba-şäherlerini gözel görnüşe getirmek, islendik ulgamda zähmet çekýän hünärmenleriň iş şertlerini dünýä derejesine çykarmak barada edýän irginsiz aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Dabarada ýaýbaňlandyrylan medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazlarynda, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlarda gazanylýan buýsançly ösüşler wasp edildi.
Uludan tutulan dabara ýygnananlar täze edara binasynyň içine aýlanyp, bu ýerde döredilen ähli döwrebap amatlyklar bilen içgin tanyşdylar. Binanyň iş otaglary häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri, kompýuterler, ýokary hilli mebeller we beýleki zerur enjamlar bilen birkemsiz abzallaşdyrylypdyr. Täze döwebap binany Gyzylarbat etrabynyň pensiýa gaznasynyň bölüminiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gözel zaman» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ýokary hil ülňülerine laýyk gurmagy başarypdyrlar. Dabaranyň dowamynda bu ýerde zähmet çeken ussat gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Täze edara binasyna eýe bolan bölümiň işgärleri ýurdumyzy ösdürmekde edýän tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işlerinde uly rowaçlyklary arzuw etdiler.
Toýbibi Annaýewa, TDP-niň Balkan welaýat bölüminiň partiýa guramaçysy
“Watan” gazeti
10.12.2024 ý