Zähmet bäsleşiginiň ýeňijileri

Ak bugdaý etrabynyň pagtaçylary häzirki jogapkärli möwsümde päk zähmetiň asyl nusgasyny görkezýärler. Olaryň arasynda guralýan ongünlük zähmet bäsleşikleri we beýleki höweslendiriş işleri arzyly pellehana ýetmäge hyjuwlaryny has-da artdyrýar. Ýakynda etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik we Agrar partiýalarynyň etrap komitetleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde yglan eden ongünlük zähmet bäsleşiginiň jemi jemlenende möwsümiň öňdebaryjylary ýüze çykaryldy.

Nobatdaky zähmet bäsleşiginde ýeňiji bolanlaryň birnäçesi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň ýörite baýraklaryny gazandy. Şeýle zähmet adamlarynyň arasynda etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary Daňatar Baýmuhammedow, Baýramgylyç Gurbanow, etrabyň pagta arassalaýjy kärhanasynyň mehanizatory Ahmet Baýmyradow, şeýle-de daýhan birleşikleriniň ussat ýygymçylarynyň birnäçesi bar. Ýeňijiler bilen iş üstünde duşuşylyp, mynasyp bolan baýraklary gowşuryldy.

Agow Gowşudow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň bölüm müdiri

“Ahal durmuşy” gazeti

02.11.2022 ý

TDP-niň Ahal welaýat komiteti - TDP-niň Ak bugdaý etrap komiteti